03:03 Sen oña öwrenişipdiñ | |
SEN OÑA ÖWRENIŞIPDIÑ..
Goşgular
Sowgatlar bermediñ oña güllerden, Niçik gözeldigini aýtmadyñ oña. Taýyndyñam oñ üçin geçmäge serden, A söýgüsi endik bolupdy saña. Gaharlanardyñ hem mydam işlidiñ, Onuñ ähli aladasy sen bolduñ Ýüregniñ sen diýip seslenýändigin, Bilmelidiñ, emma synanşman geldiñ.. Gaýtalanmajak hem möhüm orunda Bolmaklyk islegi señ durmuşyñda-- Gözleriñe siñip galmak hyýaly, Uklanyñda, oýanañda huşuñda. Kynam bolsa garaşardy, wepaly, Giçlik işden aryp gelen mahalyñ, Garşylardy, döz gelerdi bar zada, Taýyndy mydama çaýyñ, naharyñ. Senden oña söýgi, mähir gerekdi-- Hem-de sähel üns bereriñ ýeterlik-- Şuña, düşünmeklik zerurdy saña. Iñ bolmanda hepdäñ birje gününi Bagyş edip bilen bolsadyñ oña.. Gadyr-gymmatyny bilmediñ asla, Ýitirmekden heder etmäniñ üçin, Gör, kimlerden ýüz öwrüpdi, bilsediñ, Ömrüne ömrüñi gatmagyñ üçin.. * * * • Ты к ней привык Ты к ней привык, она тебя любила. Подарки не дарил ей и цветов, Не говорил ей, как она красива, И что на все ради нее готов. Ты был все время занят. Раздражался, Когда она заботилась, любя. И даже ты ни разу не пытался Узнать о чем кричит ее душа. Она хотела стать неповторимой, Стать самой главной в жизни для тебя, Но снова, засыпая, видит спину, А ей так хочется взглянуть в твои глаза. А ей так хочется тепла и понимания, Немного ласки и простой совсем заботы, Чтоб уделял ей чуточку внимания, Хотя бы в воскресенье и субботу. Она ведь за тобой хоть даже в бездну, И в беды не предаст, и будет рядом. Ей хочется быть для тебя полезной, Встречать с работы ужином и чаем. Не ценишь ты ее, совсем не ценишь. И не боишься вовсе потерять. Ах, если б знал ты, скольким отказала, Чтобы с тобой ей рядом засыпать.. © Mariýa KUTKAR. Terjime eden: © Kalba NUR. | |
|
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 2 | |||
| |||