12:28 Galp şöhrat / hekaýa | |
GALP ŞÖHRAT
Satiriki hekaýalar
Köçe bilen ýuwaşja ýöräp barýan yzy teležkaly traktoryň sürüjisiniň gözi töweregindedi. teležkanyň üstündäki ýigdekçe bolsa, "Haý, pamador alan, ýeşşigi bir manat" diýip, bogazyna sygdygyndan gygyrýardy. Köçäniň gyrasyna adamlaryň çykmagy bilen, sürüji traktoryny saklaýardy. Onsoň teležkadaky ýigdekçe adamlara pomidor satyp ugraýardy. Oba adamlary bu zatlara öwrenişip giden bolsalar-da, täze başlyk Oraz Alyýew üçin beýle ýagdaýda söwda edilmegi geň bolup göründi. Ol pomidor satýanlara ilkinji sapar gabat gelende olaryň işi bilen gyzyklançdy. Pomidor satýanlarda ne dokument bardy, ne-de terezi. Olar gökçülik brigadasynyň brigadiri Çaryberdi aganyň buýrugyndan başga hiç zady bilmeýärdiler. Bu ýagdaýa geňirgenen başlyk "Hiç, şeýle-de bir urdumşalyk etmek bor oguşýa" diýip, başyny ýaýkady-da, maşynyna mümünp, öz ugruna gitdi. Ömrüniň ýarpysyny raýonyň oba hojalyk edaralarynda işläp geçiren Oraz Alyýew geçen ýylyň aýaklarynda bu kolhozyň başlyklygyna saýlanypdy. Öňräk başlyk bir ýere gitmäge gyssanyp durka, Çaryberdi aga onuň ýanyna baryp, pomidorlaryň gyzaryp ugrandygyny mälim etdi-de, onuň ýüzüne soragly garady: - Hasyly ýygdyryp, geçen ýylkylar ýaly, ýerläbermeli bor-da?! - Haýal etmäň - diýip, başlyk oňa goltgy berip goýberdi. - Hasylyň bir kilosam zaýa bolmasyn. - Beh, brigadiriň "ýerlejek" diýmesi, oba aýlap satjak diýdigimikä? - diýip, başlyk ö ugruna hümürdedi. Soňra belli karara gelip: - Ýok, beýle zat bolmaz ahyry - diýdi. Şol gün aşgam başlyk Çaryberdi agany kolhoz prawleniýesine çagyrdy. Salamlaşanlaryndan soň ol brigadire pomidor satýanlar barada aýtdy-da: - Biz hasyly döwlete tabşyryp, plany berjaý etmeli. Siz bolsa oba arasynda jerçilik edip ýörsüňiz-le?! - diýdi. Bu sözleri ýokuş gören Çaryberdi aganyň seleň telpekli kellesi saňňyldap, ak sakgalynyň uçlary titredi. Onýança başlyk meseläniň beýleki tarapy barada söz açdy: - Dogry, kolhozçylara gök önüm satmaly. Ýöne, dokumentleşdirip satmaly. Dyzynyp oturan Çaryberdi aga kyn ýagdaýda galdy. Onuňam özüne ýetesi sebäbi bardy. Çaryberdi aga diňe bir raýonda däl, oblastda hem at alan gökçülik brigadirleriniň biridi. Ol gök ekinleriň hasylyny, aýratyn hem pomidory özgelerden ir ýetişdirýärdi. Ýöne ol pomidoryň gytyrak mahallary her ýaşşigini iki manatdan, soňrak bolsa bir manatdan satdyrýardy. Şeýlelikde, Çaryberdi aga lomaýja pul toplaýardy. Onsoň güýz düşüp, pomidor "ite dökün" bolýardam welin, Çaryberdi aga golaýdaky gökçülik sowhozyna gidip, ýaňky pullara arzan nyrhdan pomidor alyp, döwlete tabşyrýardy. Şeýlelikde, onuň öňki satan pomidorlary iki-üç esse köpelip, döwlet pany daşýany bilen dolýardy. Onsoň tarypnamalar, şan-şöhrat Çaryberdi aganyňky bolýardy. Toplan pullaryna gylyny gymyldatman gök önüm satyn alyp, döwlete tabşyryp ýörensoň, ol müýnüm bardyram öýtmeýärdi. Bu zatlary başlyga mälim eden Çaryberdi aga biraz kineliräk äheňde tutuksy gepledi: - Bizem şu zatlary kolhozyň bähbidi üçin edýäs. - Baý-buuu... - diýip, gözlerini tegelän başlyk dolmuş göwresini silkindirip, uludan bir dem aldy. Ol sag eli bilen mazaly çalaran saçlaryny daraklap goýberdi-de: - Siziň munyňyz baryp ýatan gözboýagçylyk ahyry - diýdi. - Gözboýagçylyk?! - Ör-gökden gelen çaryberdi aga gyssanmaçlyk bilen özüni aklamaga synanyşdy. - Ogurlyk etmesek, kolhozyň puluny iýmesek... Ýüregi ýellenen başlyk brigadiri ahyryna çenli diňläp bilmedi: - Siz kolhozyň puluny däl-de, halkyň rysgyny iýýäňiz! Siz şeýtmek bilen öndürilmedik önümleri öndürildi edýändigiňizden habaryňyz barmy?! Henizem özüniň esasy günäsine doly düşünmedik Çaryberdi aga alasarmyk halda madyrdady: - Men-ä beýle bolýandyr öýdemok. - Gümansyratmak nämä gerek! - diýip, başlyk stoluň üstündäki çotuň düwmelerini kakyp, ýönekeý hasaplama edenden soň janykdy. - Siziň gymmat satyp, arzan almagyňyz netijesinde önümiňiz iki-üç esse köpelýär. Adamlar bolsa, gök önümlei iki-üç esse kem alýar. Çaryberdi aga ullakan bir zada akyl ýetiren ýaly, goýun gözlerini süzüp, diňirgendi. Soňra bolsa: - Äý, hawa, o nukdaý nazardan garasaň-a şeýle - diýdi. - Hemme zada diňe şu nukdaý nazardan garamaly - diýip, başlyk ýazgaryjy ýiti nazar bilen Çaryberdi aganyň görejine çiňerildi. - Halky hakyky azyk önümleri bilen üpjün etmeli. Boş sanlaryň, galp şöhratyň hiç kime geregi ýok! Bazar ÖWEZOW. "Edebiýat we sungat" gazeti, 14.01.1983 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||