11:38 Sakgal / hekaýa | |
SAKGAL
Satiriki hekaýalar
Men pensiýa çykamsoň sakgalymy goýberip, doňdur seleň telpek geýdim. Bu bolşumy deň-duşlarymyň köpüsi halamady. Aýratyn hem sakgal goýbermämi geňläp, her kim bir zat diýdi. Men şonda müýnürgäp, olara näme jogap berjegimi bilmändim. Indi welin... Sakgalyň bolsa işan aganyň ýany bilen onuň giden ýerine gitse bolýar. Toý bolýa, ýas bolýa, işanyňam çakylyksyz güni ýok. Onsoň iýjegiň palowdyr çekdirme bolýar. Işanyň golaýragynda otursaň, oňa düwünçek berenlerinde senem boş goýanoklar. Et-ýagdan berçigen mahaly işanyň özne berlen kelleaýaklary töweregindäkilere paýlaýmasy-da bar. Sakgalyň bolsa bazarda dellalçylyk edeňde-de sözüň rüstem gelip dur. Öňünçäsi birinden satyn alan malyňam bolsa, "Wah, aýyrylyşar ýaly mal däldi. Gelin edinmeli bolansdoň, ""Gerek deregi ýykar" etmeli boldy-da" diýip, ýere-göre degirmän taryplabermeli. Şonda alyjylardan biri "Juda beýle däl bolaýmasyn" diýip, seniň öwgüleriňe müňkürlik edäýse-hä işiň bitdigi. Onsoň gatyrganan kişi bolaga-da, "Men şu sakgalym bilen ýalan sözlärinmi" diýip, üstüne sürünibermeli. Onsoň ol malyňy utanjyna-da satyn alar. Şonuň üçinem soňky wagtlarda meniň işim sakgalymy timarlap ýörmek boldy. Bir gün gozakly motosikletime atlandym-da, mallara agşam ot getirmäge gitdim. Hemişelerem çemine gelse, kolhozyň odur-budur zatlaryndan gyrp-çyrp edäýmäm bardy. Bu günem "saklandan aňtan ýeňer" diýenlerini edip, bukdakladym. Garawulyň ýeňsesi dolandam welin, kolhozyň ýorunjasyndan oraga-da, motosikletimi mas ýükledim. Ugraýyn diýip durkam gökden düşen ýaly bolup, başlygyň maşyny aňňadyň aňyrsyndan zompa çykdy duruberdi. Jan deri gelip, süllümbaý bolan adam özüňe belli. Men başlygyň salamyny almagy hem unudyp, özümi aklamaga synanyşdym. Perişan halymy synlap başlyk meni ötgür nazar bilen dalady-da: - Ýagşy-da bir iş edipsiň! Sakgalyňdan utan - diýdi. Başlyk sakgalymdan tutup, dulugyma çalan bolsa-da şundan gowy bolardy. Kontora çagyryp, ara alanlarynda-da olaryň esasy tutarygy sakgalym boldy. Ana, şondan soň meniň sakgalymdan göwnüm geçdi duruberdi. Şoldur-da şoldur, men sakgalymy ýigrenip ugradym. Gyrp-çyrply meselede dili gysga edip durjak bolsa, onuň peýdasyndan geçen ýagşy. Indi telim günden bäri sakgaldan dynmagyň aladasy bilen gümra. Birden syryp oturyberseň, il-gün maňa näme diýer? Gör ahyr, sakgaly edinmek aňsat-da, ondan dynmak kyn eken. Bazar ÖWEZOW. "Edebiýat we sungat" gazeti, 13.04.1984 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |