00:50 Soltan Beýbars | |
Döwründe dünýäniñ iñ güýçli döwletini perişan eden beýik türkmen hökümdary
Taryhy şahslar
▶ SOLTAN BEÝBARS Taryh söýüjileriñ oñlanylmajak bir ýaramaz häsiýeti bar. Adatça Osmanly ýa-da Seljukly türkmen soltanlarynyñ bitiren işleri barada söz açylanda, olary öwüp arşa çykarýas. Emma dünýäniñ birentek ýerinde iñ azyndan osmanly we seljukly hökümdarlaryndan az iş bitirmedik başga-da birnäçe beýik türkmen soltanlary bar. Olaryñ biri-de Müsürde gurlan Mamlýuk türkmen döwletiniñ hökümdary Soltan Beýbarsdyr. Geliñ, şol döwrüñ iñ güýçli döwleti Ilhanly mongol döwletiniñ goşun birliklerini Elbistanda çym-pytrak eden beýik türkmen soltany BEÝBARS (1223- 1277) barada käbir maglumatlara göz gezdireliñ. * * * Gypjaklar türkmen taýpalarynyñ arasynda iñ açyk tenli, bugdaýreñk we gök gözli taýpa hökmünde tanalýar. Beýbars uzyn boýly, mawy gözli bugdaýreñk türkmen bolupdyr. Ol bir söweşde ýesir düşüpdir we birnäçe gezek gul bazarynda satylypdyr. Ony iñ soñky gezek Eýýuby türkmen soltany Salyh Eýýubyñ adamlary satyn alypdyr. Soltan Salyh Eýýup türkmen esgerlerine aýratyn üns berýärdi. Ol goşuny türkmen gulamlaryna (gul hökmünde satyn alnan esgerler) ynanýardy. Edermen söweşiji Beýbars haçparazlara garşy aýgytly ýeñişleri gazanan goşunda ýönekeý esger bolup gulluk etmäge başlapdyr. Eýýuby goşunynyñ düzüminde türkmen esgerlerinden başga-da, asly kawkazly, esasanam adygeý, tatar, garaçaý we dagystanly esgerlerem gulluk edýärdi (olaryñ köpüsi mongollaryñ basybalyjylykly ýörişlerinde ýesir alnyp, gul hökmünde satylan esgerlerdi). Olaryñ adygeýlerden başgasy türki taýpalardandy. 1249-njy ýylda Mansure meýdan söweşinde haçparazlaryñ çym-pytrak edilip, Fransiýanyñ koroly Luis IX-niñ ýesir alynmagynda görkezen deñsiz-taýsyz edermenligi Beýbarsy legendar gahryman derejesine çykardy. Beýbars Eýýuby türkmen döwletine gulluk edýärdi. Ýöne eýýubylar hanedanynyñ içinde birgiden problemalar bardy. Eýýuby soltany tagtdan agdaryldy, yzyndanam Mamlýuk türkmen döwleti guruldy. Bu döwürde Beýbarsyñ oýnan roly uly boldy (1250). Serkerdeler ilkinji mamlýuk soltany hökmünde Salyh Eýýubyñ dul galan aýaly Şadyýar hatyny tagta oturtdylar. Şeýdip, Müsürde Mamlýuk türkmen döwletiniñ dörändigi resmi taýdan yglan edildi. Emma zenan hökümdar araplardyr musulmanlara oñlanylmajak geñ zatdy. Şonuñ üçin Şadyýar hatyn tagtdan el çekdi we 1250-nji ýylda Aýbek Türkmen bilen nikalaşyp, soltanlygy oña tabşyrdy. Mamlýuklarda iki harby mekdep bardy. Olaryñ birinjine Bahry mekdebi diýilýärdi, bu mekdebiñ uçurymlaryna-da Bahry mamlýuklary diýlipdir. Ikinji mekdebe bolsa Burju mekdebi diýlensoñ, onuñ uçurymlary-da şol mekdebiñ ady bilen baglanyşdyrylypdyr. Bu iki harby mekdep biri-birine basdaş bolupdyr. Bahry mamlýuklaryny halamaýan Aýbek Türkmeniñ döwründe bahrylardan bolan Beýbars Aýbegiñ Bahry mekdebine baştutan edip bellän emeldary Aktaýyñ janyna kast edip, Kairden Siriýa gaçyp geldi. Bahry mekdebiniñ uçurymy, Soltan Jelaleddin Meñburnynyñ jana-jan ýegeni Seýfeddin Kutuzyñ tagta geçjek wagtyna çenli Siriýada galan Beýbars Kutuz tagta geçensoñ Kaire dolanyp bardy we Mamlýuk goşunynyñ baş serkerdesi edilip bellendi. Şol wagtlar Kiçi Aziýada bolşy ýaly Siriýanyñ hem üstüne mongol howpy abanýardy. 1258-nji ýylda Hulagu hanyñ döwründe mongollar Yraga gelip, Bagdady ýer bilen ýegsan etdiler we abbasy halyflygyny taryh sahnasyndan düşürdiler. Mundan soñ howp mamlýuk döwletine tarap süýşüpdi. Aýgytlaýjy pursat barha golaýlaşýardy. 1260-njy ýylda Aýn-Jalutda Beýbarsyñ goşuny mongol sülsady bilen ýüzbe-ýüz boldy. Beýik serkerde, legendar gahryman Beýbarsyñ harby ussatlygy arkaly mongol goşuny perişan edildi. Bu Jelaleddin Meñburnynyñ ölüminden soñ "towugyna tok diýilmedik" mongol goşunynyñ ilkinji gezek ýeñlişe sezewar bolup durşudy. Mundan soñ BEÝBARSYÑ ady dillere sena boldy. Ol indi "Yslamyñ beýik Müjahidi we Howandarydy". Musulman dünýäsiniñ başyna musallat bolup inen haçparazlary we mongollary perişan eden, haçparazlaryñ korolyny, mongollaryñ ilbeglerini diriligine ýesir alan serkerde BEÝBARSYÑ ady halkyñ dilinde-de, döwlet apparatynda-da birinji ýerde durýardy. Bu ýagdaý Soltan Seýfeddin Kutuza ýaramandyr. Ol Beýbarsyñ öñüne bent bolmak maksady bilen käbir hemleleri atyp başlady. Hatda onuñ bu meselede öte geçen ýerleri-de boldy. Beýbars bu ýagdaýyñ soñunyñ gowuluga sapmajagyny bilensoñ, egindeşleri bilen bile Seýfeddin Kutuzyñ garşy dildüwşik gurap, onuñ janyna kast etdi we öz soltanlygyny yglan edip, 1260-njy ýylda Aýn-Jalut söweşiniñ ýeñiji serkerdesi we Mamlýuk döwletiniñ täze soltany hökmünde Kaire girdi. Emma bärde çözülmeli birgiden meseleler bardy. Müsür we Siriýadan ybarat Mamlýuk döwletinde bitewilik, agzybirlik ýokdy. Şol sanda, Beýbarsyñ din duşmanlary bolan mongollaryñ, haçparazlaryñ we ermenileriñ güýç birikdirip, islendik pursatda amatyny peýläp çozma ähtimallygy-da bardy. Şonuñ üçin Beýbars ilkinji nobatda ýurduñ içerki tertip-düzgünini dikeltmäge girişdi. Kutuzyñ döwründe başga ýurtlara gaçan bahry mamlýuklary yzyna çagyryldy we bir ýere jemlendi. Eýýuby begzadalaryñ turzan pitnelerini basyp ýatyrdy. Onuñ iñ strategik hemlesi mongollar tarapyndan öldürilen halyfyñ oruntutaryny Kaire getirmek boldy. Ol munuñ bilenem çäklenmän, halyflygyñ täzeden dikeldilýändigini we özüniñ oña boýun sunýandygyny yglan etdi. Musulman dünýäsi Kairdäki halyfy hoşallyk bilen ykrar etdi. Kair mundan beýläk yslam ýurtlarynyñ ýüregi boldy. Soltan Beýbars bolsa, musulmanlaryñ iñ bir söýüp-sylaýan hökümdaryna öwrüldi. Beýbars Altyn Ordanyñ kagany Berke han yslamy kabul etmeginden soñ, onuñ bilen güýçli ýaranlyk gurdy. Bu ýaranlyk mongollara garşy aşyp bolmajak diwar döretdi. Ol diñe bir urşujy däldi. Beýbars zehinli döwlet işgäri, güýçli strategistdi. Soltan Müsüriñ söwdasyna zyýan ýetirýändigi üçin häzirki Türkiýäniñ Çukurowa diýen ýerindäki ermeni döwletiniñ üstüne köp sanly ýörişleri gurnap, ermenileri perişan etdi. Çukurowanyñ ilatynyñ türkmenleşmeginde Beýbarsyñ roly uludyr. Üns beriñ! Häzir "Baýyr-bujak türkmenleri" diýip tanalýan türkmenleri-de häzirki ýaşaýan ýerlerine hut Beýbars getiripdi. Aýratynam Siriýanyñ birnäçe raýonyna, Kerkuk sebitlerine we başga-da birnäçe ýerlere türkmenleri ýerleşdiren, bu ýerleri türkmen ýurduna öwren hut BEÝBARSDYR! Beýbars özüniñ on ýyllyk soltanlyk döwründe Siriýada franklaryñ häkimiýetiniñ soñuna çykdy. Siriýany galan-gaçan haçparaz galyndylaryndan we olary goldaýan hristianlardan doly arassalady. Ylym-bilimde, sungatda we arhitekturada beýik işleri amala aşyrdy. Kairde we Müsüriñ başga şäherlerinde gurlan möhüm ähmiýetli binalar Beýbarsyñ tagallasy bilen gurlan taryhy binalardyr. Mongollar Kiçi Aziýadaky Seljukly türkmen döwletiniñem başyna bela bolup inipdi. "Üç kagyzçy wezir" Süleýman Perwana kömek sorap Beýbarsa gizlin hatlary ugradýardy. Gijirägem bolsa, 1277-nji ýylda Beýbars ykjam taýýarlykly goşuny bilen Anadola geldi we Elbistanda mongol basybalyjylaryny kül-peýekun edip taşlady. Soltan soñra Kaýserä ýönelipdir. Onuñ esgerleri Anadolyda bir gezegem çapawulçylyk etmändir, ahlaksyz hereketlerde bolmandyr, atlaryñ iýmidir gerekli zatlar ýerli ýaşaýjylardan doly puly tölenip alnypdyr. Beýbars Kaýseride Seljukly türkmen soltanynyñ tagtynda oturyp, adyna hutba okadypdyr, zikge basdyrypdyr. Emma onuñ maksady Seljukly döwletini eýelemek däl-de, oña hemaýat bermek bolansoñ, derrew Siwasa tarap ýönelipdir. Şol wagt ýurduñ ykbaly terezä mündürilende, ortada ýekeje seljukly begzadasy, ýa bolmasa soltany, wezirleri gara bermändir. Beýbars Anadolynyñ garamaýak türkmenleri bilen ikiçäk galypdyr. Şu ýerde belli klassyk şahyrymyz Mämmetweli Keminäniñ: "Baýlar-ä bähbidin arar, pukara hupbulwatan..." diýen dürdäne setirleri biygtyýar ýadyña düşýär. Beýbars agyr goşunyñ üpjünçiligini üpjün etmekde kynçylyk çekip başlaýar. Ýerli türkmen beglerinden başga goldaw beren bolmansoñ, soltan ikiýüzli seljukly emeldarlaryna ynam edip bolmajakdygyna göz ýetiripdir. Halk hernäçe goldanda-da, döwletden güýç birikdiren bolmasa soltana ýeterlik däldi. Şeýle-de Ilhanly tagtyna geçen Abaka hanyñ uly goşun toplap gelmek ähtimallygy we bardy. Kairden uzak wagtlap daşda galmagy-da soltany biynjalyk edýärdi. Ähli agzalan sebäpler zerarly we seljuklylaryñ bolşuna gahary gelen Beýbars yza dolanmagy makul bilýär. Soltan Şamdaka awy garylan gymyz içip ýa-da dizenteriýa keseli zerarly aradan çykypdyr (1277). Beýbars amala aşyran beýik işleri bilen Ýakyn Gündogarda Osmanly döwründe üpjün edilen we dört asyrlap dowam eden parahatçylykly döwrüñ hem binýadyny tutupdy. ■ Peýdalanylan çeşmeler: 1. Jüneýit Kanat / "Memlükler'in Beybars zamanındakı (1360-1377) Suriye Çukurova siyaseti ve bu siyasetin Çukurova'nın türkleşmesindeki rolü". 2. Kemal Göde / "Mısîr Türk Sultanı Baybars ve Anadoluya Gelişi". 3. Mehmet Suat Bal / "Türkiye Selçukluları, Mısır Memlükleri ve Altın Orda Devleti’nin İlhanlılara Karşı Kurduğu İttifak" 4. Ybraýym Güneş / "Memlük sultanı I.Baybars'ın 1277 yılındaki Anadolu seferi 5. Jüneýit Kanat / "Baybars Zamanında Memlüklü-İlhanlı İlişkileri" 6. Altan Çetin / "İBN HALDUN’DA MEMLÛK ASKERÎ TEŞKİLÂTI" 7. Amina A. Elbendary / "The Sultan, The Tyrant, and The Hero: Changing Medieval Perceptions of al-Zahir Baybars" # Internet maglumatlary esasynda taýýarlandy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |