14:10 Ergeneksiz / ýumoreska | |
ERGENEKSIZ
Satiriki hekaýalar
Goñşy aýal ýaş gelinden: - Gelin, atañ öýünde kim bar? - diýip soraýar. Gelin ýylgyrjyrap: - Enemem, ejemem, kakamam, jigilerimem bar - diýip, jogap berýär. - Olardan haýsyny has oñat görýäñ? - Elbetde, enemi. - Näme üçin, beýlekiler eneñçe ýokmudy? - Olaram oñat. Ýöne men enemiñ pensiýasyndan geregimi alyp özüm sowunýaryn. Gowy görýänimem şonuñ üçin. - Onda gaýyneneñem ýaman görýän dälsiñ-le? - Heýem garrylary erbet görüp bolarmy? Men-ä bu ýerde-de gönenýän. Gaýynenemiñem, gaýynatamyñam pensiýasyndan gyrp-çyrp edýän. - Alanja pullaryñy nädýäñ? - Näder öýdýäñiz? - Men näbileýin. - Aý, şokolada, kökä, morožna berip, hiç kime dadyrman, ýeke özüm iýäýýän. - Sen-ä, tüýs gelinjan ekeniñ-ow. "Öwrenilen gylyk örkleseñem durmaz" diýilýänini edýän ekeniñ-ow. Keýgim kesbiñden kemal tap... Meretdurdy TEMMIMOW. "Edebiýat we sungat" gazeti, 14.01.2000 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |