09:33 Senzora hat | |
SENZORA HAT
Goşgular
Ylham üçin hyýrsyz duşman, maña zulm eden zalym, Şu gün, ine, seniñ bilen jedelleşmek meñ hyýalym. Gorkma, ýalan sözler bile il aldamak pikrim ýokdur, Senzory men seresapsyz ýamanlamak pikrim ýokdur. London üçin gerekli zat, Moskwa üçin entek irdir, Men bilýärin, bizde niçik ýazyjylar heniz bardyr, Ýazyjylyk pikrin olañ senzor zulmy gysyp bilmez, Señ ýanyñda hakly olar, ýüzlerinde çirk bolmaz. Birinjiden, dogrusyny diýsem, ýaman günüñ seniñ, Pikirlensem takdyryña, agyrýandyr nebsim meniñ, Ilde ýok bar ýalanlaryñ aklawjysy ýalñyz sensiñ, Hwostowyñ, Buninanyñ okyjysy ýalñyz sensiñ, Okap ugursyz goşgulary ýa bolgusyz bir kyssany, Ömürboýy il günäsin seljer çekip gam-gussany. Rossiýanyñ awtorlarnyñ gyzdyrmarsyñ sen ganyny; Pereñlerden göçürýärler iñlisleriñ romanyny. Käbirisi oda ýazýar, üsgürip hem dere batyp, Tragediýa ýazýar biri, el ujundan oýun edip ㅡ Olar bilen işimiz ýok, sen guduzlap köp çykarsyñ, Palla, ukla, emma oka, ahyrynda gol çekersiñ. Şol ejirli senzor käte, okap lezzet alar ýaly, Russo, Wolter, Býufanlary gözleýärdi oñ hyýaly. Islegidi Der£awin dek, Karamzin dek beýik atlar, Emma onuñ pikirlerin güýmeýärdi başga zatlar. Çemen hakda, meýdan hakda öwsen bolup bir ýañranyñ Samahyllap ýazanlaryn okamaly, ýakyp janyñ. Pikiriñi, hyýalyñy sarp etmeli barysyna, Ýene başdan okap başla düşünmeseñ manysyna. Dilewaryñ ýañsysyny, köçe sözün gözden geçir, Ýa-da olañ barysyny £urnallardan boz-da öçür. Emma senzor hem gra£dan, mukaddesdir onuñ ady Akyly onuñ düz bolmaly, bilmedi ol ähli zady: Oñ öwrenen endigidir, sylar altar bilen tagty; Pikirleri gysýan däldir, paýhaslara çydar gaty. Berjaý eder ümsümligi, edeplilik kadasyny. Çykabilmez ustawyndan, yzlar bir ýodasyny, Kanunlara tabynmy ol, watanyna mähribandyr, Ähli jogapkärligini almagy-da oñarýandyr. Peýda berýän hakykatyñ ýoluny hiç kesmes asyl Ýazyjynyñ çyn dostudyr; hiç çekinmez baýdan, begden, Adalatly, erkanadyr, tutanýerli, akly sagdyn. Sen bolsañ bir gorkak akmak, ne iş kylýañ biziñ bilen? Işletmeli ýerde akyl, gyrp-gyrp edýäñ gözüñ bilen; Düşmän biziñ ýazanmyza, bozýañ,ýyrtýañ çemi gelse, Gara-da sen ak diýýärsiñ, şeýle diýmek gerek bolsa; Satirany töhmet diýip, goşga azgyn bir zat diýýäñ, Hak söze sen pitne diýip, Kunisyna Marat diýýäñ. Aýt hany, utanç dälmi, Rus ýurdunda henize çen Görmeýäris birje kitap, bary seniñ günäñ bilen. Seniñ karar etdigiñ bes, peýda ýokdur arza kylsañ. Iş barada pikirleriñ edilýänin diýjek bolsak, Şonda özi hökümdaryñ, rus şöhratyn söýüp çensiz, Esermizi çap etmäge özi buýruk berýär sensiz. Ondan soñra galýar bize: poemalar, triolertler, Balladalar, basnýalar, elegiýalar hem kupletler, Göz öñüne getirmegiñ bir minutlyk, hyýal güli, Dynç almagyñ hem söýginiñ, sada arzuw-mymyk ýeli. Diý, eý, wagşy! Rus lirasyn ýazanlaryñ arasynda Bormy nälet okamadyk seniñ paltañ barasynda? Ylhamlaryñ arasynda sen ýigrenji agta ýaly; Ne ýazyjyñ tüýs duýgusy, ne sap akly, ne hyýaly, Ne toýlaryñ bagşysynyñ1 ýazan tämiz, oñat bogny, Hiç birisi eritmedi ol sendäki doñan göwni. Garaýarsyñ hemmelere, alarylyp bakýañ her ýan, Şübhelenip ähli zada, ähli zatda zäher görýäñ. Gowusy, bu işi taşla, abyraý ýok ondan ýaña, Parnas2 diýen monastyr däl, ne-de gamgyn haremhana. Ökde tebip, at tebigi hiç wagtda, hiç bir mahal Pegas3 atyñ ýyndamlygna päsgel beren däldir sähel. Nämä gorkýañ? Hökümeti, kanunlary şeýle ýeser, Ýañsa alyp, oña gülüp ýazýan dürli-dürli eser. Olar çekýär sen ýalynyñ jezasyny-azabyny, Sen olary tanañogam, biz bilýäris sebäbini ㅡ Ol adamlañ golýazmasy Leta4 düşüp ýatmaz ýa-da. Bolmasa-da seniñ goluñ, gezer ýörer giñ dünýäde. Barkow hezil odalaryn saña tarap ibermedi. Puşkiniñ hem goşgulary çap edilmän ýaýrap gitdi, Nämä gerek? Olar bary şonsuzam köp ýere ýetdi. Öz diýenñi etjek bolýañ, parasatly bir asyrda Zyýanly däl diýip bolmaz Şalikowa hiç bir ýerde. Näme nähak horlaýarsyñ hem-ä bizi, hem öñüñi? Oka pugta, düşün oña, görersiñ sen baryn açyk, Öz borjuñy, öz hakyñy bilersiñ sen tärin açyk. Şa zenanyñ göz öñünde örän oñat satirik5 hem Komediýa eserinde nadanlyga bermedi dem. Köşkdäki bar samsyklaryñ şol kiçijik başynda geñ, Hristos bilen Kuteýkiniñ6 ikisi hem görünýär deñ. Welmo£ ýagsy ol Der£awin gorkunç lirañ sesi bile Olaryñ iñ atlylarynyñ aýbyn açdy ýañsy bile; Hemniser hem hakykaty gülki bilen gürrüñ berdi, Duşenkanyñ syrdaşy hem köp manyly oýun gurdy. Kä gelende Kiprida gyz, üst-başyna şal atmady ㅡ Olaryñ hiç birisine senzura hem kär etmedi. Seniñ ýüzüñ çytylýardy, boýun alaý, biziñ zaman, Ýañkylar hem örän añsat gutuımazdy senden aman. Bu zatlara kim günäkär? Gaşyñda dur aýna ýaly: Aleksandr günleriniñ başlangyjy dür mysaly. Habardar bol ol günlerde çapdan näme çykdy ýüze, Duýgy-akyl meýdanyndan işden dönmek bolmaz yza. Gadymky ol akmaklyga indi biz köp gynanýarys, Ol ýyllara dolanmaga niçik ýene synanýarys? Asla tutup bilmezdi hem Watan adyn hiç kim azat, Gulçulykda süýrenýärdi edebiýat hem adamzat. Heläkleýji ol zamanlar duşumyzdan sal dek akdy. Ol wagtlar Russiýa nadanlygyñ ýükün çekdi. Ol şöhratly Karamzinden abraý hem owaz galdy, Ol mahalyñ senzoryna akmak bolmak mümkin däldi... Düzel-de sen, akylly bol. Razy bolaý, ýol biziñ ýol. Sen aýdýarsyñ:''Barysy hak, siziñ bilen jeñ gurjak däl, Senzor bolsam, ahlak bilen kesgitlemek bormy maña? Men hem hökman rehm etmeli, käte muña, käte oña, Siziñ üçin ol gülkünç zat, men aglaýan örän köp wagt. Okaýaryn, çokunýaryn, garalaýan bagta-bagt ㅡ Her zadyñ bir modasy bar: mysal üçin, bizde welin Wentam, Russo, Wolterleriñ abyraýy örän uly. Golumyza düşdi biziñ Milot hem bu ýakyn günde, Özüm-ä bir garyp kişi, aýal mende, çaga mende...'' Ynan dostum, çaga-çuga başa düşen bela boldy: Olar biziñ günümizi barha ýaman hala saldy. Başga bir iş başartjak däl, bu musallat bolan saña; Öýe gaçmak başartmasa, usullyjyk bilen saña, Seniñ ýeser bu gullugyñ gerek bolsa patyşaga, Akyllyrak mürze berin edin ahyr, senzor aga! Aleksandr PUŞKIN. Terjime eden: Çary AŞYR. ________________________ 1. Toýlaryñ bagşysy diýip awtor Baratynskini göz öñünde tutýar. 2. Parnas ㅡ porziýa, şygyrýet dünýäsi. 3. Pegas ㅡ grek mifologiýasynda ganatly at. 4. Leta ㅡ gadymy miflerde ýerasty patyşalykdaky unudylma derýasy. 5. Oñat satirik ㅡ Fonwizin D. I. 6. D. I. Fonwiziniñ komediýasyndaky gahryman. | |
|
√ Eý, aşyklar bahary, haýyr hamyla senden... / Goşgular - 22.10.2024 |
√ Goşgular / Goşgular - 20.07.2024 |
√ Owadan pyçak hakynda erteki / Goşgular - 09.04.2024 |
√ Alabahar / Goşgular - 21.03.2024 |
√ Nätdiñ? / Goşgular - 12.06.2024 |
√ Durmuş / Goşgular - 29.08.2024 |
√ Rubagylar / Goşgular - 11.12.2024 |
√ «Başarsaň göwnüňi sergin saklagyn...» / Goşgular - 14.11.2024 |
√ Aýralygyň aýdymy / Goşgular - 10.10.2024 |
√ Oba. Ýaz gijesi / Goşgular - 14.11.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |