11:26 Sen bar diýip jahanda | |
SEN BAR DIÝIP JAHANDA
Goşgular
Mahmal sähram Sen bolup, Bahar maňa bakanda, Howlukmadym hiç zada, Sen bar diýip jahanda. Yrsaradym, näz etdim, Betdim, Nähili betdim! Hernä kejiňe gitdim, Sen bar diýip jahanda. Näme diýseň tapylýar, Näme etsem hakym bar. Boldum Saňa hökümdar, Sen bar diýip jahanda. Ona ýetsemem çaga, Ondan ötsemem çaga. Wagtym ýok ulalmaga, Sen bir diýip jahanda. Ellä ýetmän eje jan, Gözüň ýumlan mahalda, Özüm aldap kän gezdim, Barsyň diýip jahanda. Ýogsam boýun alypdym, Hemme zady bilipdim. … A men Dünýä gelipdim, Sen bar diýip jahanda. Berdinazar HUDAÝNAZAROW. | |
|
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||