15:39 "El-Kaide" Moskwa baryp ýetdimi? | |
"EL-KAIDE" MOSKWA BARYP ÝETDIMI?
Publisistika
Doly günäsiz dälem bolsa, "El-Kaidäni" aýyplamak indi ynandyryjy däl. Orsyýetiñ Derñew Komiteti Moskwadaky teraktdw wepat bolanlaryñ 137-ä çykandygyny habar berdi / Fotosurat: AA "El-Kaide" terror toparynyñ ady bir demde global günäkärlenýän hökmünde täzeden ön hatara çykdy. Türkiýe 12 adamyñ ölümi bilen gutaran iki teraktyñ yzynda onuñ bardygyny aýtdy. Öññin Moskwa hem 100-den gowrak adamyñ gurban bolan terakty amala aşyranyñ "El-Kaidedigini" öñe sürýän beýanat bilen çykyş etdi. Somalide, Ýemende, Yrakda "El-Kaidä" ýöñkelen teraktlar hakdaky habarlar peýda boldy. Geçmişde "El-Kaide" hakykatdanam howply topardy we onuñ salgysy Kabuldady. Žurnalistler we aktiwistler bilen duşuşyp, wideoly beýanatlar berip bilýän Bin Ladin atly serdary bardy. Häzir "El-Kaide" diñe nirdedigi bellu däl gury atdan ybarat. "El-Kaide" nämüçin Moskwa hüjüm etsin? Kanagatlandyryjy tutarygy ýok, Siriýadaky çaknyşyklaram indi azaldy. Häzir ruslaryñ birinji duşmany mundan öñem Moskwany nyşanalan teraktlary amala aşyran ukrainalylar we onuñ ýaranlarydyr. Ukraina uruşynyñ harby operasiýalary we uruşa gatnaşýan goşunlar taýdanam Gaza uruşyndan birnäçe esse uludygyny ýatdan çykarmalyñ. Üstesine, Gaza sebitleýin çaknyşyk hökmünde galýar, Ukraina uruşynyñ bolsa howply strategiki taraplary bar. Sebitdäki hiç bir ýurt Orsyýete uçarmansyz dolandyrylýan istrebitelleri bermek bilen möhüm rol oýnaýan we howply ýarag eksportçysydygyny ilkinji gezek görkezen Eýrandan başgasy Ukraina dawasyna goşulmaga milt edip bilmedi. Galyberse-de, Tähranyñ gözegçiligindäki ýa-da täsiri astyndaky haýsydyr bir toparyñ Orsyýete hüjüm edip biljegini göz öñüne-de getirip bolanok. Sebitiñ galan ýurtlary-da Ukraina uruşynda bitarap pozisiýany saklanyny gowy gördüler. Orsyýet bilen gatnaşyklar amerikan basyşlaryna we Moskwanyñ Tährana berýän goldawy ýa-da ýörite güýçleriniñ Afro-Arap sebitinde çaknyşyklardaky ýöredýän operasiýalary sebäpli ýüze çykan kynçylyklara garamazdan gowy dowam edýär. Doly günäsiz dälem bolsa, "El-Kaidäni" aýyplamak indi ynandyryjy däl. Bulam bizi esasy topar "El-Kaideden" aýry ýa-da topardan güýç alyp garaşsyz gurlanam bolsa, ýaragly toparlar bilen bu topar hakdaky hakykaty içgin öwrenmäge iterýär. ABŞ-nyñ yzarlamalary we kowalamalary "El-Kaidäniñ" baştutanlaryny ýok edip taşlansoñ, Yrak uruşy üýtgeşik tapgyry we terror söwdasy üçin has uly bazara wekilçilik edip biljek sepgide göterildi. Saddam Hüseýiniñ režiminiñ agdarylmagyndan soñ birtopar öýkeli BAAS-çylaram terrorçy toparlaryñ ýolbaşçy düzümine goşuldylar. Siriýa baglanyşykly arap jihatçylar Yrak uruşyna goşuldylar. Yzyndan Yrakdaky uruş soñlandy we serhediñ beýleki tarapyna geçdi. Siriýadaky graždanlyk uruşy Orta Aziýadan Orsyýete duşmançylyk edýän toparlary özüne çekdi. "El-Kaide" barada aýdanda bolsa, onuñ baştutanlarynyñ köpüsi öldürilenden we tussag edilenden bäri "El-Nusra", YŞYD, "Heýet-Tahrir eş-Şam", Somalidäki "eş-Şebab" we çyban deýin ýaýran beýleki terrorçy toparlar bilen deñeşdirilende, indi iñ uly toparlaryñ hatarynda däl. Owgan jihady döwründen ölmän galanlardan häzir diñe "El-Kaide" baştutany Seýf el-Adl bar. Ol häzirem ABŞ-nyñ Owganystana çozan wagtynda gaçan toparyñ käbir baştutanlary bilen birlikde Eýranda gezip ýör. Onuñ kyrk ýyl düşürilen bir fotosuraty bar. ABŞ-nyñ tussaglary soraga çekişi, Bin Ladiniñ "11-nji sentýabr" teraktyny guramak hakdaky teklibine, beýle teraktlaryñ topar üçin döretjek netijeleriniñ agyr boljagyny aýdyp, oña garşy çykan ýeke-täk adamyñ Seýf el-Adl boljagyny görkezipdi. Onuñ özi hakda kän bilinýän zat ýok we umumy bähbitler sebäpli ruslara garşy uruşa girip bilmejek "El-Kaidäniñ" eýran wersiýasyna ýolbaşçylyk edýär. Abdyrahman RAŞID, "Şarku’l Avsat" gazetiniñ öñki baş redaktory, "El-Arabiýýe kanalynyñ öñki başlygy / @aalrashed Duşenbe, 25.03.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |