SALANG KÖTELI
Kyrk iki ýaş, golumda-da awtomat,
Bilimde-de ýüz ýigrimi okum bar.
Salang köteli...
Ömri ortalap ~
Atmaga-da, atylmaga hakym bar...
Ýagşy günleñ erbet düýşleri ýaly,
Hakym bar guduzlap, oka tutmaga.
Silleriñ getiren daşlary ýaly
Honda ~ gury hanalarda ýatmaga.
Buýruk bolar, senem eñip ýörensiñ,
Sowuk alyp barýar ~ gar bolsa dyzdan.
Meger, didiwana münüp ýörensiñ,
Aýdan aýdymlaryñ galandyr yzda...
Atly şahyrmyñ sen, ýa daýhan ~ des-deñ,
Öñünde ajalyñ hem ganym gülläñ.
Şahyr, bäbek hemem bigünä esger ~
Kabulhanasynda deñmişin Allañ...
Olar diñlenermiş, arzy-hallary ~
Tañryñ ýazuw depderine girermiş.
Bagry gan öýdürip, geçen ýollary
Şahyr kalba nurlar bolup inermiş.
Onsoñ olañ gözlerine ilende,
Garaja gyrnaklar peri bolarmyş!
Aýyp oña kesek atmak ilinde ~
Mysaly Was ýaly ýeri bolarmyş!
Munda ýeke gülle paýy ~ ýalanyñ,
Ýetdigi gidiber ~ agy bolmaýar.
Kötellerden geçmedikleñ ~ ynanyñ,
Arka diremäge dagy bolmaýar!
Baýram JÜTDIÝEW.
Goşgular