19:53 Eýran: Prezident liderligiñ aýnasydyr | |
EÝRAN: PREZIDENT LIDERLIGIÑ AÝNASYDYR
Publisistika
Eýranyñ şemaly ylalaşyga gelmegiñ ugruna bakan öwüsermi ýa-da öñküsinden has uly, juda howply tapgyrda birden köp frontda söweşmegini dowam etdirermi? Dini lider Ali Hamaneýden başga aýatolla Homeýniñ adamlaryndan hiç kim galmady. Prezident Ibrahim Reisi, ondan öñ Ali Ekber Welaýaty, ondan öñem Haşimi Rafsanjani hatardan çykdy. Şeýle-de Hasan Ruhani, Mehdi Kerrubi, Ali Welaýaty, Ali Jenneti ýaly beýleki şahslaram arenadan çekildiler. Reisiniñ ölümi we aýatolla Hamaneýiñ ötüşen ýaşy bilen birlikde Eýran Yslam Respublikasynyñ düýbüni tutan nesliñ döwri soñlanyp barýar. Şu ýerde ýene şobir sorag täzeden orta atylýar: Eýran režiminiñ geljegi nähili bolarka? Reisi eýran syýasatynda algyr laçyn hasaplansa-da, ömrüniñ soñky gününi Eýranyñ esasy goñşularyndan we azmly garşydaşlaryndan Azerbaýjan Respublikasynyñ prezidenti bilen ylalaşyga geliji duşuşyk bilen soñlady. Iki prezident bilelikde bendiñ açylyş dabarasyna gatnaşdy, yzyndanam Reisi gaý-tupanly gijede Tährana baryp ýetip bilmejek soñky ýoluna rowana boldy. Taryhyñ esasy şahsyýetleriniñ biriniñ öldürilmegi ýaly onuñ wertolýotynyñ awariýa uçramagy-da şübheli pikirlere we çaklamalara açyk syr bolup galar. Dünýäniñ Eýrany dolandyrýanlar barada bilýän zatlary rewolýusiýanyñ aktýorlary we olar bilen birlikde gelen täze nesliñ liderleri bilen çäklenýär, emma bularyñ köpüsi uzak wagtlap häkimiýet başynda oturmady. Öñki prezident Mahmud Ahmedinejad hökümetden daşrakda durdy, Kasym Süleýmany we onuñ ýerine gelen daşarky harby gatnaşyklarda gulluk edýän Rewolýusion gwardiýanyñ käbir ýolbaşçylary hatardan çykaryldy. Öñümizdäki dört hepdäniñ dowamynda eýranlylar we Eýranyñ meseleleri bilen gyzyklanýanlar prezidentiñ kim boljagyny we ertiriñ täze liderlerini çaklamak bilen geçirerler. Ýurt liderlik nukdaýnazaryndan ganyny täzelemegiñ öñüsyrasynda dur. Prezidengiñ kim boljakdygyna ýakynda karara geliner we hökümetiñ ertirki güni hem-de birnäçe ýyl bäri dini liderlige kandidat görkezilýän dini lideriñ ogly ýoldaş Müjteba boýunça gyzyklanmalar artar. Emma Eýrandaky üýtgeşmelere köp sanly parallel geñeşden we möhüm harby merkezlerden ybarat garym-gatym hökümet apparatynyñ kölegesinde anyklamak we düşünmek kyn. Kandidatlaryñ atlary we olaryñ içinden biriniñ prezident saýlanmagy Tährandakу hökümetiñ ugry babatda möhüm signallary berer. Reisiniñ duýdansyz aradan çykmagy uly hadysalaryñ we kyn çözgütleriñ bolýan döwrüne gabat geldi. Reisiniñ birinji prezidentlik döwrüniñ gutarmagyna birýarym ýyl galypdy we uly ähtimallyk bilen ikinji döwürem saýlanyp, ýene dört ýyl wezipesinde galmalydy. Bu döwürde Eýrana sebitdäki çaknyşyklaryñ hötdesinden gelmekde möhüm jogapkärçilikler garaşýar we onuñ özi bu çaknyşyklaryñ köpüsinde aktiw tarap bolup çykyş edýär: Yrak, Siriýa, Liwan, Ýemen, Gaza. Prezidentlik döwletiñ içinde ýeke-täk karar kabul ediji güýç däl, ol döwletiñ aýnasydyr. Her prezident eýran liderliginiñ ugurlarynyñ bir tapgyryny alamatlandyrýardy. Pozitiw dünýägaraýyşly Hasan Ruhaniniñ prezidentligine Obamanyñ döwründe ABŞ bilen ylalaşyga gelmek tapgyry ýoldaşlyk etdi. Radikal prezidenti bolsa Trampyñ ýadro ylalaşygy bozan we Tährany nebit hem-de syýasy derejede gysýan kararlarynyñ yzyndan ABŞ bilen duşmançylyk tapgyrynda wezipä geldi. Eýsem Eýrana nähili prezident we haýsy tapgyr garaşýar? Režim dünýä garşy çykmagyny dowam etdirip, soñky prezidentini bürgüt konserwatiwleriñ arasyndan saýlajakmyka? Ýa-da Reisiniñ ýoklugy sebitleýin we halkara ylalaşyga tarap täze tapgyryñ ýoluny açarmy? Eýran režiminde döwletiñ daşarky syýasaty boýunça ugurlaryndaky düşünişmezlik täze däl, onlarça ýyllap dowam edip gelýän zat. Rewolýsiýanyñ başlanan wagtyndan bäri ylalaşyga gelmek üçim uzadylan el bilen eli ýaragly ideologiýanyñ arasynda dünýä bilen gatnaşyklar babatdaly düşünişmezlik dowam edýär. Bu boýunça has ekstremistik topar elmydama ýeñiş gazandy. Bir aýyñ içinde prezidentlige kandidatlaryñ arasyndan we yzyndan prezident saýlawlarynyñ netijeleriniñ Eýranyñ haýsy ugra ýöneljegini göreris. Bular öñümizdäki dört ýylyñ dowamynda Eýranyñ şemalynyñ haýsy ugra bakan öwüsjegini görkezer: ylalaşyga gelmegiñ ugruna bakan öwüsermi ýa-da öñküsinden has uly, juda howply tapgyrda birden köp frontda söweşmegini dowam etdirermi? Abdyrahman RAŞID, "El-Arabiyye" kanalynyñ öñki başlygy. @aalrashed Çarşenbe, 22.05.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |