12:36 Şadyýan hekaýatlar | |
ŞADYÝAN HEKAÝATLAR
Degişmeler
• Öýkünen bolsañyz... Ýazyjy Baýram Gurbanow redaktorymyzdy. Degişgen, bälçik, gülüşdiregen adamdy. Adymyzyñ yzyna, "oglum" diýen sözi goşup ýüzlenerdi. Bizem käwagt biri-birimize "pylan oglum" diýip gürleşerdik. Bir gezek kabinetden çykyp gelýärkem, işdeş ýoldaşymyz Annaly Berdi zalyñ gapysynyñ agzynda pete-pet gabat geläýdi. Men gapynyñ iç tarapyna ýüzümi goýdum, ol hem daş tarapyna ýüzüni goýup salamlaşdyk. Ol-a maña: - Salam, Temmim däde! - diýdi. Menem: - Saglykmy, Berdi oglum - diýdim. Yzymyzda bolsa Baýram aga duran bolsa nätjek. - Hany öýkünip bolan bolsañyz geçeýin-le - diýende, utanjymyza gülşüp, herimiz bir tarapa gitdik. Ol hem loh-loh edip güldi. • Myhmançylyga baranymyzda Dostumyz Aman Ataýewiç gelip: - Baýram agany myhmançylyga çagyrdym. Ol öýümi tapýan däldir. Özüñ alyp bararsyñ - diýdi. Maşyna münüp ugradyk. Ýolda Baýram aga Saparyñ aýalynyñ adyny sorady. Mariýa Iwanownadygyny aýtdym. Ol tä barýançak, Mariýa Iwanownany on-on bäş gezek gaýtalady. Bardyk. Salam berip ýerleşdik. Baýram aga Mariýa Iwanowna bilen hal-ahwal soraşdy. Stol başyna geçip oturdyk. Mariýa Iwanowna hyzmat edip, dürli tagamlary getirip başlady. Baýram aga her gezek adyny ýalñyş tutup, minnetdarlyk bildirýärdi. Ilki adyny dogry tutdy. Soñra unudyp, bir gelende Polina Iwanowna, ikinji gelende Lida Konstantinowna, üçünji gezek nahar getirende Swetlana Prokorýewna, soñabaka Maşa Maksimowna, Dusýa Dmitriýewna diýdi. Men ýuwaşjadan: - Agasy, onuñ ady Mariýa Iwanowna ahyryn. Ýalñyşmaweri diýemde: - Haýsy ady tutamda näme, onuñ orusdygy bilinse bolýar-da - diýip ýylgyrdy. Meretdurdy TEMMIMOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |