20:07 Fransiýada howpuñ gözbaşy migrantlarmy ýa sistema? | |
FRANSIÝADA HOWPUÑ GÖZBAŞY MIGRANTLARMY ÝA SISTEMA?
Publisistika
Häkimiýetiñ gowşaklygy - temasy, meselesi, reñki ýa-da islegi näme bolsa bolsun, kanuny ar almak, talañçylyk etmek ýa-da başagaýlyk döretmek üçin bozmak isleýän her kimsäñ aklyny bulaşdyrýar Meniñ pikirimçe Fransiýada bolup geçenleriñ adalatsyzlyk bilenem, akýagyz milletparazlar bilenem, musulmanlar bilenem, Kurany-Kerimiñ ýakylmagy bilenem, eýran liderligini ýañsa alýan "Charlie Hebdo" žurnaly bilenem dahylly ýeri ýok. Russiýanyñ döwlet ýolbaşçysy Putiniñ Ukraina berýän goldawyndan ötri Fransiýa garđy ar almak maksatly komplimasiýadanam, ABŞ-nyñ prezidenti Baýdendenem, amerikanlardanam gelip çykanok... Demonstratlaram arap ýa-da afrikaly migrantlar bilen çäklenenok, öñe sürülenlerem aklama we ar alma teoriýalaryndan ybarat däl... Munuñam sebäbi merkezi hökümetiñ gowşaklygy. Şeýle gowşaklyk netijesinde-de köpçülikleýin gozgalañ artýar. Adamlar sosial mediýada ýaýradylýan gorkuzma kampaniýalary we ýalan-ýaşryklar bilen doldurylyp jemgyýetçilik ýerlerine çykarylýar. Häkimiýetiñ gowşaklygy - temasy, meselesi, reñki ýa-da islegi näme bolsa bolsun, kanuny ar almak, talañçylyk etmek ýa-da başagaýlyk döretmek üçin bozmak isleýän her kimsäñ aklyny bulaşdyrýar. Fransuz ygtyýarlylar polisiýa işgärini tussag astyna aldy. 17 ýaşly ýigdekçäni öldüren polisiýa işgäri bilkastlaýyn adam öldürmekde aýyplandy. Çykyşlary möwjeden uçgun şudy we tussag etmelere garamazdan çykyşlar dowam etdi. Oppozisionerleriñ we gahar-gazabyna bäs gelip bilmeýänleriñ gaçybatalgasynyñ kanun we derñew kanallary bolmaly. Emma bu kanallar inçelende ýa-da işlemän duranda sosial-syýasy sistema parçalanmafa we belki-de çökmäge başlaýar. Fransiýanyñ jebir çekenlere şikaýat etme mümkinçiligini berýän siatemasy we mehanizmleri bar. Üstesine, fransuzlar talaplaryny diñe suduñ zallarynda däl, saýlawlarda-da orta oklap bilýärler. Kanuny migrantlaryñam beýleki fransuzlar ýaly iş taşlaýyş yglan etmäge we parahatçylykly demonstrasiýalary geçirmäge hukugy bar. Ýagdaý şeýle bolansoñ, bulagaýlyk, urha-urluk, garşylyklaýyn jogap görnüşinde ýüze çykan "köçe adalaty" eden-etdiligi we ikiraraplaýyn ýykgynçylygy emele getirýän jenaýatçylykly hereketdir. Fransiýa protestlerdäki artyş we yzygiderlilik sebäpli ençeme ýyl bäri ykdysady we jemgyýetçilik taýdan kynçylyk çekýär. Protestçileriñ hemmesi migrant ýa musulman raýatam däl. Mundan öñem daşky gurşawy goraýjy toparlaryñ, şerap öndürijileriñ, kowid-19 çäklendirmelerine garşy çykan komplimasiýaçylaryñ, milletparazlaryñ, migrant duşmanlarynyñ, professionallaryñ we ýaşaýyş-durmuş şertlerine nägileligi bolan gaharlylaryñ başyny çekýän gapma-garşylyklar bolup geçipdi. Bular Fransiýanyñ merkezi hökümetine birnäçe gezek nägilelik bildirdiler we bu agalyk syýasy taýdan gowşak, howpsuzlyk taýdan ejiz göründi. Megerem mundan has beterini görsek gerek. Teoriki taýdan Fransiýanyñ raýat sistemasy giñ we çeýe. Dürli talaplara we meýillere eýe protestçileri öz içine alyp bilýär. Parallel kanuny we syýasy ýollara eýe jemgyýetçilik üýtgeşmeleriñ oñyn kabul ediljekdigi we petiş howany gowşatjakdygy çaklanýar. Emma döwlet edaralaryna bolan hormatyñ azalmagy bilen birlikde köçelerde parahatçylykly ýollar bilen nägilelik bildirmek düşünjesi käbir protestçileri kanagatlandyrman başlady. Häzir ygtyýarlylar gijem bolsa herekete geçdu we ykdysady, ideologik, dini, syýasy tutaryklary näme bolanda-da urha-urlugyñ çäre däldigi ýa-da oñlanmajakdygy hakda duýduryş berdi. Jemgyýetiñ bir bölegi hökümete her garşy çykanda hökümet bialaç ýagdaýa düşen ýaly bolýar. Emma howpsuzlygy üpjün etmek üçin ukyplaryny ulanmanlygyndan däl, kanuny edaralaryny goldap güýçlendirmek we ýola goýmak üçin kanun çykaryjy mejlisleri bolmanlygyndan şeýle bolýar. Birleşen Korollykda korol Çarlzyñ täç geýme dabarasyndan öñinçä hökümet oppozisionerleriñ niýetlerine garşy taýýarlygyny gördi we parlamente ýüz tutdy. Parlamentde hem käbirleri köçelerde ýol hereketini bökdemek üçin oturma protestini gurnanlara türme jezasy ýaly öñ görülmedik, çykyşlary we urha-urluklary çäklendirýän gyssagly kanunlary çykardy. Şeýlelikde dabara däp-dessurlara laýyklykda geçirildi we ýurt derejesinde asudalyk höküm sürdi. Howpsuzlyk ugrundaky şowsuzlygyñ sebäbi şol bir wagtyñ özünde medeni şowsuslykdyr. Fransiýa we kese ýerlileriñ göçünden kösençlik çekýän Ýewropanyñ köp ýurdy jemgyýet bilen bitewileşmegi, birmeñzeş gymmatlyklara ynanýan raýatlar ýagdaýyna gelmegi we özüne ýaşamaga-işlemäge rugsat berýän ýurduñ kada-kanunlaryna uýmaklary üçin migrantlar bilen çagalaryny jemgyýete gasandyrmaga gönükdirlen medeni maksatnama bilen gyzyklanmady we işläp düzdi. Medeni reabilitasiýa barha tapawutlylaşýan we çaknyşýan, geljekki nesilleriñ añyna duşmançylyk guýýan toparlaryñ bir ýerde agzybirlikde ýaşamaklaryny üpjün etmek üçin gerek. Hökümetiñ urha-urluklar bilen ýüzleşme babatdaky islegsizligi protestleri "alyñ ala meýdanynda" içerki urşa öwrüp barýar. Hökümet adamlaryñ gahar-gazaplaryny orta atanlaryndan soñ köşeşip öýlerine dolanjagyny umyt edýärdi. Emma has öñki mysallarda ygtyýarlylar protestçi güýçleriñ bulam-bujarlygy bilen gowşandygy üçin şeýle güýçler bu gezek çäklerini giñeltdi we liderleri urha-urluk hem-de talañçylyk boýunça hasam ýüreklenen ýaly boldular. 2021-nji ýylyñ 6-njy ýanwar wakalary bolup geçende görmezlige-bilmezlige salan ABŞ Kongrese çozanlaryñ yzyna düşüp, olary jogapkärçilige çekmegi makul bildi we günäkärlere agyr jezalary berdi. Hökümetiñ aýdanlaryna ynansañ-a, şol pitnede bir polisiýa işgäri bilen dört demonstrat öldürilipdir. Wekiller palatasynyñ başlygynyñ kürsüsine geçip, aýaklaryny stolda goýup surata düşen demonstrat sekiz jenaýatçylykly hereketde aýyplanyp tussag edildi. Düýnüñ Fransiýasy özara çaknyşýan çepçi we sagçy toparlaryñ arasynda umuman alanda parahatçylykly demonstrasiýalara garşy göreşýärdi. Şu günüñ Fransiýasy bolsa merkezi hökümetiñ gowşak ýagdaýynda çaknyşyklary her gezeginde partlama duýduryşyny berýän dürli gatlaklar we dürli ýaşyryn pygyllar bilen doly gämä meñzeýär. Abdyrahman RAŞID / @aalrashed Duşenbe, 03.07.2023 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |