19:35 Seniñ obrazyñ | |
SENIÑ OBRAZYÑ
Jemgyýetçilik tankydy
Häzirki zaman zenanynyñ obrazy nähili bolmaly? Döwrebap gelin-gyz bolmak üçin özüñde nähili sypatlary jemlemeli? Ýokary bilimli bolmak durmuşdan yza galmaýanlygyña güwä geçýärmi? Obraz diýen düşünje adamyñ gaty köp taraplaryny öz içine alýar. Men şu ýerde ýatlamalara ýüzlenmekçi bolýaryn. Geçen urşuñ agyr ýyllarynda men kolhozda bir brigadanyñ tabelçisi bolup işläpdim. Hem oba mekdebinde okaýardyk, hemem işleýärdik. Brigadamyzyñ çlenleriniñ hemmesi aýal-gyzlardy. Elbetde, olaryñ hemmesi-de aladañdandan garañky gatlyşýança işleýärdiler. Ýer tekizleýärdiler, orak orýardylar, suw tutýardylar, çil çekýärdiler... Mälim bolşy ýaly, ýagdaý agyrdy, gündelik normany doldurmadyklar agşam kolhozyñ prawleniýesine çagyrylýardy, olaryñ zähmet gününden kesmek derejesine çenli çäre görülýärdi. Men O. diýen aýalyñ güýç gaýgyrman işleýändigine ynanýardym. Emma şonda-da ol özi ýaly köp aýallardan ejizdi, köplenç normasyny dolduryp bilmeýärdi, şeýle ýagdaýda oña ýoldaşlary kömek edýärdiler. Ine, bir gezek orak döwründe kolhoz prawleniýesi orakçylaryñ on günlük ýaryşyny yglan etdi. On günüñ içinde şunça orak orana bir geçi, şunça orak orana bir çebiş... Ýaryşyñ netijesi hemmeleri haýran galdyrdy. Ilkinji baýragy kim alandyr öýdýärsiñiz? Hälki normasyny dolduryp bilmän ýören O. aldy. Diýmek, men öz pikirimde ýalñyşan ekenim. Hemişeler O. işe bar güýji bilen ýapyşmaýan eken, güýç gaýgyrýan eken. Bu uzak döwrüñ mysalyny men ýöne ýere getirmedim. Jemgyýet öñünde ak ýüreklilik, jemgyýetiñ hatyrasyna bütin güýjüñi, bar zehiniñi, ähli ukybyñy goýup, zähmet çekmeklik hakyky häzirki zaman adamy bolmaklygyñ iñ ilkinji, esasy şertidir. Şu günüñ faktlaryna ýüzleneniñde tanyş bir göz öñüne gelýär. Ol ýokary bilimli. Iñ soñky moda boýunça geýinýär. Ähtimal şunuñ bilen-de ol özüni häzirki zaman gyzy diýip hasap edýän bolara çemli. Emma şol gyzda, seredip otursañ häzirki zaman zenanynyñ sypatlary ýok, ol daşky görnüşe kowalaşyp, başga bir zady ~ sadalygy, salyhatlylygy elden beripdir, onuñ ile göwni ýetenok, ulumsy. Hamana şol gyzy kolhoza pagta ýygyşmaga iberilen hasap edeliñ we şol ýerde onuñ özüni nähili alyp barjakdygyny göz öñüne getirjek bolalyñ. Onuñ kolhozçy gyzlar bilen äbede-jüýbe bolup, olara gatyşyp gitjekdigini göz öñüne getirmek kyn. Sadalyk, bilim derejesine, nähili işde işleýändigine garamazdan, adamlaryñ hemmesini hormatlamak ~ häzirki zaman adamy bolmaklygyñ möhüm şertleriniñ biridir. Ýaş zenanlar hakda gürrüñ edilende başga bir mesele barada ~ söýgi we jyns aragatnaşyklary barada söz açmaly bolýar. Bu barada W.I.Leninin 1920-nji ýylyñ güýzünde Klara Setkin bilen eden gürrüñi örän ähmiýetlidir. Wladimir Iliç hamana, jyns aragatnaşyklaty baradaky islegi kanagatlandyrmak kommunistik jemgyýetde bir stakan suw içenden enaýy däldir diýen teoriýany ýazgarypdy. W.I.Lenin şeýleräk manyda bir söz diýipdi: "Elbetde, teşnelik özüniñ gandyrylmagyny talap edýär. Ýöne welin akylly-başly adam kadaly şertlerde köçede hapa-supa bulaşyp ýatarmy we ýata suwa eñek basarmy? Ýa-da hat-da stakan bolaýanda-da, onlarça adamyñ dodagy degen stakandan suw içermi?.." W.I.Lenin söýgä jemgyýetçilik äheñini berýärdi. Diýmek, söýgüde päklik, jyns aragatnaşyklarynda özüñe buýrup bilmeklik gerek. Häzirki zaman zenanynda nähili sypatlary göresiñ gelýär? Ol buýsançly hem-de sada bolmalydyr. Gowşaklyk, ýüreklilik etmeli däldir. Gowşaklyk etse, ol diñe öz gadyryny gaçyrar. Dili gysga bolar. Biziñ türkmen edebiýatymyzyñ eserlerinde gelin-gyzlaryñ käbir ajaýyp obrazlary bar. Berdi Kerbabaýewiñ "Aýgytly ädimindäki" Aýnany ýatlañ, Aman Kekilowyñ "Söýgüsindäki" Ogulnabady ýatlañ. Ol durmuşda görelde alarça bar. Kerim Gurbannepesowyñ "Ata we ogul" poemasyndaky Garagyz nähili tutanýerli! Häzirki zaman gelin-gyzyny birtaraply görnüşde göz öñüne getirmek bolmaz. Jemgyýetçilik işi bilen şahsy durmuşyndaky sazlaşyk, düşünjeli zähmet bilen ruhy dünýäsiniñ baýlygy ~ bularyñ hemmesi tutuş obrazda jemlenmelidir. Elbetde, bilimli bolmak, ýokary düşünjelilik, intellektuallyk häzirki zaman adamyña, şol sanda aýal-gyzlara örän mahsus. Emma bular daş görnüşiñ hatyrasy üçin däl. Seniñ ýokary bilimiñ entek seniñ häzirki zaman adamy bolandygyña güwä geçip bilmez. "Agaç beýik boldugyça miwesi aşak" diýen nakyl örän ýerlikli aýdylypdyr. Bilimiñ, wezipäñ ýokary boldugyça ~ halka, köpçülige şonça-da ýakyn bolmak gerek. Hemme döwür üçin, şol hatarda häzirki zaman üçin esasy zat ahyr soñunda adamkärçilikli adam bolmakdan ybaratdyr. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |