04:57 Saýtymyzyñ okyjylaryna | |
SAÝTYMYZYÑ OKYJYLARYNA
www.kitapcy.ml edebi-çeper saýtymyzyñ Hormatly okyjylary we agzalary! Saýtyñ "Kitapçylar" edebi topary ertirden başlap, sahypamyza daşyndan girip okaýan agza däl okyjylarymyz üçin döredilen erkin teswir ýazmak mümkinçiligini aradan aýyrýar. Ilkibaşda biz muny dürli pikirlere açyklygymyz we edebi saýtymyza dürli pikirleriñ, bellikleriñ zerurlygy üçin edipdik. Gynansak-da, agza däl erkin okyjylar üçin döredilen bu mümkinçiligi saýta kesek atmak üçin peýdalanmaga synanyşýanlar bar. Ýamanyñ kösti ýedi ýerde deger diýlişi ýaly, şolar ýaly ýek-tük tapylyp durýan birdir-ikidir betpygyllylar zerarly, ak ýürekli agza däl okyjylarymyzy hem bu mümkinçilikden kesmäge mejbur bolduk. Erkin okyjylarymyz bize dogry düşünerler diýip tama edýäris. Çünki biz bu saýty anonim atlara bukulyp, her dürli pohly teswirlerini çyrşap gitjek birki sany eşekler üçin däl-de, erkin pikirli, giñ gözýetimli, dury dünýägaraýyşly, hantamaçylyksyz dostlukly gatnaşykda boljak we Hormatly Prezidentimiziñ il-ýurt üçin alyp barýan işlerine, Watanymyzyñ ösüşine, eziz halkymyzyñ agzybirligine sähelçe-de bolsa şahsy goşandyny goşup biljek ildeşlerimiz üçin, olaryñ erkin ýagdaýda pikir alyşmagy üçin döretdik. Saýtymyz türkmen medeniýetiniñ, sungatynyñ, edebiýatynyñ we şanly taryhynyñ öwrenilmegini, ýurdumyzda we dünýäde giñden wagyz edilmegini, munuñ netijesinde bolsa edebiýatymyz we taryhymyz bilen gyzyklanýan her kese ruhy we medeni gymmatlyklarymyzy elýeterli etmekligi özüne maksat edinip goýýar. Şonuñ üçin saýtymyz bu işe goşant goşjak zehinli ýaşlara öz gapysyny giñden açýar. Saýta agza bolan islendik agza şahsy döredijiligini ýa-da awtorynyñ kimdigine garamazdan özünde bar bolan elektron görnüşli çeper eserleri, taryhy makalalary okyjylar bilen özü-de paýlaşyp biler ýa-da elektron salgymyza ugradyp, biziñ üstümiz bilenem okyjylara ýetirip biler. Hut şol sebäplem saýtymyzyñ sahypalarynda, salyhatly agzalarymyzyñ paýlaşýan eserleriniñ aşagynda her wagt-her wagt her dürli atlar bilen myjabatçylykly ýazylýan teswirler (aslynda olary kimiñ ýazýany belli) bir gazan süýde düşen bir damja garaýaga meñzeýär. Asylly maksatlar üçin açylan saýtymyzyñ teswirlerinde bolsa, ite bir sümek bergisi bolup, öýünde çyrasyny öçürip oturýan, kezzap we añsyz-düşünjesiz "adamlaryñ" (aslynda olar adammyka beri!) guşbeýnilerinden çykan bolgusyz sözleri görmek islemeýäris. Bu bizden bäşbeter ak ýürekli we agza däl erkin okyjylarymyzyñ ýüregini bulaýar. Olaryñ asyl maksady hem okyjylarymyzyñ ýüregini bulap, saýta gelýänleri ürküzmek. Indiden beýläk diñe saýtyñ agzalarynyñ teswir ýazmaga hukugy bolar. Şeýle-de bolsa, saýtymyzyñ agzalaryna teswir ýazmak çäklendirmesi bolmaz. Islendik agza islendik pikirini aýdyp biler, islendik garşylyklaýyn tankydy belligini edip biler. Elbetde, şahsa degýän, awtoryñ ýa-da kimdir biriniñ mälim etmek islemeýän şahsy maglumatlaryny aýan edýän, kemsidiji ýa-da hapa-paýyş sözli teswirleri ýazan agzalaryñ teswirleri duýduryş bermezden öçüriler we özüne-de saýda girmek mümkinçiliginiñ böwetlenjekdigi duýdurylar. Saýtyñ agzalarynyñ beýle medeniýetsizlige ýol bermejekdigine bolsa tüýs ýüregimizden ynanýarys. Çünki agza bolan okyjylar saýta agza bolanda talap edilýän käbir şahsy maglumatlarynyñ we e-poçtasynyñ saýtyñ "bukjasynda" saklanýandygyny özleri gowy bilýändirler. Dogrusy, agza bolman anonim atdan myjabatçylykly teswir ýazýanlary anyklamaga-da mümkinçilik bar. Ýöne bu artykmaç hossa bilen meşgullanmaga biziñ WAGTYMYZ ýok. Biz bizi sylaýanlar bilen, bizi halaýanlar bilen, biziñ edýän işlerimiziñ dogry işlerdigine we gymmatyna düşünýänler bilen meşgul. Ýagşynyñam, ýamanyñam päli-niýeti iñ ýakyn ýoldaşydyr. Biz bize kesek oklaýanlary "ýoldaşyna" tabşyrýarys. Iñ dogrusy-da şol. Wessalam! Hormatly okyjylar! Ýene-de bir gezek Sizden ullakan ötünç soraýarys. Saglykly günlerde ajaýyp sahypalarda duşuşmak umydy bilen: #Kitapçylar edebi topary. | |
|
Teswirleriň ählisi: 3 | ||||
| ||||