23:47 Söweşjeñ dostuma | |
SÖWEŞJEÑ DOSTUMA
Goşgular
![]() Onda biziň ikimizem çagadyk, Gülki bilen oýun boldy kärimiz. Garagoldyk, şadyýandyk, sadadyk Söýmägede ýetişmändik häli biz. Aşyk bolup ýörmesek-de gyzlara, Aşygydyk şadyýanja guşlaryň. …Ine birden uruş turup jahanda, Ýüreklere urdy sansyz neşderin. Kimler ýitirýärdi howandaryny, Kimseler ogluny, kimler ýaryny, A biz bolsa poçtalýondyr öýderdik Bu zatlaryň ýalňyz günäkärini. Äpet gara sumkasyny gerdenläp, Aýlanýarka köçeleriň hemmesin, Howsalaly bakardylar adamlar: - Göni gitsin… Biziňkä bir gelmesin. Indi indi haýran galýan bu zada, Gör, neneňsi işler bolýar dünýäde, Şol poçtalýon, Şol gazaply ýyllarda Getiripdir şum habarlaň ençesin, Bir ölüme döz geläýmek aňsat däl, Ol neneňsi göterdikä şonçasyn? Kä zatlara düşünsek-de azajyk, Kän zatlara düşünerden sadadyk, O zeýelli gowgalary näbilsin Peýwagtyna oýnap ýören çagajyk. Aýlar geçdi…täze oýun tapyldy, “Bedew atlar” dört tarapa çapyldy. “Awtomatly”, “bäşatarly” “jigitler” “URA!” diýip, öňe bakan topuldy. Uzak frontlarda atylýan oklar Edýärkä her günde ençeme gurban, Biziň “urşumyzy” Biziň “soldatlar” Mydam Şatlyk bilen ederdi tamam. Günbe-günden barha artyp badymyz, Duşmany ýakýardy biziň odumyz. Beýik ynam bilen arman-ýadaman, Arzuw etdik: “Arzuwlarmyz ýer alar”. Şeýdip ölmän ýeňşe ýetdik sag-aman, Galsa-da ýürekde bitmez ýaralar. …Dostum, indi özüň bolupsyň ata, Dur anha çagalaň daşyňy gallap Ýyllar bizi köp güzerden geçirdi. Indi biz çaga däl, biz köne soldat. Halyl KULYÝEW. | |
|
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |