17:43 Seýilgähleriň üznüksizligi / hekaýa | |
SEÝILGÄHLERIŇ ÜZNÜKSIZLIGI
Detektiw proza
Bu kitaby okamaga ol birnäçe gün mundan ozal başlady. Gyssagly işler okamagyny kesmäge mejbur etdi we ol kitaby, gaýtadan diňe otluda, öýüne – mülküne gaýdyp barýarka açdy; ýuwaş-ýuwaşdan ony romanyň hadysa ýordumy hem gahrymanlary özüne çekdi. Agşam özüniň wekilin-ä hat ýazyp, dolandyryjysy bilenem hojalyk işlerini maslahatlaşandan soň, ol üçünji gezek kitaby açdy – penjireleri bilen toýra seýilýodasyna garaýan iş otagynyň ümlümliginde. Söýgüli kürsüsinde jaýlaşykly oturyp, gapa tarabam arkasyny öwrüp – kimdir biriniň gelmegi hakynda hatda pikirem döremez ýaly – wagtal-wagtalam tirsekçäň ýaşyl mahmalymy sypalap, ol soňky baplary okamaga boýyn çümdi. Ol gahrymanlaryň atlaryny we wakaň mazmunyny gowy ýadynda saklaýardy; kitabyň dünýäsi ony bada-bat gabsap aldy. Oňa lezzet berýärdi – hut azgyn keýpe barabarrak – her setir bilen daş-töweregini gurşaýan hakykylykdan daşlaşmak hem-de şol birwagtda-da kelläň-ä kürsüň belent gerşiniň mahmalynda rahat ýatandygyny syzmak, çilimiň bolsa, gerekli pursadynda – hemişe şu ýerde, eliniň aşagyndadygyny, penjireleň aňyrsynda, toýralaň pürüniň astynda bolsa gijeki howanyň akýandygyny duýmak. Sahypadan sahypa hadysalaryň ganhorluga eltýän detektiw ösüşi, onuň ünsüni has-da eýeleýärdi, gahrymanlar göze görner derejede janlanýardy hem-de ol olaryň dag külbesindäki iň soňky duşuşyklarynyň şaýady bolupdy. Ilki külbä zenan sümüldi, tizdenem oýnaşy girdi, onuň ýüzünde – şahadan täze sypjyryk bardy. Aýal eşret bilen onuň ýüzüni öpüşdirip, ganyny ýalamaga başlady, ýöne erkek onuň sypaň-sermeňinden çeke durýardy, ol pynhan yşgyň aýşy-eşretine meşgul bolmak üçin gelmändi, ýogsa bu ýerde, gury ýapraklaryň we ýodajyklar kerebiniň dünýäsinde olar üçin howpsuzdy. Onuň kükreginde, köýneginiň astynda – pyçak; gursagynyň içinde – erkinlige teşnelik. Üzlem-saplam gepleşik setirden setire ýylan deý sünýärdi, özem duýulýardy: hemme zat birmahal çözülen. Hatda zenanyň oýnaşynyň tenini muhabbetleýän posalaram, edil ony saklamaga, raýyndan gaýtarmaga çytraşýan ýaly bolsa-da, öldürilmeli özgäniň bedenini ýürekbulanma bilen ýadyňa saklamag mejbur edýärdi. Hiç zat undulmandy: alibi (jenaýatyň bolan wagty onuň bolan ýerinde ýoklugyň subutnamasy), tötänlikler, mümkin bolan säwlikler. Şu pilleden başlap, her pursat aýratyn manydan püre-pür bolýar. Olar ýene-de bir sapar zalym meýilnamany jikme-jik hetjikleşdiler, zenan diňe ograşynyň ýaňagyny ýeňiljek sypamak üçin ünsüni sowdy. Eýýäm iňrik garalypdy. Eýýäm birek-birege seretmän, öňlerinde duran waka bilen pugtadan-pugta çatylan olar külbäniň deňesinde aýrylyşdylar. Zenan ýoda bilen demirgazyk tarapa gitmelidi. Ol ýoda bilen günorta ýöredi, bir sellemlik yzyna gaňrylanda-da, gördi: zenan ylgap barýar we onuň saçlary ýelpeselenýär. Olam ylgady, agaçlara, haýatlara bukulyp, tä benewşe ümüriň salgymynda öýe eltýän seýilýodany görýänçä. Itler üýrmeli däl, olar hakykatdan üýrmeýärdiler. Dolandyryjy bu çakda bolmaly däl, ol ýokdam. Erkek kişi pessejik bosaga eýwançasyna galdy-da, öýe girdi. Gulaklarda urulýan ganyň arasyndan, ol häzire çenlem zenanyň sözlerini eşidýärdi: ilki – mawy myhman otagy, soňra – däliz we haly bilen örtülen basgançak. Ýokarda – iki gapy. Birinji otagda – hiç kim, ikinji otagda-da – hiç kim. Ahyrynam iş otagynyň işigi we – pyçak elde, penjireden içerä guýulýan ýagtylyk, kürsüniň ýaşyl mahmal örtükli, beýik gerşi, kürsüde detektiw romany okaýan adamyň kellesi. © Hulio KORTASAR. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||