23:51 Şol gün diýsene!.. | |
ŞOL GÜN DIÝSENE!
Goşgular
“Ömre deň ahwal” Şahyr Kakamyrat Rejebowyň gazetde çap edilen ilkinji goşgusyna bagyşlap ýazan goşgusynyň ady Kakamyrat goşgusynyň adyny Ýerden ýa asmandan tapman ekeni. Dogurdanam, ilki goşgyň gazetde Çykmasy “ömre deň ahwal” ekeni. Ýatlamaly bolsam, geçen ýolumyň Bagtly günlerini ýekänme-ýekän, Ýatlaryn şol günem, Ah, şol güni men Egnimde baş durka unudarmykam?! Gazetde goşgusy çykan oglan-da! Ellerim gazetli çapýan ikiýan. “Şu diňlär-ow!” diýenlermiň ýanynda Diňlese-de ýa-da diňlemese-de Okaýan. Bagtyma olaram öwen bolýalar, Käbiri-hä, hakyt, çykarýar arşa. Gitdigimçe meleň alýaryn menem, Eselmän boljakmy öwülip dursaň?! Hawa, öwýärdiler ertir dünýäde Bardygy-da bilinmejek goşgyny. Çyny bilen gutlaýardy hemmeler, Ýaşajyk “Halyly”, Körpe “Puşkini”. Ýylgyryp ýatlaýan şol güni mydam, Indi-indiler boluşymdan utanýan. ...Goşguly dünýämde ýöne häzirem Şol sada goşgyny öňe tutunýan... | |
|
√ "Zülpükar gylyjy Hezret Alynyň..." / Goşgular - 27.08.2024 |
√ Ýediñde ýazylan goşgy / Goşgular - 26.06.2024 |
√ Meniň şeýle mährem ejem janym bar / Goşgular - 30.10.2024 |
√ Boş bolgaý / Goşgular - 28.08.2024 |
√ Saýhally hem sada / Goşgular - 15.11.2024 |
√ Nyşanmy / Goşgular - 09.11.2024 |
√ Eý, aşyklar, aşyklar, bu gün biz, siz barsyňyz... / Goşgular - 11.08.2024 |
√ Kalbymyň tümünde galan sargyt / Goşgular - 29.06.2024 |
√ Suwdan ot çykaran goşgy / Goşgular - 31.01.2024 |
√ "Bagşylara" / Goşgular - 07.02.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |