14:35 Şan-şöhratly Hunlar / Gadymy türkmenleriň ata-babalary | |
ŞAN-ŞÖHRATLY HUNLAR
Taryhy makalalar
GADYMY TÜRKMENLERIŇ ATA-BABALARY Türkmenleriň asly we ata-watany hakyndaky çaklamalar taryhçylaryň ýazan taryh kitaplaryndaky maglumatlar dürli-dürlidir. Türkmenleriň gadymy hökümdarlarynyň tatyh sahnalaryna çykyşy miladydan öňki 2000-nji ýyllara gabat gelýär. Orta Aziýada Türkmenleriň iňňän gadymy siwilizasiýa medeniýetli ata-babalarynyň ýaşandygy hakynda çaklamalar bar. Türkmenleriň atalary Taňry we Altaý daglarynyň aralarynda göçüp-gonup ýaşaýardylar. Şolar ýaly prototürk kowumlary häzirki Aşgabadyň golaýyndaky Änewde miladydan öňki V müňýyllyga degişli ilkinji medeniýetiň merkeziniň düýbüni tutupdyrlar. Ondaky tapylan tapyndylar 6000 ýyllyk döwürlere degişlidir. Şolar ýaly tapyndylar miladydan öňki 2000-1000 ýyllar aralygyna degişli Altaýlarda hem tapyldy. Türkmenleriň gadymy ata-babalary demirgazyk Gara deňzinden Ýuwaş okeanynyň aralygyndaky giňişliklerde ýaşapdyrlar[1]. Şeýlelikde W. M. Massonyň ýazmagyna görä miladydan öňki I müňýyllyga çenli Orta Aziýanyň dürli ýerlerinde dürli ýollar bilen bolup geçen taryhy hadysalar Parfiýa, Margiýana, Girkaniýa, Horezm, Sogd, Baktriýa we Fergana siwilizasiýalaryň döremegi bilen tamamlanypdyr. Miladydan öňki II müňýyllykda Merkezi Aziýanyň syýasy arenasyna atlary Awestada duşýan iki sany has iri etnosyýasy birleşme 一 turlar we ariýler çykýar. Has dogrusy, olar Merkezi Aziýada taryhy emele gelen iki medeni dünýäni 一 oturumly ekerançylygy we çarwadarçylygy emele gelen iki medeni dünýäni 一 oturumly ekerançylygy we çarwadarçylygy emele getirenler bolup durýar. Olar etnogeneziň umumy kontinental hadysalarda, dilleriň hem Ýewropanyň we Aziýanyň häzirki zaman halklarynyň emele gelmeginde wajyp hyzmaty ýerine ýetiripdirler.[2]. Rus arheologlarynyň soňky gazuw-agtaryş işlerindäki maglumatlara görä bu ýerlerdäki türkiler akýagyz we giň, süýri kelleli taýpalar ýaşapdyr. Prototürkler awçy we söweşjeň taýpalar bolupdyr. Ilkinji türkiler gündogar Türküstanyň (Çungariýa) demirgazygynda ýaşapdyrlar. Hytaýdaky Ak-piramidalary binýat eden türki halklar bolupdyr. Munuň subutnamasy şol Piramidanyň içinden tapylan şazenan owadan Lolanyň türki geýminde mumiýalaşdyrypdyrlar. Şol ak piramidanyň ýaşy Müsürdäki piramidalaryň ýaşyndan has gadymydyr. Häzirki Mongoliýa topraklaryndaky ýaşan gadymy türkmenleriň ata- babalary mongollaryň goňşysy bolup ýaşapdyrlar. Sebäbi mongollarda Türkmen- türk medeniýetiniň yzlaryny hem-de käbir mongollar türkiçe gürleşip Türkileşipdirler. Ilkinji Hytaý çeşmelerinde miladydan öňki 1766-njy ýylda ýazga geçirlen Çun-Guweý, miladydan öňki 1122-nji ýyllarda Tapi, miladydan öňki 1116-njy ýyllarda Pe-çi, miladydan öňki 627-nji ýyllarda Kiok atly demirgazyk sähralardaky höküm süren höküdarlar hakynda ýazgylary galdyrypdyrlar. Şol hökümdarlaryň hem Türkmen-türkleriň gadymy hökümdarlary bolandyr diýlip çak edilýär. Çyn-Maçyn diliniň grammatikasyna görä çynmaçyn ýazyjylary we taryhçylary ýokardaky atlandyrmalary özleriçe ýazga geçiripdirler. Şonuň üçin biz türkmenler gadymy ata-babalarymyzyň atlaryny Hytaý dilinde atlandyrmaly bolýarys[3]. EDEBIÝAT: [1] Awtory belli däl. Türküň dünýä ýaýramagy we taryhdaky türk döwletleri. 2015. [2] Türkmenler we dünýä halklary (etnik we medeni gatnaşyklary. Aşgabat 2012. [3] Awtory belli däl. Türküň dünýä ýaýramagy we taryhdaky türk döwletleri 2015. Aşgabat 一 2015 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |