21:01 Saýt düzgünnamasy | |
Hormatly agzalar we myhmanlar! www.kitapcy.com edebi saýtynda ulanyjylar şu aşakdaky kategoriýalara bölünýär: 1). Myhman okyjylar: – Saýta agza bolmadyk ulanyjylar diñe paýlaşylýan eserleri okap we ball goýup we myhman depderde ýazgy galdyryp (teklip berip we ş.m.) bilýär, teswir ýazyp bilenoklar. 2). Okyjy agzalar: – Agza bolan (şahsy hasaby registirlenen) ulanyjylar bloglary okap, okan bloglaryna teswirlerde tankydy belligini, pikirini, teklibini we ş.m galdyryp bilýär, teswirler adminstrasiýanyñ gözegçilik tassygyndan geçensoñ, güýje girýär (okyjy agza blog açyp bilenok). 3). Awtor agzalar: – Okyjy agzalaryñ arasyndan saýlanyp alynýar. Awtorlara goşulmak isleýän agza özüniñ kimdigini (ady, familiýasy, atasynyñ ady), ýaşaýan we işleýän ýerini, telefon belgisini ýa-da elektron salgysyny, awtorlyga geçmek bilen nähili eserleri paýlaşmak isleýändigini gysgaça ýazyp, saýtyñ aşakda görkezilen elektron salgysyna ugradandan soñ onuñ ýüz tutmasyna iñ gysga wagtyñ dowamynda serediler we netijä gelnip, bu barada oña jogap berler. (Berlen maglumatlar doly suratda şahsy hukuklara laýyklykda gizlin saklanylýar.) Awtor agzalaryñ ýokarda agzalan mümkinçiliklerden başga-da, blog açmaga (dürli žanrdaky eserleri, makalalary paýlaşmaga), özbaşdak teswir galdyrmaga hukugy bar. Agzalary awtorlyga agzanyñ ýüz tutmasyndan soñ onuñ paýlaşjak bloglarynyñ hiliniñ ýokary bolmak, alnan çeşmesini görkezmek, ýalñyşsyz we awtorlyk düzgünlerini doly berjaý etmek şerti bilen adminstrator geçirýär. Bloggerler saýtyñ edebi kollegiýasynyñ doly hukukly agzasy hasaplanýar. Şonuñ üçin agzalyga saýlananda belli bir derejede onuñ sowat we bilim derejesine seredilip saýlanylýar. Bloggerlere tema çäklendirmesi ýok. Islendik temadan ýazylan materiallary paýlaşyp bilerler. Materiallar paýlaşylanda saýhally, ýönekeý, harp ýalñyşsyz paýlaşylmagyna üns berilmeli. Türkmen edebiýaty, taryhy, medeniýeti we jemgyýetçilik durmuşy boýunça, şeýle-de daşary ýurt awtorlarynyñ terjimelerinden nusgalary, dürli dillerde (türkmen, rus, iñlis, türk dillerinde) berilýän giñ möçberli maglumatlary okamaga mümkinçilik berýän ähli bloglar diñe okyjylar bilen pikir alyşmagy, çeper edebiýatyñ, kitabyñ muşdaklaryny özgeren dünýäniñ innowasion mümkinçiliklerine laýyk amatly elektron gollanma bolmagy, ýaş zehinlere ruhy goldaw bermegi we ýerlerdäki täze zehinleri gözläp tapmagy maksat edinýär. Agzalaryñ pikir alyşmalarynda ýüze çykyp biläýjek islendik düşünişmezlikler sebäpli kitapcy.com saýty jogapkärçilik çekmeýär. Saýtda jynsparazlygy, milletçiligi, ildeşparazlygy, dini duşmançylygy öjükdirýän ýa-da beýleki agzalaryñ şahsy mertebesini kemsidiji, hapa-paýyş sözler ýazylan islendik blog, teswir duýduryşsyz öçürilýär. Mundan degerli netije çykarman, öñki bidüzgünçiligine dowam eden agza duýduryşsyz bloklanýar. Belli bir awtory, özüne ymykly kabul edip alan belli bir edebi lakamy-tahallusy (nikneýmler muña girmeýär) görkezilmedik anonim bloglary paýlaşmagam şuña girýär. Saýtda paýlaşylan maglumatlary alnan çeşmesini we linkini görkezmek şerti bilen paýlaşmaga we ulanmaga rugsat berilýär. Awtorlardan ediljek ýene bir talap, ýene bir haýyş - şu saýtda paýlaşan eserini başga saýtda ýa-da başga saýtda paýlaşan eserini şu saýtda paýlaşmazlyga üns bersinler. Sorag-jogap ü.n: haweranm@mail.ru | |
|
Teswirleriň ählisi: 8 | |||||||||
| |||||||||