01:43 Paşmadyk keýp / hekaýa | |
PAŞMADYK KEÝP
Hekaýalar
Üç neşekeş Mossy hojaýyndan bir mysgal tirýek alyp, çaýhana tarap ýelk ýasaýdylar. Olar boş stoluñ başyna geçip, çaý içmage oturdylar. Tyrran neşe alan bir mysgal tirýegini gizlinräk çykardy-da, ujundan jorta ýolup, Nunnaga uzatdy. Nunnak ony garbap aldy-da, şol wagt agzyna atyp, birki ýuwdum çaý bilen bokurdagyndan geçirdi. Tyrran ýene-de şonçany ýolup, Nury küläñ eline tutdurdy. Ol hem töweregine ýaltaklap, berlen tirýegi hayal etmān ýuwdup, yzyndan birki owurt çaý owurtlady. Tyrran özüne-de şonçany alyp, ony käsede ezdi-de gulkudyp goýberdi. Şondan soň üç tirýeki käselerine azajykdan çaý guyup, içmäge başladylar. Tyrrana tirýek derrew täsir etdi - ol hiñlenen bolup, galan ýarym mysgal tiryegi eliniñ ayasynda oýnadyp, gürrüñe başlady. - Men-ä şepeler Nurly baýyň ogludym. Özümem kakamyň ýekeje perzendidim. Kakam nirä gitse, menem ýany bilen alyp giderdi. Arman, kakam bir gün dünýäden ötäýdi. Bar baýlyk maňa galdy, öñem jalaýlygym biriniñkiçe bardy. Emma emläk ygtyýaryma geçensoň jalaýlygym has hem artdy. Näçe sowsam pulum bardy. Adym hem Tyrran han boldy. Heniz jahylkam dostlarym şeýle bir köpeldi welin, günümiñ köpüsini restoranda geçiryärdik. ilki piwojyk, son arajyk, konyajyk içmegi õwrendim. Her kim menin bilen tanşyp bilse armany ýokdy. Soň Jemal hojaýynyňka eltip tirýek çekdirdiler. Maňa tirýegi Jemalyň uly gyzy Gyzsona tutup berýärdi. Humarlap duran kelle muña bolmajy bolýardy. Gyzsona maňa gysmyljyrap, ýuwaşja geplän bolup, işimi göräýýän eken-ow. Menem garaz, oňa pul baryny eçilýärdim. On manada derek ýigrimi manat berýärdim, almajak hem bolsa akka goşaryndan tutup, eliniñ aýasynda goýup, gysymyny pugta yumdurýardym. Soňabaka gujaklasamam, ýaňagyndan öpsemem sesini çykarman, myssa ýylgyrardy. Tege-tege diýlen ýaly, Gyzsonalara ýygy-ýygydan baryp, işimi gördüräýipdirin. Indi men Tyrran han däl-de, Tyrran neşe boldum. Onda-da bu gara beladan näçe aramy açjak bolsam-da bolmady, başarmadym. Soňabaka garyplyk hemram bolup, kem-kemden lüt düşdüm. Hälki öwüp arşa çykarýan dostlarymyñ barysy menden arany açdylar. - Bolsa-da sen baý ogly bolup, esli wagt agayana ýaýnap gezipsiñ-le - diýip, Nury küle söze başlaýar. - Halypalar, meniñ-ä öwünere ýagdaýym yokdur. Oglanlykdan ýetim galyp, Möwlam baýyň çopany Gandym aganyň çolugy boldum, ýylyň dört paslyny çölde geçirýärdim. Bir gün men erbet sowuklapdyryn. Gandym aga ody uludan gallap, egnime-de içmek atyp, bir käse çaý hödürledi. Çay gaty ajy eken. Men içmejek hem bolsam "tüýs dermandyr, iç" diýip içirdi. Garaz, az-azdan owurtlap, içdim. Gandym aga bolsa, oda sim sokup, iki bogun gamyşdan tüsse sorýardy. Soň görüp otursam, maña içine tirýek ezilen çaýy berip, özi tirýek çekýän eken. Men bu zatlara düşünmesem nätjek. Aý, garaz, gün geçdi, aý geçdi, menem süpük edip taşladylar. Möwlam baý baý-kulak edilip. uzak Sibire sürgün edildi. Biz eýesiz, pulsuz-püçeksiz galdyk. Men-ä Mele çaýçyň çayhanasynda elek getir, soky getir bolup günümi itekledim. Mende ne aýal, ne-de çaga bar. Dünýäde tüwmaýak galdym - diýip, özüne ýaş aýlady. - Hapa bolma, «Adam başy daşdan gaty» diyipdirler. Öz ömründe şatlygam, hasratam, dürli wakalaram başyndan geçiräýmeli - diýip, Nunnak gürrüňe başlady. - Men ýaşlykdan ne okuw okadym, ne-de zähmet çekdim. Bazarlarda seteň-seteň gezip, lütüm çykanda öýe dolanardym. Kakam ir ýogalypdy. Ejemiň diýenini onçakly edip baramokdym. Soň obada towuk ogurlap başladym. Keteklerdäki ýumurtgalara çenli alardym. Soňabaka çem gelen zady ogurlap, degerine-degmezine satardym. Şeýle edip mydama ýanym pulluja gezerdim. Bir günem geçip barýan ulugyzy gorkuzyp, şaý-sepini alyp durkam, gyz çirkin gygyrdy. Gaçmaga ýetişmänkäm meni tutup milisä tabşyrdylar. Sud iki ýyl azatlykdan mahrum edip, gözenegiñ anyrsyna dykdylar. Men dessine aklyma aýlandym. Türmede bir gezek hem düzgüni bozman jan edip işledim. Ak ýürekden zähmet çekenim üçin meni bir ýyl baş aýdan soň azatlyga çykardylar. Dogry, sol ýerde tirýek keselinden sabadym. Soň, gelip kerpiç zawodyna işe girip, bir sellem kerpiç kesdim. Agyr işe çydap bolýarmy, name?! Menem ýoldaşlarymyň edişi ýaly, tirýek atyp işledim. Sonra birneme düşewündimiz artdy welin, menem atýan bugdaý ýalymy hepdesaýyn köpeldip nohuda ýetirdim. Asyl ýene-de tirýeki bolanymy duýman galaýypdyryn. Muña aýrylmazak agyry diýerler. Tyrran bolsa şol galan tirýegi güjeňläp diýen ýaly elinde oўпар, keýpini görüp otyrka, birden ýeňseden gelen ýaş polisiýa işgäri onuñ goşaryndan şapba tutdy. Keýpi kök Tyrranam elini silkip aldy-da, tirýegi hasyr-husur agzyna atyp, ýuwdup goýberdi. Muña añk-tañk bolan polisiýa işgäri Tyrrany önüne salyp äkitmekçi boldy. Neşekeşleriň ikisi iki ýerden nadaralyk edip, gygyryp, dawalaşyp başladylar. «Bu näme etdigiň boldy?». Ol-a, gorkusyna nätjegini bilmän, barmakbaşy ýaly tirýegi gyssanjyna ýuwutdy. Indi ol aňyrsy ýarym sagatdan ýarylyp öler. Biz näme jogap bereris. Onuň ölümi seniñ boynuña. Indi sen ganhor bolýaň. Häzir ýakandan tutup, uly neçelniginiziň ýanyna eltip, wakany bolşy ýaly beyan ederis» diýip, herrelip ugraýarlar. Ol gorkusyna ýüzüni duw-ak edip ýalbarmaga durýar. "Agalar, näme diýseňiz bereýin welin, meni şu beladan sypdyryň" diýip, ep-esli puly Nury küläniň kisesine sokup, ýene-de özelenýär. Olar özara göz gypyşyp, "hany, pikirlenip göreliň" diýýärler welin, polisiýa işgäri ýeňsesine sapan degen ýaly gaty-gaty ýöräp, arany açýar. Tyrran zaluwat köpügören eken. Naharhana baryp, üç-dört bulgur turşy gatyk içip, az salymdan iýenini gaýtardy welin, az-kem eräp başlan tirýek zyñylyp çykýar. Bular gaçan tirýegi hem alyp, Tyrranlara gidýärler. - Halypalar, bir beladan-a sag-aman sypdyk. Pulumyzam, Hudaýa şükür, ýeterlik. Ýörüň, keýp uralyň - diyip, Nunnak teklip edýär. Bular Nunnagyň çolaja külbesine baryp arkaýyn oturyp, tirýek çekmäge başladylar. Keýplerini mazaly kökläp otyrkalar, Tyrran bolsady ekmäge başlaýar. - Halypalar diýýän-ä, şu ilerimizdäki baýyr tirýek bolaýan bolsady, heziller edinerdik. Nury küle: - Hamala, bolaýanam eken-dä. Beýle köp belany başyňa urjakmy? Tyrran: - Başyma urmakdan Hudaý saklasyn. Haýt, bärsinde düşek ýazynyp, üç şepe bolaga-da, dünýäni bir pula satyp, bir ýanyndan kükeder yatardyk. Nunnak: - Kükedeniň ýagşy welin, munça tirýegi çekip ýatmaga oduny nireden alarys? Tyrran: - Sen-a dost, baryp ýatan samsyk ekeniň. Tirýegiň bir mysgalyny aljak bolsaň, ep-esli pul bermeli ahyryn. Mossy hojaýyna ýumruk ýalysyny berseň, odunam, iýmek-içmegem, geýim-eşigem bisýar eder. Odun ammaryny göçürip getir diýseňem getirer. Päheýde walla. Nury küle: - Nunnak, bolsady ekilende bir, özüňi oňarsana, bu ýerde diliñden başga ýere agram düşenok ahyry. Kelläne näme gelse gürläber. Goýsana diýjeg-ä tapylmaz - diýip, kellesini ýaýkady. Şepeler alaýaz bolup, gülşüp, degşip otyrdylar. Onýança-da maşynyň gapysynyň gürpüldisi eşidildi. Gapy kakylyp, polisiýa işgärleriniň ikisi içerik kürsäp urýar. Neşekeşler howsala düşýärler. Tyrram aljyrap basyrylgy çäýnegi dökýär. Nunnak elindäki gyzgyn simi keçäniň üstüne gaçyrýar. Keçeden çykyan porsy ys adamlaryň ýüregini bulaýar. Nury küle özüni ýitirip, sandyraklap dur. Polisiýa işgärleriniň biri tirýek çekilen müşdügi, ujuna ep-esli tirýek dürtülen temeni, keçäni burugsadyp ýatan gyzgyn simi alyp, neşekeşleriň üçüsinem maşyna mündürip alyp gitdiler. Neşekeşleriň üçüsiniñem keýplerine sogan dograldy. Meretdurdy TEMMIMOW. "Adalat" gazeti, 14.01.2000 ý. | |
|
√ Kesel kesgidi / hekaýa - 01.01.2025 |
√ Erkek dogan / hekaýa - 03.01.2025 |
√ Ertir / hekaýa - 04.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |