20:47 Şol gyza | |
ŞOL GYZA
Goşgular
Ýazykly ýyllaryň ýalňyşyn derňäp, Ýazgydy ýazgaryp ýörmäli, gözel. Ýürek diýlen zadam hemmede deň däl, Belki başarmadyk söýmäni, gözel. Asla aýrylmajak ýalydy ýollar, Emma seret, nirä diredi hallar! Söýgä gargynarmyş bagtly däller, Biz söýgä ýaman söz diýmäli, gözel. Ýok, asla günä ýok munda söýgüde, Gürrüň niçik, nähiliräk söýmede. Söýgüsi paşmadyk gytmy dünýede, Aýdaly men ýaly, sen ýaly, gözel?! Ýöne biz olara meňzemäli hiç, Öçlümidik, yşkdan alar ýaly öç. Şonsuzam söýginiň şu güne deňiç Diňe kötek boldy iýýäni, gözel. Gel, ikimiz näm edeli diýsene, Kaýyl bolaly bu ömrüň işine. Bir-biregiň girip ýörmän düýşüne, Gysgajyk bu ýoly jemläli, gözel. Sen özgäň dulunda, Men özgäň ýary, Boldy. Şunuň bilen gutardy bary. Ýöne men ykbaldan müňde bir razy, Öňkim ýaly söýýän dünýäni, gözel. Senem ýaşajak bol Meň ýaly, gözel. 15. 10. 2011 ýyl | |
|
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |