00:12 Seljuklaryň taryhy / 2-nji bap | |
IKINJI BAP
Taryhy makalalar
KADAR HANYŇ ALYTEGINDEN ÜSTÜN ÇYKMAGY WE SOLTAN MAHMYT IBN SÖBÜKTEGINIŇ MAWERANNAHRA GITMEGINIŇ HEM-DE ÝaBGU IBN SELJUGYŇ ÝeSIR DÜŞMEGINIŇ BEÝaNY Ilek han ady bilen meşhur bolan Samarkandyň häkimi Alyteginiň öz hetdinden aşyp, özüniň Türküstan hanlary bilen deň däl-de, has ýokarraklygy barada söz açyp başlandygy üçin türki soltanlaryň arasynda şan-şöhraty we beýikligi bilen tanalýan Kadar hana bu habar ýaramady. Ol Ilek hanyň pitnesini basyp ýatyrmak barada ýurt ýolbaşçylary we tejribeli adamlar bilen maslahat gurady. Köpi gören akyldar adamlar oňa şeýle jogap berdiler: «Gowusy, bir dilewar ilçini Mahmyt Söbükteginiň ýanyna ibermeli we onuň bilen dostluk gapysyny açmaly we garyndaşlyk hem ýakynlyk meýlini orta atmaly. Haçan-da Kadar han bilen onuň arasyndaky gorky we bigänelik dostluga we agzybirlige öwrülse, Ilek han ýeňiş gazanyp bilmez hem-de ýurt giňişligini öz çozuşlary bilen tozana garýan seljuklaryň şan-şöhraty kemeler». Kadyr han nesihatçylaryň sözlerini diňläp, öz ynamdar adamlarynyň bir toparyny dostlugy we ynamdarlygy berkitmek barada söz açmak üçin ilçi hökmünde Soltan Mahmydyň ýanyna iberdi. Dostlugyň we gadyrdanlygyň düýbüni tutmak maksady bilen köp yhlas edip, bu barada özlerine ýagşy jogap bermeklerini isledi. Olar Gazna baryp, ilçilik borjuny ýerine ýetirdiler hem-de ylalaşyk we dostluk barada söz açdylar. Sözüň kelte ýeri, olaryň aýdan sözleri şeýledi: «Kadar han bilen Ilek hanyň arasynda duşmançylyk ýüze çykdy. Ilegiň garşylaşyk we söweş meýli bar. Eger, Hudaý saklasyn, ýeňiş gazanaýsa, Turan ýurtlaryny basyp alandan soň, onuň Eýrana ýüzlenmegi mümkindir. Indi, eger, soltan dostluk ýoluny tutup, Samarkant tarapyna gaýtsa, biz hem öz tarapymyzdan ony basyp ýatyrmaga aýaga galarys. Ilek biziň birleşenligimiziň habaryny eşitse, öz tagtyny, köşgüni goýup, ýurduny taşlap gider». Soltan Mahmyt Kadar hanyň ilçileriniň sözüni diňländen soň, bu pikiri oňlady. Hemişe ýeňşe hemra bolýan esgerlerini çagyrmaga buýruk berdi. Az wagtyň içinde sansyz-sajaksyz topar Gazna üýşdüler. Goşunlar ýygnanyşandan soň, Allanyň goldawy bilen paýtagtdan çykyp, menziller aşyp, Jeýhunyň kenaryna ýetdiler. Edil şol wagtyň özünde, Kadar han hem öz menzilinden hereket edip, Samarkanda tarap ugrady. Ilek han bu iki beýik soltanyň, ýagny Soltan Mahmydyň we Kadar hanyň öňünde durup bilmejegine gözi ýetensoň, özüniň iň ýakyn adamlary bilen Samarkantdan çykyp, Kawkaza we Türküstana tarap ugrady. Samarkant bolsa Kadar hanyň eline geçip, onuň bilen soltan Mahmydyň arasynda dostlugyň düýbi berkden-berk tutuldy. Kadar han seljuklaryň baýlygyndan we şan-şöhratyndan howatyr edýändigi üçin, olary Jeýhundan geçirmäge soltany razy etdi. Bir rowaýata görä, Soltan Mahmyt Togrul beg bilen Çagry begiň ýanyna ilçi iberip, Horasan ýurduna gelip, amatly bir ýerde oturmaklaryny haýyş edipdir. Olar boýun towlapdyrlar. Ol iki bagtly adamyň agalary Ýabgu Arslan Soltan Mahmydyň ýanyna geldi, soltan bolsa ony bendi edip, Hindistanyň galalarynyň birine iberdi. Bu ýagdaý iki parasatly doganyň howpurgamagyna sebäp boldy. Ilek han gaçyp gidensoň, Soltan Mahmyt Gazna tarap gaýtdy, Kadar han bolsa Kaşgara gitdi. Ilek Mawerannahryň güýçli howpdan halas bolanlygyny eşidip, çöl-beýewanyň içi bilen Samarkant tarapyna gaýdyp, ýurdy zabt etmek bilen meşgullanyp, hile-al bilen seljuklary söweşe girizip, heläkçilik meýdanyna salyp, gorkunç girdabyna düşürmek isledi, emma başaryp bilmedi. BEÝT: Goý, gämiçi hernäçe etse etsin tagalla, Gämini islän ýerne ugrukdyrar hak Alla. Jikme-jik aýtsak, bu ahwalatyň beýany şeýledir: Ilek han Seljuklara yzly-yzyna adam iberip, hat ýollady: «Siziň Mahmyt Söbüktegin bilen gapma-garşylygyňyz üçin bu ýurtda galyp bilmedim ýa-da bu ýurdy bir serdara tabşyryp bilmedim. Indi bolsa Samarkant tarapa ýola düşüň, ýurtda meniň ygtyýarymda we eýeçiligimde näme bolsa, men bilen siziň araňyzda şärikli bolar. Siziň ýaşulularyňyz ata ýerinde, ýaşlaryňyz dogan ýerinde, çagalaryňyz bolsa bu ýurduň çagalary ýaly bolup ýaşarlar». Ilek han bu habary näçe gaýtalasa-da, seljuklar onuň ýalbarmalaryna üns bermediler we onuň sözüne aldanmadylar. Ilek han öz pikiriniň paşmajagyna göz ýetirensoň, türkmenleriň ýolbaşçylygyny Ýusup ibn Musa ibn Seljuga bermeklik pikirine geldi. Şeýdip, ol onuň üsti bilen, öz maksadyna ýetmek isledi. Sebäbi, onuň pikiriçe, Ýusup öz agalarynyň ogullaryndan üstün çykmalydy we olaryň arasyndaky mähir-muhabbetli dostluk duşmançylyga öwrülmelidi. Şeýlelikde, ol Ýusuba dürli sowgatlar we peşgeşler iberip, türkmenleriň häkimligini we emirligini onuň parasatly goluna tabşyrdy. Ýusup bolsa ilatyň ýaşaýyş derejesini düzgün-nyzama salmak bilen meşgul boldy, şeýlelikde onuň döwletiniň baýdagy al-asmanda pasyrdady. Beýle ýagdaý Togrul begiň göwnüne ýaramady. Ol Ýusuby jezalandyrmak isledi, emma Çagry beg doganynyň pikirine garşy çykyp, oňa şeýle diýdi: «Doganlyk gatnaşygyny kesmeklik mertligiň alamaty däldir, beýtsek, bu meselede halk bizi ýazgarar. Ondan başga-da, Ilegiň maksady Ýusuby dabaralandyryp we beýgeldip, onuň üsti bilen Seljuk ogullarynyň arasynda agzalalygy we gapma-garşylygy döretmekden ybaratdyr». Togrul beg ýürekdeş doganynyň nesihatyny diňläp, Ýusuby jezalandyrmakdan el çekdi we onuň bilen dostlukly aragatnaşygyň arasyny üzmedi. Ilek han öz niýetiniň amala aşmandygyny görüp, Alp Gara Neýrany atly batyr hem edermen adamy ýolbars ýürekli edermen ýigitleriň bir topary bilen seljuklaryň goşunynyň üstüne iberdi. Bir gije olar ukuda ýatyrkalar, Alp Gara duýdansyz olaryň üstüne çozdy. Iki toparyň arasynda diýseň gandöküşikli söweş boldy. Türkmenleriň bir toparynyň hatarynda Ýusup ibn Musa Seljuk-da öldürildi. Togrul beg bilen Çagry beg bolsa mal-mülkleri we adamlarynyň esasy bölegi bilen şol gandöküşikli uruş meýdanyndan baş alyp çykdylar hem-de söweşe taýýar boldular. Şu aralykda päk hem beýik Allatagala Çagry begiň nazaryny bir mübärek çaga düşürdi. Seljuklar bu ýagdaýy ýagşy yrym bilen garşy alyp, oňa Alp Arslan adyny dakdylar. Ondan soňra bolsa uly ruhubelentlik bilen Alp Gara garşy söweşe çykdylar. Taraplar ýüzleşenlerinde, Togrul beg bilen Çagry beg ar alyş gylyçlaryny gynyndan çykaryp, ýolbars hem pil kimin hüjüme geçdiler. Şeýlelikde, olar goşun serkerdeleriniň ýüzüsi bilen birlikde Alp Garany hem ýesir aldylar. Alp Garanyň gözüni köwläp, kellesini kesdiler. Üstünlik hem uly göwnühoşluk bilen öýlerine gaýdyp geldiler. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |