12:50 Sähra / poema | |
SÄHRA
Poemalar
I. Gel, dostum, sähra gideli, Men şu gün öýe sygmadym. Düşnüksiz duýgularymdan, Aýyrsyn seri basym. Silkineli batnyksyzyň Kalba siňen çaňlaryndan. Pederleň yzyn gözläli Köne çopan çalmaryndan. Baraly sähra salama, Ol bize saglyk dilesin. Ýüpek şemal ýüzi ýelpäp, Mahmal gije hüwdülesin. Goý, Ömrüzaýa uklasyn, Biz gije çekeli şöwür. Ojar oduň ýagtysyna Okaşaly goşgy-şygyr. Daň ýyldyzdan biz aslyşyp, Akmaýaň süýdün emeli. Sährada bar zat tebigy, Iç ýakýan zat ýok emeli. Gysyp duran dar gursaga Salyp sähraň giňligini, Balsaýada zowladarys Böwsüp gijäň tümlügini. Gijäň mukamyny diňläp, Gazanaly ymgyr sogap. Asmana arzymyz aýdyp, Topragny edeli togap. Ýüregmizde gemre baglan Pynhan syrymyz aýdaly. Deregne sähraň giňligin Gursaga salyp gaýdaly. II. Uzak ýollary aşyp, Geldik sähraň gujagna. Gazany atardyk, Ýaňy gazan ojagma. Gün ýaşmazdan has ozal, Ýüwürdik-de dört ýana. Sazak, çeti, çerkezden Edindik biz merthana. Bärde hemme zat deňlik, Ylalaşyk ― bu ýerde. Bu ýerde seniň üçin Özge galmaz hiç derde. Sähra çyksaň özüňe, Özüň etmeli hyzmat. Bir azajyk ylgasaň, Yz ýany uly lezzet. III. «Sähra saňa behişt» diýip, Magtamaýyn çakdan aşa. Ýöne saňa muhabbetim Tereň meniň hetden aşa. Mahmal gijäňe sadaga, Gündiziňe gurban başym. Sende meniň daňym atyp, Sende dogursam kuýaşym. Gijäň ýaňyna diň salsaň, Açýar gulagyň posuny. Iňläp bir owaz eşdilýär, Bilmedim Arşyň sesimi?! Asman geýýär gara şalyn, Öňi onuň apbasyly. Aý geýinýär altyn tahýa Dakyp oňa gupbasyny. Agyl doly akja guzy, Aý olaryň garawuly. Käte agyldan çykýa-da, Süýnüp gaýdýar garagoly. Edil ýerden çykan ýaly Ýagty ýyldyz dogýar käte. Ylymda-ha olaň ady, Ýyldyzam däl – planeta. Demir gazyk dikilipdir, Asmanyň edil döşünde. Bir dor bedew, bir gyr bedew, Aýlanyp ýörler daşynda. Sahawatlyň elindäki Susaga meňzeş Ýedigen. Degresinde şol gazygyň Dyngysyz öwrüm edegen. Gal sen göge, howp edere, Kerwenim ýok Kerwengyran. Aý täjine bezeg etseň, Ýyldyzlary uky büren. Olar bilen ümmüldeşip, Oýnaly biz kim bilmeşek. Ojar ody meýmiredýär, Asman ýorgan, Zemin düşek. IV. Giden sähra düýpsüz deňiz, Ojar ody altyn ada. Tuwagyny sylýan ýüze Aýalarmy tutup oda. Köreýän köze bent edip, Didiwanyn nazarymyň. Goýberýän arzuw-hyýaly Öz maýdalna ― gezerine. Duýgularym maýyl bolup, Oduň elwan ýaglygyna. Seýle çykýan saýyl bolup, Arzuwlaryň şalygyna. V. Ana, tüňçe-de gaýnady, Otdan alyp demlemeli. Ýöne az-kem sabyr edip, Lykyrdysyn diňlemeli. Gök çaýa demin aldyrsaň, Düwmeläbir narzan ýaly. Tirsekläp içip başlasaň, Ähli lezzet arzan ýaly. Uzak gije otursak-da, Çöl howasyny eý görüp. Okasak-da goşgy-şygyr, Uka bürülýäs meýmiräp. Şöwür çekip, zalym ukyň Hupbatyna dözeli biz. Säher düşen hünjülerne Baldyrmyzy ezeli biz. Guş-gumrudan sena gelýär, Günüň dogjagyn buşlap. Tomzagam argyşa barýar, Çägäň ýüzüni keşdeläp. Sabanyň süýdi doldurdy Keýikokaraň oýmagyn. Ertir bilen başa çekdik, Syryp aldyk-da gaýmagyn. Dür monjuklary dakynan, Selinler başyny egip. Salam berýäler edaly Tylla Gün gelýärkä dogup. VI. Ak säheri apalap, Güne berip salamy. Seýl edeli, ýör, dostum, Sähra ― sahypjemaly. Anha, garagol şemal, Bir peşmegi kowalap, Ýene öňünden çyksa, Barysyny togalap — Taşlap gitdi oý ýere, Başga işi ýok ýaly. Sazaklary gyjyklap, Döredýär bir ahwaly. VII. Sähranyň gül görki bolýar, Bolýar täsin gözelligi. Ýöne asmandan inmeli, Gözelligniň gönezligi. Ýegşerip gelýän bulutlar, Ýüküni düşürip geçse, Garry mama sanajynyň, Kakyp-kakyp, agzyn açsa — Läle zemini nagyşlap, Dürli otlar dyza çykýar. Görke gelýär gözel ýaýla, Gögüň nury ýere çökýär. Gülleriň bally lebini, Sorup ýör aşyk kebelek. Sowgady Sähraň barana, Akja selleli kömelek. Güle gark bolan ýaýlada Müň öwüşgine gözüň düşýär. Reňkin gülli ýaýladan Alýan borly älemgoşar. Gandymyň, siňreniň güli Maýdajadan oraýany. Mawy kürtäň nagyşy dek, Haýran edýär göräýeni. Golaýlaşsaň gara gandym, Dyrnajak ýüzün egşidip. Otyr ol gyňyram bolsa, Gülüni ýaza bagş edip. Egşitse egşidibersin, Maksatdan yza tesmedim. Ýumry-ýumşak ak gelin deý, Siňreniň gülün ysgadym. Görmedim men borjagyňy, Aýak ýeterden yrakmy? Düşdümi gyzyl kitaba Ýa yhlasym telperräkmi?! VIII. Durlanýar ýüzde tuwagy, Garalyp başlasa asman. Hamyla bulut, dogursa, Ak ýagşy yzyny kesmän. Meňzin zagpyrandan alan, Bir gez öser çopantelpek. Togsan dürli ot gögerýär, Biri galpak, biri gulpak. Dürli gülleň arasynda Meý-mest bolýar meniň göwün. Munda deňiz topugyňdan, Hala magtan, hala öwün. Ak gülleriniň hörpi uly, Göge tutup temegini. Çomujyny oda gorsap, Dadyp gördük tagamyny. Ýere düşýän ýapraklary Piliň gulagy deý – yşgyn. Güli tawusyň ýelegi, Görseň, göteriler yşkyň. IX. Hem seýil, hem çöpläp ýörkäk Guran sazak töňürtçesin. Atýalman bizi gördi-de, Taşlap gaçdy gemirtgesin. Öz awuny aňtap duran, Atmaga boşan garnyna, Tebil tapan mekir tilki Kürsäp urdy sürenine. Dört-bäş ýerinde agzy bar, Süreni oň beýijekde. Birinden howp abanaýsa, Birinden çykyp gaçjak-da... X. Ejnebidir elmydam, Zemzen bilen kepjebaş. Ýerden esli galyp dur, Hürsek ýaly dikje baş. Duşupdyrlar bu ýerde, Ýylan atýar haýbaty, Zemzen atýar haýbaty! Bar sähranyň kanuny: Ylalaşyk gowy zat, Hiç zatda geçme gaty! XI. Ataýry bar atan-satan, Möýüň görnüşi kän bolýar. Goýunlar olaň ýagysy, Gabat geleni şam bolýar. Oklykirpiň tikenleri Şakyrdaşyp dur birhili. Eger golaýna baraýsaň, Etmesi bardyr persala. Ýöne bulaň hiç birisi, Degmedige degýän zat däl. Mertdir, özem heläk bolar, Başga başyn egýän zat däl. Bu zatlaryň hemmejesi, Topugyndandyr pyşbagaň. Çanagynda gizlenäýýär, Eger göräýse duşmanyn. Ýekeje aýynda baharyň, Gezýär-de gülüni çürtüp. Soňra asla görünmeýär, Çar pasyl ýörenok ýortup. XII. Hany dostum, ber dürbini, Seredeýin alyslara. Oba baryp gürrüň berjek, Görenimi il-uluslara. Urpagy bar, alaňy bar, Takyry bar, adyry bar, Küýsäp gelen janköýere, Giň gujagy, hödüri bar. Tomusda çägä gömülseň, Agyryň bolýar zym-zyýat. Sähra durşuna hazyna, Haýsyny aýtjak atma-at? XIII. Sähra hakda söhbet etsem, Suw ýapaşak gaýdan ýaly. Her setiri mukam bolup, Her bendi bir aýdym ýaly. Häzir bize ak pata ber, Gitmegiň pursady geldi. Heňňam ýöredýär hökümin, Hoşlaşmaga wagt boldy. Ýüregimiň bir bölegi Galan ýaly – yza bakýan. Sähram, meňziňe teşne men, Güller deňzine teşne men, Ýene-de gelerin hökman! Jumadurdy AKYÝEW. | |
|
√ Daýanç nokady / publisistik poema - 14.09.2024 |
√ Kyssa -3: poemanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ "Aşyk-Magşuk" / dessanyň dowamy - 03.03.2024 |
√ "Aşyk-Magşuk" / dessan - 03.03.2024 |
√ Kyssa -2: poemanyñ dowamy - 14.06.2024 |
√ Artykmaç şaýatlar / poema - 14.09.2024 |
√ Gözleg / sonetler çemeni - 14.09.2024 |
√ Sygan bagşy /poema - 14.09.2024 |
√ Jüneýit han / poema - 03.06.2024 |
√ На Хиву! / поэма - 28.07.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |