05:27 Eýranyñ tarapdarlary haj parzyna päsgelçilik döredip bilermi? | |
EÝRANYÑ TARAPDARLARY HAJ PARZYNA PÄSGELÇILIK DÖREDIP BILERMI?
Publisistika
Ýoldaş Mukteda es-Sadr bir ýyl öñ beren beýanatynda Yrakda mukaddes kümmetlere zyýarat edýänlere duşmançylykly syýasy şygarlara gygyrmazlygy hem-de Saud Arabystanlylardyr Eýranlylara nyşana almazlygy duýdurypdy. Sadr munuñ galp watansöýüjilik şygaryny öñe sürüp, agzalalygy we bulagaýlygy döretmekligi maksat edinýändigini aýdypdy. Arasynda husilerdir yrakly milisiýa otrýadlarynyñam bolan Eýranyñ tarapdarlygyny edýän toparlaryñ edil häzir haj parzyny bozmak we bu dini möwsümi syýasy hadysa öwürmek howpuny abandyrmak arkaly edýän zatlary-da şudur. Bular ýaly betpygylly işler öz-özünden we tebigy ýagdaýda bolmaýar, syýasy we howpuzlyk taýdan öñünden taýynlanýar. Eýran hökümetiniñ haj parzynyñ dowam edýän möwsüminde we umuman Saud Arabystanynda mesele döredilmejekdigine beren sözlerine we wekillerine-de muny ýerine ýetirmegi barada görkezme berendigine garamazdan, munuñ añyrsynda eýranly güýçleriñ durmagy o diýen daşdaky ähtimallyk däl. Şonsuzam arap kommunistleri bilen birlikde Tährana wepaly adamlaryñ gatnaşmagynda haj möwsümini sabotaž etmäge we Saud Arabystanyna garşy gitmäge çagyrýan meçew beriji kampaniýa bilen munuñ yşaratyny bireýýämden berdiler. Şu gün we galan günler haj möwsüminiñ iñ esasy günleridir hem-de ýurtlaryñ haj parzyny ýaramaz maksatlar üçin ulanmazlyk we muny syýasy hadysa öwürmezlik borçlulyklaryna näderejede eýerýändiklerini görkezer. Eger mukaddes haj parzy syýasat üçin sahna bolmaly bolsa, ýer eýesi Saud Arabystanynyñ muny öñden bäri garşydaşlaryna, eýranlylara, husilere we geçen onýyllyklarda pikir bölünişigine düşen güýçlere garşy ulanmaga has köp haky bolardy. Saud Arabystany eýýäm ýüz ýyla golaý wagt bäri haj möwsümini we umuman mukaddes ýerleri bütin bularyñ barsyndan daşda saklady, beýleki ýurtlar we režimler bilen geçmişde bolup geçen syýasy düşünişmezliklere garamazdan, haj möwsüminde olara garşy uruş çagyryşyny etmedi, çykyş guramady, syýasy ugruny jar etmedi. Şonuñ üçinem mukadde Mekge-Medine we haj zyýaratt dünýäniñ bitarap yslamy mekanyna öwrüldi. Yslam dünýäsi muny toparlaryñ we syýasy güýçleriñ haj möwsümini we Mekgäno öz maksatlary babatynda ulanmaga synantşan taryhdaky mysallaryndan göre-göre geldi. Taryhda haj möwsüminde karmatlaryñ eden çozuşynyñ iñ gorkunç heläkçilikleriñ birine öwrülişi ýaly haosyñ höküm süren günleri yzda galdy. Karmatlar haj zyýaratyna gelenden bolup, Mesjidi-Harama yhramly girdiler, soñra yhramlarynyñ aşagyndan bukup gelen gylyçlaryny çykaryp, ideologiýalaryna garşy çykan beýleki hajylary gylyçdan geçirdiler we on sekiz günläp mukaddes şäheri taladylar. Haj zyýaratyny syýasy çaknyşyklaryñ we ýigrini günläp dowam eden sebitleýin oñşuksyzlygyñ arenasyna öwürdiler. Eger haýsam bolsa bir pikire ynanýan islendik kişi muny impozirlejek we aýratynam Mekgedir haj zyýaratynda görkezjek bolsady, haj parzy sünnilerdir şaýylardan ybarat musulmanlaryñ özi bilen "El-Kaide", YŞYD" ýaly ekstremistik toparlaryñ arasyndan öñi-ardy görünmeýän çaknyşyklaryñ bolýan ýerine öwrülerdi. Edil Jüheýmanyñ "Mesjidi-Haramy" eýelemäge synanyşmagy, howpsuzlyk güýçleri ara girip, bu jenaýaty soñlandyrýança iki hepdeläp ol ýerde namaz okalmagyna päsgel bermegi we "Mesjidi-Haramyñ" içinde gan dökmegi ýaly. Bu hadysa "Kemp Dewid" ylalaşygy dartgynlylyklarynyñ bolýan döwründe bolup geçipdi. Eger her yslamy topar öz prinsipini haj parzyna we hajylara etdirjek bolsa, onda Orta Aziýaly hajylaryñ Orsyýete, beýleki bir topar hajynyñam Hytaýa garşy çykyşlary edýändiklerini görerdik. Ýene bir bölegi-de Arafat dagynda amerikan baýdaklaryny ýakardy. Garşydaşlary tarapyndan hut yslamy režimlere garşy tapgyrlaýyn çykyşlar bolup geçerdi. Sünniler şaýylara, palestinalylaram palestinalylara garşy çykyş ederdiler. Ýoldaş Mukteda Sadr Nejebe we Kerbela gelen zyýaratçylaryñ öz şygarlaryndan başga hili syýasy şygarlar bilen gelmegini we Hezreti Hüseýiniñ hormatyna geçirilýän Erbain ýörişini sebitleýin çaknyşyklaryñ bolýan meýdanyna öwürmeleri bilen ylalaşyp bilermi? Geçen ýyl yrakly zyýaratçylar pikir we syýasy sebäplerden ötri eýranly hajylaryñ üstüne hüjüm edipdi. Ýoldaş Mukteda Sadr şol döwür bu dini çäräni bozmaga synanyşýanlara gahary gelipdi we munuñ añyrsynda ýa BAAS-çylaryñ, ýa-da "ugursyz üçlügiñ", ýagny Şaýy Koordinasion çarçuwasynyñ durandygyny aýdyp, olary aýyplapdy. Haj parzynyñ dowam edýän günlerinde syýasy hereketlere gapyny açmagyñ özi duşmançylyklaryñ möwjemegine we uruşlaryñ tutaşmagyna getirer. Musulmanlaryñ öz arasynda gadymdan bäri dowam edip gelýän oñuşmazlyklar Gazadaky hadysalardan has howpludyr. Abdyrahman RAŞID. Şenbe, 15.06.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |