15:59 Ynsabyň yzasy / romandan bölek | |
... Ol soraga jogap gaýtarman: - Sen süriň ýanyna bar, inim, bu ýerde işiň ýok - diýip maslahat berdi. ...Allanur aga Aşgabadyň keselhanalarnyň birinde gözüni açdy. Ol Kyrk çulbanyň ambulatoriýaýasyna eltenlerini bilýärdi, ýöne ol ýerden samolýotly Aşgabada alyp gaýdanlarynda, özüni bimän ýatyrdy. Ine indi onuň öçük nazary başujunda oturan aýalyna düşdi. Tumar eje ýetişibildigine gözüniň ýaşyny süpürýärdi; näsag görnüşe ynanmaýan şekilli, hereketsiz gözlerini has giňden açyp, oňa ýanadandan seretmäne mežbur boldy. Bu gezek göz ýaşly Tumar hem hamsygýan ýaly, hem ýylgyrýan ýaly bolup göründi. - Hudaýa şükür - diýip aýaly pyşyrdady. - Sürüden habar barmy - diýip, näsag, megerem, özüniň diriligine göz ýetirmek üçin, bilgeşleýin ýuwdundy. - Gözümiz aýdyň, gözümiz aýdyň, çöregimiz bitin eken - diýip , aýal täzeden horkuldap başlady. - Kertik ýeke galypdy. Sürüniň yzyndan adam iberdilermikä? - diýip, näsag ýene dillendi. - Munuň gaýgy etýän zadyny ... - diýip aýaly ýene pyşyrdadady. Aýalynyň bu sorag bilen seriniň ýokdugyna göz ýetiren näsag töweregine garanjaklady; - Maňa nädöw çaldyka? Doktorlar näme diýýär? - Weý, Koma bolupsyň ahyry, bileňokmy näme? - diýip aýaly habar berdi . - O näme boldugy? Aýaly ýene aglamana başlady: - Sen ölüp direldiň ahyry. Koma diýilýän... Baý, indi birin adyny tutmaýynla şonuň... Özüne uçuran derdiň süýjülik keseldigini ol soň, özüni bejerýän doktordan eşitdi. keseliň iň gazabyna tutan derejesine bolsa Koma diýilýän eken. - Ady dagysy nähili! - diýip, Allanur aga seslendi. Süýjülik suwy diýip eşdipdik, süýjülik keseli diýip welin eştmändik. Soň garaýagyz, ýüzi hyrsyz wraç gelip, näsagyň ýagdaýyny sorady. - Şükür , indi görýärsiň-ä saýrap otyryn - diýip, ýaşuly ardynjyrady. - Sag boluň , toýuňuzda gaýtsyn. - Beýle-de bir keseli ugruna göýbermek bolarmy - diýip , onuň başujyna gelip otyran wraç igendi. - Siz ötüşipdir diýýäňiz, men bolsa özümde kesel diýlen zat bardyr öýdemok ahyryn, çawan ok ýaly tötänlikde, garaşman durkam ýapyşdy. Soňky gezek haçan profilaktiki barlagdan geçipdiňiz? - diýip ,wraç gyzyklandy . - Allajanlarym - diýip, Allanur aga gabaklaryny galdyrdy. Geçen urşa ugrajak bolanmyzda doktardan geçipdim. Soň ýaralanamda gospitalda bejeripdiler. Bu hatda ýüzi agras wrajy hem "loh - loh" gülmäge mežbur etdi: - Nätdiniz-aý, agam, siz nä döwrüň gürrüňini etýärsiňiz? - Üstümde hudaý bar - şondan bäri meni doktar bar lanok - diýip , Allanur aga çynyrgatdy. - Näme siziň goýun bakýan ýeriňizde medisina hyzmatlary edilenokmy? - diýip, wraç geňirgendi. - Barýan myhmanlar bize däl-de, biz olara hyzmat etmeli bolýarys - diýip , ýaşuly gülümsiredi. - Çopanlara medisina hyzmatyny gowulandyrmak barada ýörite karar bar ahyryn!? -Bardyr, ýokdyr diýemok, bardyr - diýip, Allanur aga baş atyp tassyklady. - Ýöne kararyň özi näsagy bejerip bilenok, malyňam garnyny doýrup bilenok. Wraç sesini çykarmady. - Keseliň haýsy keseldigini bilýän bolsaňyz , onuň nämeden, nädip gumuň içinde ala - böle meni tapandygyny hem aýdaýsaňyz? - diýip , Allanur aga oňa ýüzlendi. -Takyk sebäbini aýtmak kyn, ýöne şindiki köp ýaýran, ýörgünli keselleriň döremeginde zähmet bilen iýmitiň düzgününiň bozulmagy., onsaňam gahar diýilýän zat az rol oýnanok - diýip , jogap berdi-de, ýaşulynyň ýüzüne seredip sözüni ýzyna goşdy. - Garagumyň içinde ýaşan çopanlar sowukganly, giň göwrümli bolaýmaly ýaly... Ýaşuly wraja gapa tarap ýönelen soň jogap gaýtardy : - Gaharyňy getirmezlik üçin ýa-ha gulagyň ker, gözüňem kör bolaýmaly, ýogsamam özüň gaty binamys bolmaly ,inim . Bu sözleri eşden wraç gapydan aňry ätlemekçi bolup durka yzyna gaňryldy, nazary Allanur agaň nazary bilen çaknyşdy, soň nägilelik bilen uludan dem aldy-da , assaja, ýöne kesgitli seslendi: - Näme, ýaşuly, bu aýdanlaryňy maňa-da tassyklatjak bolýarmyň? Çöl gürrüňleriňi çölde etmek gerek. Ine, şeýle gepleşeli. Ýaňky diýen zadyňy seniňe-ä dimedigiň bolsun, meniňem eştmedigim. Ýaşuly ýaýaplamady: - Ýeliň ugruna kowup göýberer ýaly, men o zady ardymdan çykaramok, inim. Agzymdan çykan gepi-de yzyna ýudup bilemok . Lapy keç bolan wraç: - Her niçik-de bolsa, gepe-söze dannawlyrak bolmagyňyzy maslahat berýärin... | |
|
√ Duman daganda: Ýolbars bilen towşanyň duşuşygy - 30.05.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap -9: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Ak guwlary atmaň -2: romanyň dowamy - 28.05.2024 |
√ Duman daganda: Buzlar jaýrylyp başlaýar - 21.06.2024 |
√ Dirilik suwy - 17: romanyň dowamy - 17.05.2024 |
√ Janserek -4: romanyñ dowamy - 15.03.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap -16: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap - 22: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Bäşgyzyl -31: romanyň dowamy - 14.12.2024 |
√ Ýedi müñ çakrym: Ýazlagda - 07.12.2024 |
Teswirleriň ählisi: 4 | |||||
| |||||