11:29 Züwwetdin / hekaýa | |
ZÜWWETDIN
Satiriki hekaýalar
Garahan ahyrsoñy ýol edarasyna işe girdi. Göräýmäge epeý, garadan gaýtmaz bu pälwan ýigit işe ykjam ýapyşyp, eden işiniñ kemini goýmaýardy. Beýlekiler çilim çekmäge çykanlarynda-da, ol gara der bolup işläp durandyr. Ýoldaşlary munuñ edýän hereketlerine haýran galýardylar. Hemmeler ony öwýärdiler, oña hormat goýýardylar. Adynam Garahan diýmän, Gara pälwan diýip tutýardylar. Emma "Pişigiñ ýyndamlygy samanhana çenli" diýlişi ýaly, Garahanyñ bu "işeññirligi" uzaga çekmedi. Ol mazaly ynama geçensoñ, kem-kemden jögülige baş urup ugrady. Hyk, çok edip, ýalandan ýaramazlyk tapyndy. Işe giç gelip, ir gaýdyp başlady. Munuñ bilen hem kanagatlanman, aldawçylyk, kezzaplyk "keseline" uçrady. Ol bir gezek brigadirine ýüzlenip: - Nepes aga, doganoglanym aradan çykdy welin, rugsat berseñiz, ony jaýlamaga gitjek -diýdi. - Haý, bolmandyr. Ýatan ýeri ýagty bolsun. Onuñ ýaly bolsa, durman gideweri. Üçünde-de, ýedisinde-de işe geljek bolmagyn. - Tañryýalkasyn, döwletiñ artsyn, Nepes aga! Geçse bir hepde geçendir-dä, Garahan işe aglamjyrap geldi-de, özünden uly aýal doganynyñ aýrylandygyny aýdyp, ýene-de brigadirden rugsat alyp gaýtdy. Ýarym aý çemesi geçendir-dä, Garahanyñ daýysy awariýa düşenmiş. Onuñ ýedisi geçmänkä-de Aşyryñ kakasy aradan çykanmyş. Gepiñ kelte ýeri, bir aýa ýeter-ýetmez wagtyñ içinde Garahanyñ dogan-garyndaşlarynyñ ona golaýy gaýyp bolanmyş. Bir gün günorta çaýyna çykýan wagty, bir adam Garahany sorap, edara geldi. - Garahan-a Aşyryñ kakasyny jaýlamaga gidişi. Iki gündür, heniz-ä gara berenok - diýlende, ýañky gelen ýigit myssa ýylgyrdy-da: - Bow, Garahan sizem aldapdyr-ow. Aşyr aga onuñ hiç zady däl ahyryn. Aý, ol çemine düşse aldap oturyberer. Ýalanyna, çynyna düşjek gümanyñ ýok. - Aşyr aga meniñ gaýyn atam. Ol-a tüweleme obada melleginiñ içinde güýmenip ýör. Hudaýa şükür, iki aýyñ içinde obamyzda birjik-dw ölüm-ýitim bolmady. Sizi aldap giden günleri ýa-ha melleginde hars urup işländir, ýa-da söwda-satyk edip ýörendir - diýip käýindi. - Men onuñ obadaşy. Oña gaty beletdirin. Onda-da menem özümi aldatdyrdym-da. Öýe aglamjyrap geldi-de: - Agamyrat jan, ata-babalarymyz: "Dileg etseñ, mertden et" diýipdirler. Menem sen diýip geldim. Ejem operasiýa düşdi welin, oña derman almaly boldum. Bahasy gymmat ekeni. Pulum ýetmedi. Üç ýüz müñ manat gerek boldy. Şony gaýrat et-de bereweri. Ýagşylygyñy ömürbaky unutman. Pulyñy añyrsy on günden tañryýalkasyny bilen elin gowşuraryn - diýse, ynanyp üç ýüz müñ manady berip goýberäýmenmi. Ondan bäri bir aýdan gowrak wagt geçdi. Bergisini bermekden-ä geçen, gaýta, ozal ýanymyzdaky ýoldan geçýän bolsa, indi başga köçeden gatnaýar. Meniñ garamy görse gaçyp ýör. Şü gün boşlañrak bolamsoñ, hem-a adamlar bilen salamlaşaýyn hem-de Garahanyñ kimdigini olara aýdaýyn diýip geläýdim - diýende, Nepes aga: - Aý, inim ajap edipsiñ, sag bol. "Zeleliñ ýarsyndan gaýtsañam peýda" diýipdirler. Biz indi onuñ çäresini görjek bolarys. Seniñ algyñam alyp bereris, arkaýyn bolaý. Ol "Daşy jäjek, içi möjeklerden" eken-ow - diýip, uludn demini aldy. Şol günüñ ertesi Garahan donly, telpekli şumjaran bolup, işe geldi. Ýoldaşlary idili salamlaşmadylar. Gaýta, gyjytly sözleri aýdyp, ony it alan sanaja dönderdiler. Nepes aga gaharlanyp: - Eşitdik welin, sen-ä barypýatan züwwetdin, ýalançy, kezzap ekeniñ-ow. Ýalan-ýaşryk sözläp, ne gözel adamlara ölüm ýöñkäp, aldap, işden gaýdypsyñ. Aýyp bolmazmy. Hany, seniñ namysyñ, wyždanyñ! Saña il-güne ysnat getiren akmak näletkerde diýerler. Beýdip ýaşanyñdan-a öleniñem gowudyr. Bize seniñ ýaly näletkerde işgär gerek däl. Häziriñ özünde edaradan garañy saýla. Ýogsa bizden eýgilik isleme - diýip gaharly käýindi. Işçileriñ hem hersi bir ýakmaz söz aýtdy. Garahan ýüzüni duwwak edip, syrtyna sapan degen ýaly, yzyny garaman, ýola tarap ýumlugaýdy. Nepes aga ardynjyrap: - Adamlar, Hudaýa şükür ediñ, aldyrman, ýoldurman, bir uly beladan-a dyndyk - diýip, kellesini ýaýkady-da, oturanlara birlaý göz gezdirdi. Işçiler Nepes aganyñ aýdanlaryny makullaýjy äheñde baş atyp, işe girişdiler. Meretdurdy TEMMIMOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |