21:24 Gara gaplañ / satiriki hekaýa | |
GARA GAPLAÑ
Satiriki hekaýalar
- Salawmäleýkim Mämik aga! - Aleýkim essalam, saglykmy, Hommat. Gurgunmysyñ? - Şükür, sizem sag-aman gezip ýörmüsiñiz? - Allanyñ edenine şükür. - Mälik aga ilki görenimde bir hili tanamajak boldum. - Tanamaz ýaly meniñ-ä üýtgän ýerim ýokdur. - Men goşun gullugyna gidenimde siziñ keltejik gara sakgalyñyz bardy. Indi, tüweleme, ak sakgalyñyz döşüñizi ýapyp dur. Ol döwürde sakgalyñyz ösmeýärmidi ýa-da ösdügi gyrkaýýadyñyzmy? Mämik aga ajymtyk ýylgyryp, loh-loh güldi-de: - Aý, inim Hommat jan, bu sakgalyñ çeken ezýetini it görse gözi agarar diýenleri boldy. Sen Bossan daýzañ-a bilýänsiñ. - Elbetde, bilýän. Ýogsa-da Bossan daýzam görnenok welin, bir ýere gitdimi? - Ol sen gideniñ yzysüre tarpa-taýyn amanadyny tabşyrdy-da, dünýäden ötägitdi. - Iman baýlygyny bersin, jaýy jennetden bolsun. Ol-a bolmandyr. Ol bijaý oñat aýaldy. - Göni gelen ajala çäre ýok-da. - Indi ýalñyz galypsyñ-da? "Dul gözi bilen aýal alma, pyýada gözi bilen at" diýen nakyl bar. Öñýeten: "Mämik aga, bir günem aýalsyz gezmegin" diýip, ugruma goýmady. Aýratynam Jollyñ aýaly Ogulaý: "Seni öz elim bilen öýerjek. Ol obada bir başyboş aýal bar. Basan ýerinden ot çykýar. Seni gül ýaly saklar, kirpigiñe kir ýokdurmaz. Biri kakaýmanka aldajyk oturyber" diýip, ony maña ýelmedi. Mugtdur öýdäýme, ep-eslije zadymyñ soñuna sogan ekdi. Haý, menem täze öýlenen kişi bolan bolup az salym gomparyp gezenem boldum. Ol hem meniñ gylyk-häsiýetime belet boldy-da, gün-günden möwjäberdi. Kirim wagty bilen ýuwulmady. Içerim kakylman gum basdy. Menem bir gün ikiçäk oturyp, oñatja gürleşdim. - Sen how, şu öýe aýal bolmaga gelen bolsañ, birneme tijen. Öý gömüsgä döndi. Eliñe sübse alanyñy göremok-la, bu nä boluş - diýip herreldim. Ol hem: - Ony özüm gowy bilýän. Sen öz işiñ bilen boluber. Birem meniñ bilen örän mylaýym gepleşgin. Men ol señ diýjek lal heleýleriñden däldirin. Asla gepiñi çekmen - diýende, ýüzi kessiri şapbat çalaýmanmy. Ol asyl ot bolup syçrap galdy-da, üstüme özüni oklap, gaharyna penjesi bilen sakgalymdan berk tutup, esli tüýi goparyp aldy. - Bäý, Mämik aga, ol-a oýun eder ýaly aýal däl eken-ow. - Aý sen goýaý, Hommat jan, ynha, iki ýylyñ içi iýenimiz awy, içenimiz zäher boldy. Telim gezek kowjagam boldum, başarmadym. Duran alabaýyñ bar-da. Güýji dagy ýekegapanyñky ýaly. Çala gahary gelse, penjelerini gerjeşdirip, dişlerini şatyrdadyp, özüni üstüñe oklap, bagyrdadyp basardy. Gözem sakgalyñdadyr. Eliniñ ilen ýerinden ep-esli tüýi goparyp, gözüme sokaýjak bolardy. Ýalbar-ýakar bilen zordan sypardym. "Eñegiñi taýpy aşyga dönderäýerin" diýip, haýbat atardy. - Erbet gorkuzýan eken-ow? - Gorkmanam gör. Sen Hommat jan, entek gögele bolýañ. Ýaman aýaldan aždarha gorkupdyr. Soñky wagtda oba adamlary Garagyza Gara gaplañ diýip at goýdular. Dogry, özüne Garagyz diýselerem, ýok ýerinde ýörgünli ady Gara gaplañdy. - Onuñ bilen şu çaka çenli ýaşaşdyñmy? - Hernä bagtym çüwüp, ondan aramy açdym. Men-ä heziller etdim welin, oba adamlary hem begenip heşelle kakdylar. - Ol häzir nirede? - O dünýäde künji ekýä. - Menem üstümden dag aýrylan ýaly heziller etdim. Sakgalymam suw berlen semzek ýaly, gününi sanap ösüp, döşümi ýapyp duruberdi. - "Zeleliñ ýarysyndan gaýtmagam peýda" diýipdirler. Gözüñ aýdyñ, Mämik aga! - Tañry ýalkasyn, Hommat jan! Ynha, indi Mähri daýzaña sataşalym bäri bal günüme batdym. Hemme zat ýerbe-ýer! Meretdurdy TEMMIMOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||