22:42 Sokkoky we onuñ gazallary | |
SOKKOKY Sokkoky çagataýça eser döreden beýik şahyrlaryň biridir. Onuň ýaşan ýeri, doglan wagty barada maglumat galmandyr. Onuň kasydalary timuridly hökümdarlaryndan bolan Halyl Soltan bilen (1405- 14 09) Ulugbege, (1447-1449) we beýik döwlet adamsy wezir Arslan Hoja-Tarhana bagyşlanandygyndan çen tutsaň, onuň XIV asyryň birinji XV asyryň ikinji ýarymynda ýaşap geçendigini aýtmak bolar. *** ▶ SOKKOKINIÑ KASYDALARYNDAN Jahandan gitdi teşwüşi, megerem, ol aman geldi, Paý aldy bu ulus barca,onuň dek jan bar, ýa ýok, Bu towkyp geçdi- sürmesi tapylmaz indi berseň jan, Älem dek begleriň başy, gamda bolup galsa, Jahandan Arzaman gidip, ýok boldy tamam jyns, Gutaryp tagtyň gadyry, özün göge taşlady, Raýat - goýundy, soltan oňa çopanda- böri, Şol günden soň, kän dyndy raýatlar beladan, Köňüller boldy hoş-röwşen, göripler galmady bir zerre, Buýsanyň hysraw illeri, Beýik soltan Ulugbek kim? * * * Seçipdir zülpüni ýüze, onuň ähtine ýok zulum, Rubably ud yşkynda meger nagralar döker, Jahandan nähak aýş geçdi, Dünýä agyr ýük, meger dem-dem. Pelegiň zarbyna bagtyny lukma eýleýip, kylyban zam, Munuň dek köp jepa kylan, munuň dek hassa jana, *** Sokkonynyň “ Arslan hoja tarhana bagyşlanan kasydalardan parçalar“ atly 34 bentden ybarat kasydasynda bolsa Beýik hökümdar Ulugbekiň uly emirlerinden bolan Arslan Hojanyň döwlet, il meselesinde beýik şanyň sag eli bolup halka howandarlyk edendigi beýan edilip: Elde Musa hasasy, görkezip naýzany, Ýene bu mujyza görkezen, meniň zehinim, Sypaty içre akyl, düzdi merwerid, Müň asyry ber sen ol zamandan bu maňa, Meniň bu zerre didarym, eräp galdy mähriňden, - diýip ýazypdyr. Biz bu beýik şahyryň birnäçe kasydasyny hödürlemegi makul bildik. ▶ Arslan hoja tarhana bagyşlanan Elde Musa hasasy, görkezip naýzany, Ýene bu mujyza görkezen, meniň zehinim, Sypaty içre akyl, düzdi merwerid, Müň asyry ber sen ol zamandan bu maňa, Meniň bu zerre didarym, eräp galdy mähriňden, Galamymda kylar erdi, onuň şeker labyzy, *** Eý pelek çarh urgul, ykbal oldy ýüzüň dek nikap, Ol gündogar burçunda dogdy bir Humaýun ahtary, Ýok latofat, gülşeninden gunça bulgury gül-e, Soltanat bostany içre, egmiş didaryn serwi pudagy, Siz , görüň haý-haý diýere, bolar ol bir şergab, Hossa, Türküstan eli, toby bir mäliki zukaw, Görmesin bu hanada, döwrüň pelegiň ynkylab, Hoş ukuly çeker tozun, ikinip dürri hoş-ow. Hut, garaz, gitdi melamat, kylsa mahtumy jahan, Men iýikde gulduryn men, zyýafatlayň köňli dek, | |
|
√ Eý, aşyklar, aşyklar, bu gün biz, siz barsyňyz... / Goşgular - 11.08.2024 |
√ Mekanyna gideli / Goşgular - 05.06.2024 |
√ Merhum dostumyñ gelnine / Goşgular - 19.08.2024 |
√ Победителям / Goşgular - 29.02.2024 |
√ Derdi-halym hezretiňde, Rebbena... / Goşgular - 03.08.2024 |
√ Hoş örütdüň / Goşgular - 29.05.2024 |
√ Kakasy aýatda, çagasy ýetim... / Goşgular - 25.07.2024 |
√ Pyglym harapdyr / Goşgular - 29.06.2024 |
√ Iki jahan zyndan ise, gerek maňa bossan ola... / Goşgular - 11.08.2024 |
√ Nebis / Goşgular - 06.06.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |