14:10 Saudlar Sanada | |
SAUDLAR SANADA
Publisistika
Hem eýranlylar, hem husiler, hem-de saudlar kösençlik çekdi we ahyrynda hemmeler öñ teklip edilen çözgüdi - meseläniñ içerki syýasy gatnaşyk arkaly çözülmegini we Saud Arabystana garşy gönükdirilen hüjümleriñ togtadylmagyny kabul etdi. Sana şäherinde toparlaryñ özara duşuşyklary geçirildi / Fotosurat: Twitter Üç aý mundan öñ Ýemende Eýrandan husilere gözegçiligindäki porta ugradylan 5 müñ ýarag, 1,5 milliondan gowrak ok-däri serişdesi, 7 müñ raketa bileşeni alyp barýan gämi saklanypdy. Bu ýük uruşy maliýeleşdirýän we 8 ýyl 7 aýa golaý wagt dowam etmegine getiren düzümlerçe, belki-de ýüzlerçesinden biridi. Uruş iki tarap üçinem güzaply we ezýetli boldy. Sana howa menzili we Hudeýde porty ýapyldy. Gonjak her bir uçaryñ ilki koalisýon güýçlerden rugsat almalydy, porta golaýlaşjak her bir gäminiñ ilki barlanmalydy. Husiler we olaryñ gözegçiligi astyndaky sebitler uly kynçylyklary başdan geçirdi. Munuñ üstüne uruş zerarly ýerinden-ýurdundan jyda düşürilen ýa-da Ýemeniñ içinde ýa daşynda güzeranyny dolajak bolup ýaşaýan ýerini taşlap gaýdan millionlarça ýemenliniñ kösençlikleri-de goşuldy. Uruşýan taraplar çaknyşygy bes etmäge we ýaraşyga gol çekmäge gönükdiren bir wagtyñ özünde berýän beýanatlary we ýygy-ýygydan geçirilen ýygnanşyklar arkaly urşuñ gutarmagyñ we parahat durmuşa dolanyp barmagyñ şertlerini jikme-jik öwrenýärdi. Ahyrsoñy muña kim ynandyranam bolsa, Saud Arabystanynyñ delegasiýasy husileriñ gözegçiligi astyndaky Sanada peýda boldy. Munuñ özi iki tarapyñam ýaraşyga çynlakaý garaýandygyny görkezen möhüm üýtgeşme boldy. Çaltlanan we bary-ýogy bir gün öñünden habary berilen taryhy üýtgeşmäniñ añyrsynda şek-şübhesiz Saud Arabystanynyñ, Hytaýyñ hemaýatkärliginde Eýran bilen baglaşylan ylalaşyk ýatyr. Ylalaşyk Riýad bilen Tähranyñ arasynda uzak wagtlap dowam eden dartgynlylygyñ soñlanmagyny-da öz içine alýar we munuñ Ýemende bolşy ýaly beýleki sebit ýurtlarynda-da netije bermegine garaşylýar. Ylalaşyk netijesinde hoşniýetlilik artyp barýar. Ýemen urşy we parahatçylyk hoşniýetli gepleşikleriñ iñ esasy meseleleriniñ biri bolup durýar. Urşuñ ýetiren zyýany dürli problemalaryñ döremegine getirdi, bularyñ başyny şular çekýär: ýurduñ içinde ýaşaýan ýerinden jyda düşürilen millionlarça adamyñ we daşary ýurtlara çykan bosgunlaryñ dolanyp gelmegi, bigünä ýerli ýaşaýjylaryñ we ötegçileriñ ölümine sebäp bolýan ýüz müñlerçe minanyñ arassalanmagy, on ýyla golaý wagt okuwa berilen arakesmäniñ yzyndan okuwçylaryñ mekdeplere gatnap başlamagy, saglygy goraýyş hyzmatlarynyñ güýje girizilmegi we uruşdan zyýan çeken sebitleriñ reabilitasiýasy. Urşuñ bes edilmegi kimiñ ýeñendigi we kimiñ ýeñilendigi hakdaky samsyklaç çekişmäniñ öñüni alyp bilmez, ýöne uruşlaryñ hiç mahalam ýeñijisi bolmaýar. Şertler çaknyşygy mejburylyga öwürdi we muña eliñe gül alyp garşylyk bermek mümkin däl. Hem eýranlylar, hem husiler, hem-de saudlar kösençlik çekdi we ahyrynda hemmeler öñ teklip edilen çözgüdi - meseläniñ içerki syýasy gatnaşyk arkaly çözülmegini we Saud Arabystana garşy gönükdirilen hüjümleriñ togtadylmagyny kabul etdi. Eýranyñ özi haosyñ howplaryndan çetde däldigini we bähbidiniñ sebitara durnuklylygy sabotaž etmekde däl-de, kepillik astyna almak üçin tagalla etmekde ýatandygyna düşündi. Çaknyşýan taraplar şuña göz ýetirenlerinde parahatçylykly çözgüde gelmek kyn däl. Düzümleriñ gepleşikler tapgyry geçirildi, halkara we sebitleýin wekiller gezekli-gezegine degişli paýtagtlarda resmi saparda boldular. Ylalaşyklar baglaşyldy we hemmesi hemmeler tarapyndan arzuwlanan parahatçylygyñ iñ bärki sepgidine ýetmek bilen soñlandy. Häzir hoşniýetli bolmaga çagyrýan birnäçe yşarat bar, çünki Ýemende parahatçylyk hakdaky çagyryşa hereketleriñ, harby operasiýalaryñ togtadylmagy, güýçleriñ yza çekilmegi we iki tarapyñam bendileri boşatmagy ýaly oñyn üýtgeşmeler dowam edýär. Munuñ özi dünýäniñ iñ möhüm nokadynda parahatçylygy ýola goýmagyñ başlangyjydyr. Howpsuzlygyñ üpjün edilmegi, parahatçylygyñ höküm sürmegi, Ýemen tragediýasynyñ soñlanmagy we howp-hataryñ azalmagy hemmeleriñ bähbidinedir. Abdyrahman RAŞID, "Şarku’l Avsat" gazetiniñ öñki baş redaktory, "El- Arabiyye" ýaýlymynyñ öñki müdiri. @aalrashed Çarşenbe, 12.04.2023 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |