23:22 Dünýäni parahatçylyk däl, ýarag şekillendirýär | |
DÜNÝÄNI PARAHATÇYLYK DÄL, ÝARAG ŞEKILLENDIRÝÄR
Publisistika
Bu konfliktden almaly sapak şu: ýaşaýan dünýämiz bir tokaý mysaly. Bu tokaýda diñe güýçlä we gara güýje hormat goýulýar Russiýanyñ Ukrainany okkupirlemegi bilýänlerimizi tassyklaýar: Dünýäni parahatçylyk däl, ýarag şekillendirýär. Halkara sistemalary ýola goýmak üçin edilýän tagallalara, serhet ylalaşyklaryna we kartalara garamazdan çaknyşyk we uruş dynmaýar. Taryh gaýtalanyp dur. Eýran bilen baglaşylan serhet ylalaşygy şanyñ agdarylmagyndan soñ Saddam Hüseýiniñ şertnamany ýyrtyp, serhetden aşmagyna böwet bolup bilmedi. Arap bileleşiginiñ agzasydygyna birek-biregiñ üstüne çozmazlyk baradaky şertnamanyñ bardygyna garamazdan Kuweýti-de basyp aldy. Uly güýçleriñ güýçleriniñ bardygyna geler bolsak... Tähran režiminiñ Yragy, Siriýany, Liwany gözegçilik astyna almagynyñ öñüni alyp bilmeýişleri ýaly, Ermenistandan Efiopiýa, Liwiýa, Ýemene, Siriýa, Ukraina çenli uzaýan uruş howplarynyñam öñüni alyp bilmediler. Dünýä "Uly uruş" diýip atlandyran Birinji jahan urşunyñ döreden weýrançylygy sebäpli soñky uruş boljagyna ynandy. Emma ýigrimi bir ýyldan soñ Ikinji jahan urşy başlady. Bu uruş has gandöküşikli we ýykgynçylykly boldy. Birinji jahan urşunda ölenleriñ sany 40 milliona ýetse, Ikinji jahan urşunda ölenleriñ sany 60 milliona ýetdi. Ýewropalylar 1945-nji ýylyñ 2-nji sentýabrynyñ rus güýçleri 24-nji fewralda Ukraina girýänçä yklymdaky urşuñ soñky güni bolar öýtdüler. Munuñ olar üçin iki ýurduñ arasyndaky çaknyşykdan has artyk manysy barmy? Iñ köp aýdylýan söz "Näme bolýandygyna ynanmak kyn" boldy. Ýewropalylar dünýädäki uruşlara we gapma-garşylyklara öwrenşikli. Bir ýurduñ başga bir ýurt bilen uruşmagy ýa-da basyp almagy bolsa Ýewropada öwrenişilmedik ýagdaý, ýagny olar 76 ýyl 9 aý mundan öñ döwlet uruşlary bilen hoşlaşypdylar. Ýugoslawiýa Federasiýasyndaky doganlaryñ urşuny muña dahylly edip bolmaz. Çünki bu ýedi oblastyñ öz arasyndaky içerki bölünişikdi. Ukraina konflikti ha bütin ýurduñ yza dolanyşy bilen bolsun, ha awdan soña galanlar - uly ähtimallykda parahatçylykly ylalaşyk bilen soñlanar. Munuñ bilen birlikde uruş halkara gatnaşyklarynda köp zady üýtgeder we gelejekde bolup biläýjek uruşlara taýýarlyk hökmünde döwlet hem-de regional gorag çärelerini güýçlendirer. Germaniýa eýmenilýän Russiýa we Hytaý bilen hyzmatdaşlyk edip, Ýewropanyñ federal sistemasyndan we NATO-dan aýrylmaga döwtalap ýurtlaryñ biridi. Berlin ukrain okkupasiýasyndsn soñ harby çykdajylaryny aýan etmekde gijikmedi we tutumyny üýtgetdi. Russiýanyñ strategik "Demirgazyk akym -2" tebigy gaz geçirijisini togtadandygyny mälim etdi. Germaniýa we Ýewropa ýurtlary bu geçirijä hyzmatdaşlyk we uruşlara garşy eldegrilmesizlik hökmünde garasa, ABŞ olary munuñ tebigy gaz geçirijisiniñ tüýsüne giren ýaragdygyny duýdurdy. Ukrainanyñ basylyp alynmagy gönükmäni üýtgetdi. Munuñ we Gürjüstanyñ, Krymyñ, Ukrainanyñ yzyndan Ýewropa tarap dowam etjekdigini oýlandyrmaga başlady. Ruslaryñ NATO-nyñ işlerine garşy zerur goranyş sebäpleri bolup biler, emma oñşukly ýewropalylar okkupasiýanyñ hemmesini nyşana aljakdygyny pikir etdi. Ukraina okkupasiýasy NATO-ny güýçlendirdi we ýewropalylary amerikan liderligine ýakynlaşdyrdy. Şeýlelikde ABŞ merkezi pozisiýasyny güýçlendirmek üçin "Sowuk uruşdan" bäri eline geçen bu elýetmez pursatdan peýdalandy. NATO ýurtlary Ukrainany goramak üçin gönüden-göni urşa girmezler. Emma Günbataryñ maliýe we ykdysady ýaraglanşykdaky öñdeligi Moskwany ep-esli gowşadar we ony yza çekilmäge ýa-da ylalaşyga gelmäge mejbur eder. Bu konfliktden almaly sapak şu: ýaşaýan dünýämiz bir tokaý mysaly. Bu tokaýda diñe güýçlä we gara güýje hormat goýulýar. Eýsem güýç konsepsiýasynyñ doly harby däl-de, has köp ylmy, tehniki we ykdysady taraplary-da bar. Ahyrynda SSSR hem dünýäniñ iñ uly ikinji harby güýji bolup durýan döwründe ykdysady sebäpler bilen çöküpdi. Abdyrahman RAŞID, Saud Arabystanly žurnalist, "ŞARKU'L AVSAT" gazetiniñ öñki baş redaktory, "EL-ARABIYE" kanalynyñ öñki müdiri. @aalrashed 03.03.2022 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |