00:03 Seljuklaryň taryhy / 1-nji bap | |
SELJUKLARYŇ TARYHY
Taryhy makalalar
BIRINJI BAP SELJUKLAR TAÝPASYNYŇ, SELJUGYŇ, ONUŇ KAKASY DUKAGYŇ AHWALYNYŇ, MIKAÝYLYŇ WEPAT BOLMAGYNYŇ HEM-DE ONUŇ AGALARYNYŇ DUŞMANÇYLYKDAN WE REHIMSIZLIKDEN AMAN GALMAGYNYŇ BEÝANY «Meliknama» kitabynda aýdylmagyna görä, Hazar düzlüginiň türki taýpalary Dukagy «demir ýaýly» diýip atlandyrypdyrlar. Ol özüni ýurdy adalatly dolandyrmakda akyly, paýhasy, edermenligi we maksada okgunlylygy bilen tanadypdyr. Hazar ýurdunyň Ýabgu atly patyşasy hem ondan maslahatsyz hiç wagt möhüm işlere baş goşmazdy. Günlerde bir gün Ýabgu bigünä türki taýpalarynyň birine zyýan ýetirmek isledi. Bu waka hakyndaky habar Dukaga baryp ýetipdir. Ol gazaba münüp, patyşanyň ýoluny baglapdyr. Oňa garşy gazaply hem ýazgaryjy sözler aýdypdyr. Ol sözler hem patyşanyň gaharyny getiripdir. Ol gylyjyny syryp, Dukaga topulypdyr. Gylyç Dukaga degip, ony gana bulapdyr. Dukak örän gaharlanyp, dergazap halda gürzi bilen Ýabgunyň kellesine urupdyr. Onuň kellesi ýarylyp, atdan ýykylypdyr. «Meliknama» kitabynyň terjimeçisi şeýle ýazýar: «Onuň bu hereketi türkileriň, kethudalaryň, aksakgalaryň, akyldarlaryň bir toparynyň huzurynda ýüze çykdy». Hazar ilatynyň däbi boýunça, güýçli bolsun, güýçsüz bolsun, baý bolsun, garyp bolsun, parhy ýok, doly sorag-derňew etmeseler, hiç bir adamy öldürmändirler. Ýurt kethudalary Hazar patyşasynyň at üstünde Dukagy öldürmek barada buýruk berenini görüp, haýran galypdyrlar. Dukak ol adamlara haýbat bilen ýüzlenip, şeýle diýdi: — Meniň günäm Ýabguny türki halklaryna we ýurt ýolbaşçylaryna zyýan ýetirip biljek işinden saklanlygym hem-de ýurdy weýran edip, patyşalygy ýykyp biljek zulumyň garşysyna çykanlygymdyr. Özüm hem bu nesihatymyň öwezine gylyç urgusyna sezewar boldum. Türki emirleri we Hazar düzlüginiň kethudalary hakyň tarapyny tutup, Ýabguwa nesihat berip, ony köşeşdirdiler we şeýle diýdiler: — Dukaga azar bermek şeýtanyň was-wasynyň netijesidir. Eger şeýle iş ýüze çykan bolsa, bu ýagdaý jahan patyşasynyň närazylygyna sebäp bolardy... Şeýle birnäçe ýagşy sözlerden soň Ýabgu ýaraşyga razy boldy. Görenleri haýrana goýjak uly toý tutdular. Goşun serkerdeleri Ýabgu bilen Dukagy orta alyp, biri-biriniň ýaňaklaryndan öpdürdiler. Bu ýagdaý emir Dukagyň derejesiniň beýgelmegine sebäp boldy. Bu wakadan birnäçe wagt geçensoň päk we beýik Allatagala Dukaga bir ogul bagyşlady. Onuň adyna Seljuk goýdular. Seljuk ulalyp, kämillik ýaşyna ýetende, kakasy Dukak wepat boldy. Ýabgu Seljugy eziz gördi, onuň hormatyny kem etmedi. Ony «Sübaşy», ýagny «Goşunbaşy» diýip atlandyrmaklygy buýurdy. Seljugyň mertebesi Ýabgunyň ýanynda günbe-günden artýardy. Ahyrsoňy Seljugyň abraýyny döwlet ýolbaşçylary, han-begler, kethudalar gabanyp başladylar. Bir gün, Seljuk Ýabgunyň öýüne gelip, onuň aýallaryndan we ýakyn adamlaryndan hem öňe geçip, onuň ýanynda oturdy. Bu ýagdaý Ýabgunyň hatynyna agyr degdi. Seljuk mejlisden çykyp gidenden soň, hatyn Ýabguwa şeýle diýdi: — Bujagaz oglan ne beýle äsgermezlik edip, ýorganyna görä aýak uzatmaýar?! Eger bu ýagdaý şu gidişine gitse, onuň dabarasy we baýlygy mundan hem beter artsa, yzynyň nähili boljagyny göz öňüne getir?! Bu söz Ýabguwa täsir etdi. Seljukdan dynmak isledi. Seljuk ýagdaýy aňyp, özüni halas etmek üçin köp pikirlendi, ahyrsoňy özge bir ýurda gaçyp gitmek kararyna geldi. Gaçmagy ýüregine ymykly düwüp, ýüz atly, müň bäş ýüz düe, elli müň goýun bilen Samarkant iline ugrady. Jendiň töweregine ýetende, Allatagala onuň pikirini mukaddes nury bilen ýagtylandyrdy.Ol kellesini işledip, şol welaýatyň häkiminiň ýanyna ilçi iberip, şeýle habar berdi: «Meniň bäri gelmegimiň sebäbi musulman bolmak isleýänligim üçindir. Ahun-mollalaryň ulularyndan biriniň gelip, bize Gurhan, yslam, iman hakykatyny öwredip, ýolundan azaşanlary dogry ýoly salmagyny haýyş edýärin». Onuň haýyşy kabul bolup, Seljuk öz raýatlary bilen musulman boldy. Olar Jendiň amatly ýerinde düşlediler. Şu aralykda kapyrlaryň ilçisi gelip, Jent halkyndan her ýylda alýan salgydyny sorady. Bu ýagdaý Seljuga mälim bolanda ol: «Musulmanlaryň kapyrlara salgyt, paç bermeklerine men razy däldirin» diýdi. Şonuň üçin söweş esbaplaryny taýýarlamak bilen meşgullanyp, şol ýerleriň söweşmäge meýilli türkmenlerini üýşürip, söweşe başlamak üçin bilini berk guşady. Jent häkimi we onuň halky Seljuga mal we goşun bilen kömek etdiler. Şu aralykda duşmanlar pursatdan peýdalanyp, Seljugyň düelerini öri meýdanyndan sürüp, alyp gitdiler. Seljuk bu ýagdaýdan habarly bolup, batyrlaryň bir topary bilen olaryň yzlaryndan kowdy. Onuň güýji we kuwwaty duşmanlara aýan bolup, olar mallary taşlap gaçdylar. Seljuk ýeňiş bilen öz obasyna gaýdyp geldi we onuň bagt baýdagy has-da belentden pasyrdady. Türküstanyň dürli ýerlerinden halk onuň dergähine geldiler, töwerekdäki şalar onuň kömegine, ýardamyna mätäç boldular. Mysal üçin, Ybraýym Samany Ilek handan gaçyp, onuň penasyna özüni atdy. Ol Ybraýyma kömek edip, ony Ilek hanyň garşysyna aýaga galdyrdy. Söweşde ýeňlen, Ilek han gaçyp gitdi. Seljugyň bagt baýdagy belentliklerde pasyrdap, ol Buhara etraplarynda-da öz döwletli çadyrlaryny gurup, Buharany golastyna aldy. Onuň dört ogly bardy: Mikaýyl, Musa, Ýabgu lakamly Arslan. Ýene bir ogly bolup, ol çagalykda aradan çykypdy. Ilek han gaçyp gideninden birnäçe wagt geçenden soň, Seljuk galany gabady. Mikaýyl galany basyp almak üçin köp tagalla edýärdi. Şol aralykda tötänden bir ok onuň tenine çümüp, ol Ezraýylyň penjesinde jan berdi. Seljuk Mikaýylyň wepat bolanyna örän gynanyp, diýseň gamgyn boldy. Ol Mikaýylyň ogullary Togrul beg Muhammet bilen Çagry beg Dawudy terbiýelemäge köp üns berdi. Şu sahypalarda beýan edilişi ýaly, olar dünýä ýurtlarynyň köpüsini eýelediler. Seljuk Mikaýylyň merdemsi ogullarynyň maňlaýynda beýikligiň we açyk bagtyň nyşanlaryny görüp, tä özi Allatagalanyň rehmetine gowuşýança, olara ýokary mertebeli adamlaryň we beýlekileriň işlerini we meselelerini çözmegi ynandy. Seljuk ýurduny çalşandan soň, özüniň akyl-parasady, mähirli dili, garadangaýtmaz batyrlygy bilen deň-duşlaryndan saýlanýan Muhammet bilen Dawut dostlaryna kömek bermekde we duşmanlaryna gaýtawul görkezmekde köp işleri bitirdiler. Olardan gorkularyna Mawerannahr bilen Türküstan emirlerini uly howp basmarlaýardy. Munuň aýdyň şaýady hökmünde aýtsak, Mawerennahryň Ilek han atly häkimi Togrul beg bilen Çagry begiň şan-şöhratyndan, dabarasyndan heder edip, kämahal olar bilen ýakynlaşyp dostlaşýardy, käte bolsa duşmançylyk edip tersleşýärdi. Ilek han olary ýeňip, Türküstanyň ýurtlarynyň aglabasyny eline geçirip, özbaşdak bolasy gelýärdi. Doganlar bolsa onuň bu pikirinden habarly bolup, Ilek hanyň ýurduna talaň salmaga başladylar. Ilek han olaryň bu bolşundan heder edip, goşun serkerdelerini üýşürip, seljuklary basyp ýatyrmak barada maslahatlaşdy. Maslahatdan soň sansyz goşun üýşürdi. Bu habar Seljuk ogullaryna, olaryň goşunynyň çöl-beýewanyň jümmüşine ýaýran wagty baryp ýetdi. Olar maslahatlaşyp, Ilek hanyň ýurdundan çykyp, baryp Bugra handan pena soramaly diýen karara geldiler. Bu pikiri hemmeler makullap, Bugra hanyň ýurduna tarap ýola düşdüler. Hanyň dergähine ilçi iberip, özleriniň gelýändiklerini habar berdiler. Bugra han Seljuk ogullarynyň gelýändigi baradaky habary eşidip, begenip, ilçini şalyk mähri bilen gurşady. Ilçini göwnühoşlukda yzyna ugradanda, göwnühoşlyk bilen şeýle diýdi: «Mundan beýläk, hökümet işlerinde biz bilen Seljuk ogullarynyň arasynda şäriklik we dostluk bolar». Ilçi Seljuk ogullarynyň karargähine gelip ýetende, handan eşiden habaryny olara ýetirdi. Çagry beg hanyň ýanyna toparlaýyn gitmegi dogry bilmän, dogany Togrul bege şeýle diýdi: «Gowusy, her hepde biziň birimiz hanyň ýanynda bolup, oňa hyzmat edeliň. Şonda ol bir bahana tapsa-da birimiz, äge bolarys. Bilip bolmaz, Hudaý saklasyn, eger, birimizi tussag edäýse-de, beýlekimiz ol hadysa taýýarlyk göreris». Şu karara gelip, olar Bugra hanyň ýurduna ugradylar. Menziller aşyp, onuň karargähiniň iki parsahlygyna ýetip, düşlemäge amatly ýer saýlap aldylar. Öňden gelnen karar boýunça, her hepdede doganlaryň biri hanyň hyzmatyna gidýärdi. Beýlekisi bolsa öz ýurdunda (nirede çadyr gursalar, şol ýeri olaryň ýurdudy) gaçmaklyga taýýar bolup durýardy. Şol aralykda Bugra han iki dogany bir mejlise çagyryp, olaryň başyna bela-beterleri indermäge pursat araýardy. Bu işiň amala aşmaýandygyny gören han umydyny ýitirip, Togrul begi tutup, zyndana taşlady. Soňra batyrlaryň bir toparyny «Çagry beg gapyl oturandyr» diýen pikir bilen, onuň üstüne iberdi. Çagry beg wakadan habarly bolup, öz ýakyn adamlaryny çöl-beýewanlara iberip, garadangaýtmaz merdana gerçekleri bilen duşmana tarap at goýdy. Iki tarap ýüzbe-ýüz bolup, uruş ody alawlady. Hanyň goşuny masgara bolup, gaçyp gitdi. Emirlerden, serkerdelerden ýüz otuz sany adam ýesir düşdi. Gaçyp gidenler Bugra hanyň karargähine ýetip, türkmenleriň goşunlaryndaky gören-eşidenlerini oňa habar berenlerinde, han Çagry beg bilen söweşiň netijesiz boljagyny bilip, çäresiz ýagdaýda Togrul begi ýanyna alyp gelmeklige buýruk berdi. Togrul beg gelende, oňa göwünlik berdi, köşeşdirdi we Hytaý ýurdundan getirilen gymmatbahaly halat-serpaýlary bagyşlady. Kyrk sany guldur süýji sözli gözel gyrnagy-da ol zatlaryň üstüne goşdy. On müň dinar engamy Togrula eçilip, ondan doganynyň ýanyna baranda, ýesirleri boşadyp, olary yzyna ibermegini ýalbaryp haýyş etdi. Togrul beg bu şerti kabul edip, han bilen hoşlaşyp, doganynyň goşunyna ýetdi. Çagry beg doganynyň dolanyp gelenligine örän şatlanyp, serkerdeleri, emirleri boşatmagy buýurdy. Emirleri iberenlerinden soň, iki dogan Samarkanda tarap ugradylar. Samarkandyň Ilek han ady bilen tanalýan Alytegin atly häkimi olaryň gaýdyp geleninden habarly bolanda, Türküstanyň häkimlerine hatlar ýollap, kömek sorady. Ol ganhor goşun jemläp, söweşe taýýarlyk gördi. Seljuk ogullary bu wakadan habarly bolanlarynda olary uly gorky we howp gurşap aldy. Çagry beg doganyna şeýle diýdi: «Has gowusy, sen mal-mülkümiz, adamlarymyz bilen uzak çöl-beýewana git we maňa Rum tarapyna gitmeklige rusgat ber. Şeýtsek, belki, duşmanlar bize azar bermekden el çekerler». Şu karara gelenlerinden soň, Togrul beg uzak çöle tutdurdy, Çagry beg bolsa at-owazasy Rüstemdir Ispendiýardan pes bolmadyk otuz atlysy bilen ilki Horasana, şol ýerden hem Ermenistana aşmak maksady bilen Horasana ugrady. Tus häkimi Çagry begiň gelýänliginden habarly bolup, ony tutup getirmek üçin ýörite bir topar iberdi. Ol topar gözleg-ideg edip, yzlaryna boş gaýtdylar we Çagry begiň eýýäm Reýden geçip, Rum tarapyna gidendigini habar berdiler. Bu aralykda Soltan Mahmyt Söbüktegin Tusuň häkimine öz adamsyny iberip: «Gapyl galyp, Çagry begi biziň ýurdumyzyň içinden geçip gitmegine ýol berdiň» diýip, ony berk ýazgardy. Tusuň häkimi soltanyň özüne jeza bermeginden gorkup, hüşgär we işe belet adamlara ýollara gözegçilik etmekligi emr etdi we Çagry beg yzyna dolanyp gelende, ony tutup, Gazna ibermeklerini buýurdy. Çagry beg Rum etraplaryna ýetende, türkmenleriň bir topary oňa goşuldylar we söweşip, käbir galalary ele geçirdiler, köp olja alyp, maksatlaryna ýetdiler. Öz isleglerine ýetenden soň, türkmenler bilen hoşlaşyp, öz watanyna tarap ugrady. Menziller aşyp, Merw töwereklerine ýetensoň, ýakyn adamlaryny çar tarapa ýollap, özi bolsa täjir keşbinde şähere girdi. Onuň geçip gidenligi baradaky habar Tus häkimine ýetende, ol Çagry begiň Alla tarapyn goralýan we onuň nazary düşen bendesidigine ynandy. Çagry beg Buhara töwereklerine ýetende, şol ýerde ýaşaýan türkmenleriň bir topary oňa goşuldylar. Ol Togrul begiň ýanyna ilçi iberip, özüniň sag-salamat gaýdyp gelenligini habar berdi. Togrul beg şatlanyp, begenip, öz menzilgähinden ýola düşüp, dogany bilen duşuşdy. Olaryň agasy (kakasynyň dogany) Ýabgu Arslan doganoglanlarynyň ýaranlarynyň sanynyň köpdügini görüp, içinde bahylçylyk ody tutaşdy. Ol nesihat görnüşinde olara şeýle diýdi: «Siziň bu jemagatyňyz ýene-de bir gezek Mawerannahryň we Türküstanyň soltanlarynyň bize azar berip, yzarlap başlamagyna sebäp bolar. Gowusy siz goşunlara rusgat berip, olaryň çöl-beýewanlara çekilmegine buýruk beriň». Emirler (iki dogan) agalarynyň maslahaty boýunça esgerleriň boşadylmagyna buýruk berdiler. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |