EÝELENEN ÖÝ
Öý biziň göwnümizden turýardy. Ol hem-ä giňdi, hemem könedi (bu bolsa bähbit üçin köne öýleriň satylyp alynýan häzirki döwründe seýrek duş gelýän ýagdaý). Ýöne iň esasy zat, ol özünde biziň ata-babalarymyz, ýagny atam, ejem, kakam hem çagalygymyz baradaky ýatlamalary saklaýardy.
Irene ikimiz ýeke ýaşap öwrenişipdiris, bu, elbetde, akmaklykdy, sebäbi biziň öýümizde sekiz adam bolup ýaşamaga-da mümkinçilik bardy. Adatça, sagat ýedilerde turup, otaglary tertibe salyp başlaýardyk, soňra galan iki-üç sany otagy tertipleşdirmegi uýama tabşyryp, özüm aşhana ugraýardym. Süýrgünortan ertirlik edinenimizden soň, gap-çanaklary ýuwuşdyraýmasak, başga edere iş ýokdy. Biz stoluň başynda uly, asuda öýümiz barada, onam kesekiniň kömegi bolmazdan, özümiziň dolandyryşymyz barada pikir öwürmegi gowy görýärdik. Göwnümize bolmasa, biziň ýalňyz galmagymyza-da hut şu öý sebäp bolan ýalydy. Irene hiç bir sebäpsiz, iki ýigidiň sözüni almady, meniň Mariýa Esterim bolsa heniz adaglanmankak ýogaldy. Biz eýýäm kyrk ýaşap barýardyk we öz ýanymyzdan bu öýde orun tutan neslimiziň ýönekeýje aga-uýa gatnaşygy bilen tamamlanjakdygyna ynanýardyk. Bir gün biz ýogalarys, mähirsiz garyndaşlarymyzam jaýa eýe çykyp, onuň topragyndan hem daşlaryndan peýdalanmak üçin, ony ýumrarlar diýip pikir edýärdik. Belki, heniz giç bolmanka, ony özümiz ýumrarys…
Irene dogup-döräli bäri hiç kimi bimaza eden adam däl. Irden içerini ýygnaşdyryp bolanyndan soň, ol tagta sekiniň üstüne geçip, gijäň bir wagtyna çenli ony-muny örerdi. Onuň näme üçin örýändigine düşünmeýärdim. Meniň pikirimçe, aýallar başga işleri etmezlik üçin örýärmikäler öýdýän. Bu, umuman, aýallara degişli bolsa-da, Irene hakda beýle diýer ýaly däldi. Ol zerur zatlary örýärdi: gyş eşiklerini, meniň üçin joraplary, özüne bolsa koftalary. Haýsydyr bir zat göwnüne ýaramasa, ören zadyny çöşläp başlaýardy. Menem sebediň içindäki ýumagyň esli wagtlap bir durkuny saklap ýatyşyna syn edip oturmagy gowy görýärdim. Şenbe günleri merkeze ýüň almaga giderdim. Uýam bu işi maňa ynanýardy, sebäbi men reňkleri saýlamagy oňarýardym, Şo sebäplem biz henize çenli ýeke ýumagam çalyşmaly bolmandyk. Pursatdan peýdalanyp, kitaphana baryp, Fransiýadan gelen kitaplaryň barlygyny-ýoklugyny sorardym. Her gezegem netijesiz. 1939-njy ýyldan bäri biziň Argentinamyza derege ýarajak zat gelenok.
Ýöne öýümiz barada, öýümiz hem uýam barada gürrüň beresim gelýär, sebäbi özümde gyzyklanma döredip biläýjek hiç zat ýok. Irenäniň zat örmedik bolanlygynda näme bilen meşgullanjakdygyny akylyma sygdyryp bilemok. Kitap okasa-da bolardy, ýöne kürtekçe örmek uly bir hadysa ahyryn. Bir gezek gyş eşikleriň saklanýan şkafynyň aşaky çekmesinde naftalin sepilen, dükandaky ýaly top-top edilip goýlan birtopar ak, ýaşyl, benewşe reňkli ýaglyklary gördüm. Munça zadyň nämä gerekdigini soramaga bognum ysmady. Biz pula mätäç däldik, olar obadan aýba-aý gelýärdi, biziň baýlygymyz artyp barýardy. Muny diňe uýamyň zat örmekden lezzet alýanlygy bilen düşündirip boljakdy. Ol örän täsin örýärdi. Men onuň barmaklaryna, çişleriň çaltlyk bilen hereket edişine, ýerde hem sebetde ýatan ýumaklaryň gymyldysyna ençeme sagatlap syn edip oturyp bilýärdim. Bu orän owadan tomaşady.
Otaglaryň ýerleşişini hiç wagt ýadymdan çykarmaryn. Naharhana, suratlar bilen bezelen zal, kitaphana we üç sany ýatylýan otag öýüň beýleki böleginde bolup, äpişgeleri Rodriges-Penýa bakyp durdy. Biz tarapda aşhana, suwa düşülýän otag, biziň otaglarymyz hemem myhman otagy ýerleşýärdi. Myhman otagyndan bizede, dälize-de, darajyk geçelge arkaly çeper keramika bilen bezelen daşky otaga-da baryp bolýar. Garaşylýan otaga girip, gapyny açagada, uly zala, ol ýerden bolsa öz otagyňa, däliz bilen gitseň bolsa, öýüň beýleki böleginede girip bolýar. Eger-de gapydan sag tarapdaky geçelgejige tarap sowulsaň, aşhana hem suwa düşülýän otaga barýarsyň. Çam agajyndan ýasalan gapy açyk duran wagty öýüň örän uludygy bildirýärdi. Ony ýapan wagtlary sen özüňi häzirki darajyk otagyňda ýaly duýýarsyň. Irene ikimiz şol gapydan bärde ýaşaýardyk, о ýere bolsa diňe içerini arassalamak üçin barýardyk. Mebelleriň tozany özüne çekişine geň galaýmalydy. Buenos-Aýres arassa şäher, munuň üçinem şäheriň ýaşaýjylaryna sagbolsun aýtmalydy. Howa tozandan doly we ýel turdugy bes, bar tozan sütünleriň mermerine hem nagyşly saçaklara siňýärdi. Ondan dynar ýaly däldi, sübsäňi işletdigiň, kürsüleriň, roýalyň üsti tozandan dolýar.
Bu waka hiç haçan ýadymdan çykmaz. Irene öz otagynda el işi bilen gümrady. Sagat sekizlerde meniň mate (paragwaý çaýy) içesim geldi. Dälizden açyk gapa çenli ýöräp, aşhana tarap sowlanymda, ýa-ha kitaphanadan, ýa-da naharhanadan bir goh eşidildi. Ses tutuksy hem düşnüksizdi, hamala, ol ýerde gürleşilýän ýa-da halynyň üstüne kürsüler ýykylýan ýalydy. Dessine-de, ýa-da biraz soňrak bolmagam ahmal, däliziň beýleki tarapynda-da goh turdy. Men otaga howlukmaçlyk bilen girip, gapyny berk ýapdym-da, oňa arkamy söýedim. Bagtyma, açar iç ýüzünde eken. Özümi has arkaýyn duýar ýaly, gapyň kildini sürdüm.
Soňra aşhana baryp, çaý gaýnadyndym, ony uýama getirdim-de:
— Gapyny ýapmaly boldy. Ol otaglary eýeläpdirler — diýdim.
Ol edip oturan işini goýdy-da, ýadaw hem gussaly nazaryny maňa dikdi:
— Şeýlemi?
Başymy atdym.
— Etjek alajyň ýok, bärde ýaşaýmaly bolar-da — diýip, ol ýene-de öz işine gümra boldy.
Men howlukman, çaý içip otyrdym. Irene işe girişmezden öň az-owlak kürtdürip durdy. Uýamyň şol wagt meniň örän gowy görýän sary gursakçamy örüp oturandygy ýadymda.
Ilkinji günler kyn düşdi — gowy görýän zatlarymyzyň köpüsi gapynyň aňyrsynda galypdy. Meniň fransuz kitaplarym kitaphanadady. Uýama elýaglykdyr öýde geýilýän ýyljajyk aýakgaplar gerekdi. Men arça agajyndan edilen şybygymy küýseýärdim, uýamyň bolsa bir çüýşe köne çakyr almak islän bolmagy ahmal. Biz ýygy-ýygydan çekmeleri açyşdyryp, gerekli zatlaryň hijisini tapmanymyzdan soň, biri-birimiziň ýüzümize gussaly seredip:
— Bu ýerde-de ýok — diýýärdik.
Dogry, biziň käbir utuş gazanan ýerimizem bar. Içerini arassalamak ýeňilleşipdi: indi sagat ondan işlände turup, on bire çenli hemme ýerini tertibe salyp ýetişýärdik. Irene aşhana meniň bilen bile barýardy. Biz pikirlenişdik-de, men günortanlyk taýýarlaýançam, ol agşamlyga nähilidir bir sowuk nahar taýýarlamaly diýen netijä geldik. Sebäbi agşamara nahar taýýarlamak hemişe-de kyn görülýär. Indi biz iýjek zatlarymyzy Irenäniň stolunyň üstüne üýşüräýýärdik.
Gowy ýeri, indi işlemek üçin uýamyň wagty köpelipdi. Kitaplam bolmansoň, meniň şatlygym biraz egsigräkdi. Ýöne gussa batyp oturmaz ýaly, kakamyň markalar toplumyny tertibe salmak bilen wagtymy geçirýärdim. Ýaşaýşymyz gowudy, içimiz gysanokdy. Biz köplenç uýamyň otagynda oturardyk. Uýam wagtal-wagtal:
— Bu halkajyga seretsene. Edil üç ýaprakly ösümligiň bar-da — diýerdi.
Men bolsa oňa dörtburç kagyzjygy görkezerdim, olam daşary ýurt markasyny gyzyklanma bilen synlardy. Biziň wagtymyz gowy geçýärdi, ýuwaş-ýuwaşdan agyr oý-pikirlerden daşlaşýardyk.
Soňky hadysalar gopmadyk bolsa, ýazara zadam bolmazdy. Bir gezek agşam, ýatmazdan öň, suwsadym-da, uýama aşhana baryp, suw içip gaýtjakdygymy aýtdym. Bosagadan ätlän badyma ýa-ha aşhanadan, ýa-da suwa düşülýän otagdan çykýan goh gulagyma ildi. Işine gümra bolup oturan uýam sakga aýak çekenimi görüp, ýanyma geldi. Biz indi iki bolup diň salyp başladyk. Bu goh, gürrüňsiz, gapynyň aňyrsyndan däl-de, ýa-ha aşhanadan, ýa-da suwa düşülýän otagdan gelýärdi.
Biz biri-birimiziň ýüzümize seretmän durduk. Men uýamyň elinden tutup, yzyma garaman, çykalga tarap ýöneldim. Biziň yzymyzdan eşidilýän tutuksy sesler barha güýçlenýärdi. Gapyny ýapdym. Daşky otag imisalalykdy.
— Bu bölegem eýeläpdirler-ow — diýip, uýam seslendi.
Ol ýumaklarynyň gapynyň aňyrsynda galandygyny görüp, elindäki işini biperwaýlyk bilen ýere taşlady.
— Hiç zadyňy almadyňmy? — diýip soradym.
— Hiç zat almadym.
Biz şol durşumyza çykyp gitdik. Şkafymda on bäş müň pesonyň galandygy ýadyma düşse-de, indi olary alardan giçdi.
Goşar sagadym eýýäm on bir bolandygyny görkezýärdi. Men uýamy gujakladym (ol aglaýardy öýdýän), soň biz öýden çykdyk. Meni gam-gussa gaplap aldy. Gapyny jebis ýapyp, açary-da suw akýan turbaň içine okladym. Içimdenem: «Bu wagt hiç kim ogurlyga gelesi ýok-la, üstesine, tutuş öýem eýelenen ahyry» diýip pikir etdim.
Hulio KORTASAR.
Terjime eden Baýramgeldi ALIÝEW.
Hekaýalar