08:25 Sazlaşyk | |
SAZLAŞYK
Görsene... Saňa juda meňzeşdigimi, Täzelenýär ruhum tämiz demiňe. Boşan göwräm öwrülýär-de barlyga, Ylham doluberýär sämän serime. Seniň çäksiz söýgiň bilen sepleşip, Mähriňden püre-pür doldurýan kalbym. Ümmülmez sähranyň agraslygyny... hemem... Juda syrly mukama meňzeş, Ýüregiň sesini duýşum ýaly Bir geňsi saz çalyp bilýän. Diýseň täsin ýaly bularyň bary, Bir saňa birigýän ýaly meň dünýäm. Täze bir älemi açýan özümde, Ynha, şeýdip saňa düşünip bilýän. Sende has üýtgeşik Günüň dogşuny, Baryny bir demde aýdasym gelýär. Duýýaryn söýgiňe şärikdigimi, Meni gujagynda ezizlän Diýar. Bilbil KAKABAÝEWA. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |