14:04 Nälerkerde / ajy hekaýat | |
NÄLETKERDE
Hekaýalar
- Salawmäleýkim, Dursun eje, hal-ýagdaýyň oňatmy? Sümegiñi süýräp ýörmüň? - Hudaya şükür, ganymatdyryn. - Kakabaýam gurgunmy? Ol-a indi zybyk jahyldyr. Senem ekläp, saklap, maňlaýyňdan direýändir? - Kakabaýam zybyk jahylmy ýa-da biderek çybykmy, bilýän däldirin. Ýeke dikrarym diýip guwanardym. Emma ähli guwanjym puç boldy. Maňlaýymdan direme nirede, zat nirede. Ol hiç yerde işlemän, "Ýatana berseň maña ber" diýip, söteň-söteň syryp ýör. Onuň üstesine-de agzy ýaman otda. Girre diýýämi, kürre diýýämi, bir bela-ha uçrapdyr. Işi-pişesi göreni çürkäp, ogurlyk edip ýörmek. - Maşgalasy barmy? - Wah, bar-la. Geçen ýyl üzümiň suwy ýaly gyza öylendirdim. Gelin hözirini görüp, agtyklaryma guwanjakdym. Arman, ähli arzuwlarym puja çykyp, gury hyýal boldy. Ol gelin hem bu ýagdaýa çydaman, goş-golamyny göterip gitdi. - Şeý diýsene, ol-a bolmandyr. Men-ä Kakabaý seniñ maňlaýyňdan diräp, arkaña ýel çaldyrandyr öýdüp begenip ýördüm. - Aý, begenere zat ýokdur, Sähet jan. Ol käwagt öýe gelse-de, azar baryny berýär. Gözi pensiýa pulumda. "Mamaş, dawaý gaşansana" diýip, agzyny köpürjikledip, pyçagy böwrüme direýär-de: "Pahmellik pul tap. Ýogsa-da işiñ pyrryk" diýýär. Menem: «Руçagyňy aýyr, il görse näme diýer» diýsem: "Gepiňi köpeltme-de, maña bir çüýşe arak bilen bir gap çilimiň puluny tapyp ber. Ýogsa-da gitdiň" diýip, köçede masgara bolup, haýbat atyp durka, bir dayaw yigit Kakabaýyň goluna bat bilen kakdy welin, onuň elindäki pyçak gapdala zyňlyp gitdi. Dursun eje bu bolşa gynanjagyny-da, begenjegini-de bilmän, doňup galdy. Polisiýa işgäri gaharlanyp: - Haý, haramzada, garry eneňe pyçak çenemäge utanaňokmy? Ol seniň käbäň ahyry. Beýdip ýaşanyňdan-a öleniňem gowudyr. Senem il ýaly zähmet çekip, halal gazanç edip eklen. Hany, öňüme düş. Garry ene, sen rahatlan, hemmesi düzeler - diýip, ol Kakabaýy öňüne salyp alyp gitdi. Dursun eje gyňajynyň ujuna gözüni süpürip: "Jähenneme git, näletkerde. Seni beren ak süýdüm tutsun..." diýesi geldi, emma öz bagryndan önene beýle gargyş edip bilmän, gözüni ýaşlady. Ene-dä, nätsin... Meretdurdy TEMMIMOW. | |
|
√ Durmuş diýseň ajaýyp... / hekaýa - 15.08.2024 |
√ Tagmaly gyz - 09.08.2024 |
√ Halasgär barsyň hamy / hekaýa - 24.06.2024 |
√ Gök gözli Ýefrosinýa / hekaýa - 13.05.2024 |
√ Başky söýginiñ müşki / hekaýa - 04.01.2024 |
√ Ýolbars / hekaýa - 17.12.2024 |
√ Ene / hekaýa - 10.10.2024 |
√ Seniň baryňda / hekaýa - 11.10.2024 |
√ Başga tarapyndan seret... / hekaýa - 20.12.2024 |
√ Şeýtany öldüren / hekaýa - 08.11.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |