07:42 Sogap iş bitirýän žurnalist | |
SOGAP IŞ BITIRÝÄN ŽURNALIST
Publisistika
Indi ençeme ýyl bäri respublikan gazet-žurnallaryň sahypalarynda žurnalist Allaýar Çüriýewiň syýasy-publisistik makalalaryny okap gelýäris. Ol 1937-nji we beýleki ýyllarda şahsyýet kultunyň pidasy bolan adamlaryň ýagty ýadygärlikleriniň hatyrasyna olaryň «günälerini ýuwmak», nähak töhmetden halas etmek we hakyky partiýalaýyn durmuş ýollaryny beýan etmek bilen meşgullanýar. Nähak ýerden «halk duşmanlary» atlandyrylan şol partiýa, döwlet işgärleriniň Sowet häkimiýetine tüýs ýürekden berlendiklerini, bu ugurda köp ajaýyp işler bitirendiklerini A.Çüriýew öz makalalarynda anyk faktlar esasynda açyp görkezýär. Häzir gürrüň A.Çüriýewiň «Ýüregiň emri bilen» atly saldamly kitaby dogrusynda barýar. Bu kitaby iki gezek okap çykdym. Sebäbi bu ýygynda girizilen makalalaryň köpüsi ozal respublikan metbugatda çap bolup çykdy. Kitaby açyp ugranyňdan şol tanyş zatlar hakydaňda janlanyp ugraýar. Ýöne uly bir tapawut bilen, gazet-žurnallarda ol makalalaryň ujypsyzja bölegi çykan eken. Kitapda bolsa olar has giňeldilen, üsti ýetirilen görnüşde çap edilipdir. Bu ýerde kitapdaky ýigrimiden gowrak dürli göwrümli makalalaryň hemmesi hakynda jikme-jik söz açmaga mümkinçilik ýok. Şonuň üçin olaryň esasylaryny, rewolýusionerler hakyndaky, Sowet häkimiýetini gurmaga aktiw gatnaşanlar dogrusynda gyzykly oçerklere göz gezdirip geçeliň. Görnükli türkmen rewolýusionerleri, partiýa işgäri Gaýgysyz Atabaýew barada esli zat ýazyldy. B.Kerbabaýew ol hakda uly bir roman hem döretdi. Şu zatlardan soň türkmen halkynyň söwer ogly, Türkmenistany gowy günlere ýetirmek üçin köp işler bitiren G. Atabaýew hakynda aýtmaga, ýazmaga zat hem tapylmajak ýaly. Emma A. Çüriýew görnükli partiýa işgäriniň syýasy ýoluny yhlasly öwrenensoň ýazmaga gyzykly faktlar tapypdyr. A.Çüriýewiň oçerkindäki ýaly G.Atabaýewiň ahyrky günleri dogrusynda jikme-jik hiç ýerde ýazylanok. Žurnalist bu pajygaly pursaty şeýle gowy öwrenipdir weli, Atabaýewiň şol agyr pursaty nähili gaýratlylyk bilen garşy alandygy görnüpdir. Bu oçerkde G.Atabaýew hakyndaky hakykatlar onuň alşan hatlary, eden çykyşlary arkaly dikeldilýär. Şol dokumentlerde G. Atabaýewiň nähili batyrgaý, gujurly, öz pikirli adam bolandygy, Türkmenistany özygtyýarly respublika etmek üçin gaty kän göreşendigi äşgär bolýar. Bu oçerki Gaýgysyz Atabaýewiň syýasy portreti atlandyrsak, dogry bolardy. «Gudrat bilen doglan», türkmen halkynyň bagty üçin dörän bu uly adamyň mähriban keşbi göz öňünde janlanýar. Kitapdaky «Otuz ýediň pidasy» atly oçerk görnükli partiýa işgäri Halmyrat Sähetmyradowyň durmuş, göreş ýoluna bagyşlanypdyr. Bu ýerde awtor gahrymanyň portretini çekmek, onuň Sowet häkimiýetiniň öňünde bitiren hyzmatlaryny okyjylara ýetirmek üçin öňde gürrüňi edilen oçerkindäkiden başgarak forma ýüzlenýär. Eger ol G.Atabaýewiň portretini onuň hatlary, telegrammalary esasynda, gündeliginiň üsti bilen beren bolsa, H.Sähetmyradow hakyndaky oçerkinde gahrymana belet adamlaryň gürrüňleri ýatlamalary arkaly beýan edýär. Biz bu ýerde H.Sähetmyradowyň garyndaşlary bolan G.Amanmyradowyň, gyzy Pöwrize Sähetmyradowanyň, döwürdeşi Sapar Güjükowyň hesretli ýatlamalaryna gabat gelýäris. Has-da mugallym S. Güjükowyň ýatlamalary giňişleýin, gahrymanyň durmuşynyň ähli tarapyna göz aýlap çykýar. Ol H.Sähetmyradowyň edebi döredijiligi barada söz açanda ýatlama has-da gyzykly forma eýe bolup gidýär. «Ýigriminde ýyllaryň ýaşlary bolan biz Halmyrat Sähetmyradowyň düzen goşgularyny aýdym edip aýdardyk. Onuň «Gumdaky baýlar» goşgusyny ýaşuly nesliň bilmeýäni ýokdur». Mugallym soňra H.Sähetmyradowyň «Türkmen gyzy», «Türkmen ogly» goşgularynyň şol döwürde tanymal bolandygy dogrusynda pikir ýöredýär. Olaryň awtorynyň şahsyýet kultunyň pidasy bolmadyk bolsa partiýa işinde, edebi döredijilikde uly üstünlikler gazanjakdygyňy dogry nygtap geçýär. Awtor «Halkyň söwer ogly» atly oçerkinde görnükli partiýa işgäri Çary Wellekow dogrusynda ýene-de öňki usuly bilen, ýagny ýatlamalar arkaly gürrüň bermäge synanyşýar. Bu usul oňaýly netije beripdir. Kontr-admiral A.Karawaýewiň, partiýa weterany Annaguly Artykowyň, gyzykly gürrüňleri arkaly, gahrymanyň ýygnaklarda sözlän sözlerine, onuň syýasy hem rewolýusion işlerine belet bolup galýarys. Bize hasam Çary Wellekowyň edebiýat hakyndaky aladalary gyzykly göründi. Olar şu günki gün hem öz ähmiýetini ýitirmändir. Oçerkiň «Ýazyjylar hakda alada» atly bölüminde ol belli türkmen poemasyna şeýle baha berýär: «Alamyşowyň «Söndi» atly eserini mysal alalyň. Bu eser Alamyşowyň uly döredijilik başarnygyndan habar berýär. Ýöne ol bir topar kemçiliklerden halas däl. Munuň üçin biziň Alamyşowy kontrrewolýusionerlikde, milletçilikde aýyplamagymyz hakykata laýyk gelýärmi? Elbetde, ýok. Alamyşow ýaş ýazyjy, onuň ýalňyşmagy gaty ähtimal. Ýöne biziň oňa degerli hemaýat etmegimiz weli, örän zerur». Otuzynjy ýyllaryň başlarynda aýdylan bu sözlerde esere dogry baha bermek, ýazyjyny goldamak, onuň zehinini aýap saklamak ýaly ajaýyp häsiýetler görnüp dur. Çary Wellekow diňe bir partiýa işgäri bolmak bilen çäklenmän, ol edebiýatyň ösmegi üçin hem ajaýyp işler bitiripdir. Kitapda rewolýusionerler, partiýa, uruş, zähmet weteranlary Ýakow Popok, Gurban Sähedow, Döwlet Mämmedow, Garry Kulyýew, Bäşim Gulbeşerow, Bäşim Pereňliýew, Öwezgeldi Atabaýew, Hajy Atabaýew, S.Timoşkow, N.Gurbanowa, A.Fersman, M.Fonin, Aýdogdy Tahyrow we başga-da birnäçe görnükli adamlaryň durmuş ýoly barada pikir ýöredilýär. Ol oçerkleriň her biri barada söhbet edip oturjak bolsak, gürrüňimiz uzap gitjek. Biz şol oçerkleriň üçüsi hakda söz açyp, awtoryň başarjaňlyk bilen gahrymanlaryň durmuş, göreş ýoluny suratlandyryp bilendiginiň şaýasy bolduk. Bu kitap biziň ýurdumyzyň, «Türkmenistanyň taryhynyň bir parçasydyr. Awtor diňe syýasy wakalar barada söz açmak bilen çäklenmän, gahrymanlarynyň durmuş ýoly bilen baglanyşykly edebiýatyň hem gürrüňini edýär. Kitapda B.Kerbabaýew, A.Gowşudow, O.Täçnazarow, A.Alamyşow, B.Soltannyýazow we başga-da köp sanly edebiýat, medeniýet, ylym wekilleriniň atlary agzalýar. «Yzda goýup Arkaplen magdanyň» atly oçerkde bolsa rus-türkmen edebiýat gatnaşyklarynyň problemalary gozgalýar. N.Tihonow, W.Lugowskiý ýaly rus şahyrlarynyň otuzynjy ýyllarda türkmen temasyndan döreden eserleriniň gürrüňi edilýär. Bir söz bilen aýdanyňda A.Çüriýew öz oçerklerinde diňe rewolýusiýanyň, partiýanyň taryhyny anyklaşdyrmak bilen oňman, edebiýatymyzyň taryhyny hem anyklaşdyryp gidýär. Kitapdaky ýene bir gowy zat, ol hem bolsa awtor şahsyýet kultunyň pidasy bolan adamlaryň häzirki wagtda nebereleriniň nirede ýaşaýandygyny, näme işler bilen meşgullanýandygyny aýdyp geçýär. Olaryň, ýagny pida çekenleriň gözi bilen şahsyýet kultunyň wakalaryna baha berýär. Bu nesilleriň arabaglanyşygyny berkidýär, şahsyýet kultunyň rewolýusion mirasdüşerligi ýok edip bilmändigini subut edýär. Umuman alanyňda, bu kitap gymmatly kitap. Žurnalist, şahyr Allaýar Çüriýewe bu asylly, ajap işinde täze-täze üstünlikler arzuw edýäris. Allamyrat GARAÝEW. «Edebiýat we sungat», 12.10.1990 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |