21:59 Söýgi / roman | |
BIRINJI KITAP
Romanlar
I «Gelermen diýp wada etdi, Geler wadasyndan ötdi, Erteden çäş wagta ýetdi, Ne boldy ýarym gelmedi?» «Şasenem we Garyp» dessanyndan. Gyş ýeňsäni berip, ummaga gaçdy, Gün ýagty şöhlesin äleme saçdy. Eredi ak garlar ala daglarda, Zeminiň bezegi – gara baglarda Açyldy al-ýaşyl, reňbe-reň güller, Şahasynda jak-jak urýar bilbiller. Temiz ýaz şemaly öpýär ýüzüni, Aýlanyňda çar tarapa gözüni, Şähdiň açýar janly görnüş her ýanda, Gök mahmala giren gözel meýdanda. Ýylyň şu paslynda kolhoz obasy Uly-kiçi iş üstünde gabasy. Gün dagyň gerşine göwresin sallap, Göýä hoşlaşýan dek gollaryn bulap, Bulut arasyndan şöhle saçanda, Barha bizden arasyny açanda, Kolhozçylar işden çykyp kem-kemden – Öýe tarap ýüzlendiler her ýerden. Mal-garalar ýatagyna ýygnalýar. Asudalyk bilen oba dem alýar. Şu gözel obany deň iki bölüp, Dag etegin syryp aşaga inip, Towlanyp, tolkunyp akýardy bir ýap Kenary gül açan göýäki Lebap. Kölge peşanasyn geren agaçlar, Asmana ýetsem diýip uzadyp başlar, Her haýsynyň gör näçe ýyl ýaşy bar? – Ata-babamyzdan galan ýadygär. Ýel degende iki ýana urunýar, Salgym atyp uzak ýerden görünýär. Bir hatar öý ýakynynda şu ýabyň, Bag içinde, merkezinde obanyň, Uzak ýyllar mesgen tutup ýaşardy, Gelin-gyzlar şu ýapdan suw daşardy. Iňrik garalanda, şapak ýaşanda, Mal-gara ýygnanyp oba aşanda, Çykdy şol hatardan küýzeli bir gyz, Kimligi, okyjym, mälim däl heniz. Gelýär ol sallanyp, garaman daşyn, Käte ogryn-ogryn göterip başyn. Ýeň astyndan töweregne ser saldy, Kenara ýetmäge ara az galdy. Öwrüldi ol, göni barman güzere, Ýabyň ýakasynda gizlin bir ýere. Emaý bilen suwa sallap küýzesin, Doldurdy, dökdi soň, çykartman sesin. Ene-de doldurdy, ýene-de dökdi, Käte garanjaklap daşyna bakdy. Suw başynda ýoňsuz wagt güýmendi, Sagatlara döndi onuň her mindi. Kim eken bu gözel, kime garaşýar? Kim beýle giçden soň öýe suw daşýar? Näme kän oturdy suwuň başynda, Elek-çelek gözi degre-daşynda? Ýa wada beripmi söwer ýaryna, Ýa bijaý kakylyp göwün taryna Eneden-ýeňňeden öýkesi barmy, Ýa bir gama batan dünýäsi darmy? Mejnun bolup çykan ýaly çöllere, – Garýar gara gözler uzak ýollara. Anha, ol ýene-de ýerinden turup, Bir beýik agaja arkasyn berip, Dag keýgi dek keýerjekläp her ýana – Garaýar, howsala düşüpdir jana. Aklyň haýran edýär katdy-kamaty Göz öňümde, ynha onuň suraty: Egninde lybasy – gyzyl keteni, Ak pamykdan ak görünýär ak teni. Terne dek tözlenen goşa mämesi, Ketenini ýyrtsam diýýär bir geňsi. Daşyn alyp iki ýandan mämäniň, Göýäki diýersiň, sakçysy onuň, Dyzdan geçýär örüm-örüm saçlary, Ölini direltjek galam gaşlary. Adamzat ähliniň nury ýüzünde, Elektrik togy bar dek gözünde, Ýesir edýär kaklyşanyn dessine, Gara zülpi al ýaňagyň üstüne Dökülipdir, kime ýetse didary, Gyş gününi ýaza döndär her tary. Kän garaşdy, garaňky-da gatlyşdy, Ýaş gyzyň her zatlar ýadyna düşdi. Öz bolşundan özi howatyr etdi, Siňňin-siňňin töweregne seretdi. Dar kapas içinde urunýar ýürek, Kim gerekkä? Duran däldir biderek. Görmänsoň hiç kimi garap her ýany, Mälim boldy gaýgy-gamyň nyşany: Şatlygyň mesgeni güler ýüzlerde, Belkä nem döredi gara gözlerde. Kimdendir, kim bilsin, bolup nägile, Häzir seýkin basyp, ýuwaşlyk bile Ýüzi salyk geldi suwuň başyna, Umyt üzdi, garamady daşyna. Küýzesin dolduryp ugrady öýne, Gör nämeler getirendir ol küýne? Nüçün aşak salyp gelen ýolundan Hanha barýar, sagy bilen solundan Habary ýok, çümüp pikir deňzine, Gara şöhle düşýär güler meňzine. Bu wagtda garşysyndan gözeliň Dar ýerinde öwrüminde giň ýoluň, Bir ýaş ýigit peýda boldy tötänden, Biziň ýaş gyzymyz üýşendi ondan. Çal kostýumly, galstukly, ädikli, Uzyn boýly, gara gaşly, görnükli, Bardy ýigdiň goltugynda papkasy, Başy açyk elindäki kepkasy. Ýat ülkeden düşen ýaly, ol başyn – Dik tutup, geň galyp garýardy daşyn. Garşylaşan gyza gözi düşende, Bir enaýy garaş döredi onda. Göz astyndan ýiti-ýiti seretdi, Boýdan-başa syratyna syn etdi. Ýa haýpy geldimi agyr halyna? Ýa göwni gitdimi gyz jemalyna? Deňinden geçensoň gaňrylyp yza, Ýene taýly gezek garady gyza. Gözel gyz perwaýsyz, galdyrman başyn, Gitdi ýoly bilen, garaman daşyn. Gitdi, gitdi, gözden ýitdi gözel gyz, Ýüregimde goýdy meniň gamly yz. Hesret bilen geçer uzyn gijesi. Aňar ony, ünjä gider ejesi. « – Ýürekden ýalydy onuň hem sesi Şeýlemikä ýigitleriň hemmesi?»... Diýip, ol käýiner, gepleder için, Gatyşdyrar oýalygyn hem düýşün. Çüý kakylar, uky gelmez gözüne, Beletler şaýatdyr şahyr sözüne. Ýaşlyk döwrün geçirenler başyndan, Perwaýsyzlyk bilen garap daşyndan, Rehmi gelmän, ýürekleri awaman, Ýakyn durup derdi-halyn soraman, Bu gyzyň duşundan geçip bilermi? Pynhan syryň düwnün açyp bilermi? Göz öňüne getirmezmi geçenni? Yşkyň meýin gana-gana içenin? Bialaçdyr ýetmese-de kömegi. Agyr hala gyýylmazmy ýüregi? II «Bagrym boldy para-para, Zalym aýralyk, aýralyk.» Magrupy. Burugsadyp goýry gara tüssesin, Ýer sarsdyryp, ýaňlandyryp geň sesin, Öňbaraga barýan ýaly at salyp, «Haş-haş» edip, uly-uludan dem alyp, Myçýardy parowoz gündogar sary. Ençe wagt boldy ugraly bäri. Kän oba, şäherden arany açdy, Tejen derýasyndan, Murgapdan geçdi. Uzak ýoluň tanapyny külterläp, Göýä ganat baglap uçdy ol ýerläp. Güýçli parawozyň dabanyn basyp, Uzyn tirkeş wagon bir-birin gysyp, Gidip barýar çaň-tozana garyşyp, Demir aýak tigirleri ýaryşyp, Ýapyda, inişde dürli heň edýär, Eşelon dynuwsyz ileri gidýär. Güneşli ülkämiň müňläp ýigidi, Söweş meýdanynyň algyr bürgüdi Ýerleşipdir eşelonyň üstüne, Atlanypdyr nejis duşman kastyna. Şowhunly galmagal wagonyň içi, Tanyşypdyr eýýäm uly hem kiçi. Biri aýdym aýdyp, biri saz çalyp, Biri geçenini ýadyna salyp, Gyzykdyryp gürrüň berýär öýlenşin, Gaýtarlan gelniniň yzyndan barşyn. Ertekiden enaýy oň sözleri, Degişgen bir ýigit, gülýär gözleri. Gaýgy ýok, ünji ýok, şatlyk ýaşlarda Ýigitligiň ýeli çalan başlarda. Emma welin, näme üçindir, bir oglan Tükeniksiz derdiň astynda galan. Çetde tutýar özün goşulman ile, Mälim däl, nämeden, kimden nägile. Wagon aýnasynyň öňüne baryp, Gowşuryp ellerin, tirsegin gerip, Äpişgeden giň jahana syn etdi, Nämänidir ýatlap, çuň oýa gitdi, Tolkun atyp misli Jeýhun derýasy, Gowgalydy onuň içki dünýäsi. Muny duýan ýaly ýanky şahandaz Geçende ýanyndan sägindi biraz. «Göresiň geldimi eýýäm ejeňi? Bu hili batyrlyk gorkuzar jeňi. Hany düş yzyma, goşul märekä, Saçly mollajygyň galandyr belke? Näme müzzerýärsiň? Özüňi dürse, Halamaz bu bolşuň komandir görse. Gaýgy bir ganymdyr, dostum, hany, ýör, Bilseň ýekeligi bir hudaý söýer.» Ilki gaharlanyp, mölerlip durdy Ýüzün aşak salyp, syrly ýylgyrdy. «Ejem ogly etme, tanaman birden, Söweşde saýlanar, gardaş, är-ärden...» «Ýeri, ýeri, gyzma, degişme bary, Ýüzi salyk görýän ertirden bäri...» «Gyzamag-a weli, gyzarça etdiň, Sen-men ýok, bir bada kän ýere ýetdiň. Gaýgy-da, gorky-da düşenok ýada, Geçipdi bar ömrüm meniň obada. Hatda Aşgabadam görmändim ozal Syn edýän Watana giň hem-de gözel...» « – Görersiň entekler dürli ýerleri, Ajap ülkeleri, köp şäherleri. Nireden bolarsyň, nämedi käriň? Barmy okan ýeriň, saýlan hünäriň?» « – Aslymy sorasaň Ahal ilinden, Nan idim daýhanyň kätmen-pilinden. Ýedini gutardym, gitjekdim ýene, Bolmady, bagtsyzlyk uçrady ine...» Ara gürrüň düşüp çendan şuň ýaly Kelleden şol pikir giden mahaly Erkana duýsa-da az wagt özün, Birdenkä duýdansyz sallaýar ýüzün. Wagt geçdigiçe oba daşlaşýar, Eziz toprak, eziz ülke hoşlaşýar. Eýýäm yzda galdy Jeýhun kenary, Güýçlenýär ýigidiň ýürek azary. Köýünde obasy, çete saýlanýar, Şol önki ýerinde ýene oýlanýar: «Çagyryş hatyny alan badyma Pikirim atlandy göwün şadyma. Ejem goş-golamym daňyp bolynça, Ýol ýoldaşym taýýar bolup gelinçä Ylgadym görmege gözel ýarymy, Ak ýüzde owsunçy zülpi tarymy. Tapmadym, nädeýin, ýok eken öýde, Galdym şol wagtda tükenmez köýde, Ýakdy meni köne türkmen adaty Guly boldum onuň, ynjytdy gaty: Enesinden soramaga çekindim, Nähak etdim, soňra özüm ökündim. Gadymdan gelýändir türkmeniň nakly Diýerler «uzynyň giç geler akly» Uzynam däl, emma aklym giç geldi, Puşmandan ne peýda? Boljak iş boldy...» Söýgülisin ýatlap biziň gahryman Görmän gaýdanyna edýär köp arman. Uludan dem alýar, kellesin ýaýkap, Aýnaň agajyna bagryny oýkap: « – Eşden däldir birden beýle ugranym, Görjek bolup çar tarapa ylganym. Belki öten agşam wadaly ýerde Beýik tut ýanynda ýa-da güzerde Garaşandyr maňa Ogulnabadym, Intizar bolandyr gaýtalap adym. Käýinendir, çytylandyr gaşlary, Düwmelenip akandyr gözýaşlary. Arman galdy, hoşlaşyp-da bilmedim, Al ýaňakdan gyzgyn posa almadym...» Ýene-de uludan alyp demini Unutmakçy bolup gaýgy-gamyny, Köpçüligiň arasyna geçse-de Şowhun az-kem gamly göwnün açsa-da Agyr pikir kellesinden gitmedi, Ýene onuň hiç karary ýetmedi. Kagyz, galam çykardy-da haltadan, Pikir derýasynda ýüzdi gaýtadan. Ýürek joşup, damarda gan gaýnady, Ak kagyz üstünde galam oýnady. Söýgüdir, dostlarym, durmuşyň täji, Tapyşmak süýjüdir, aýralyk ajy. Ajysyz süýji ýok, tikensiz gül ýok, Gül yşkynda saýramadyk bilbil ýok. Gyş aňzagyn görmän, ýazyň hözirin – Aýtsyn bilýänler göreniň birin? Kim tapypdyr zähmet çekmän rahaty? Bu gadymdan gelýän durmuş adaty. Şerapsyz piýala – söýgüsiz ýürek. Bahar gülşenine nurly Gün gerek. III «Придет пора на пору, Станешь девке ступать на ногу».1 Русская пословица. Ylym çäre tapsa ajal emrine Çäk-de goýulmazdy adam ömrüne. Her hili geçse-de ynsanyň ömri, Çagalyk çagydyr iň gözel döwri. Çaga çalym eder bagyň gülüne. Her kim höwes bilen alar eline. Hem güler, hem oýnar, ýazdyr hemişe. Gaýgy-gamy bolmaz. çekmez endişe. Çagalyk döwrüni unutmaz ynsan, Şatlanyp ýadyna sallar her zaman. Dostlar, şunuň ýaly hekaýat başy Begenç, Ogulnabat – ýüzbe-ýüz goňşy. «Döwlet başy» bilen «göwün hoşlugy» Başda çagalygy, soňra ýaşlygy __________ 1 «Kämillige ýeteňde, gyz aýagyn basarsyň.» Rus halk nakyly. Geçirdiler şu obada birkemsiz, Şatlykda hemişe, gaýgysyz-gamsyz. «Iki aýakly – iki günde» – ösdüler, Mekdep işigine aýak basdylar. Diýerler, «gyrmyldan gyr aşar gider». ýürekden ýapyşan her işi eder. Sapagyň gurluşy baglydy ýaşa: Aňsatdan-agyra, ýakyndan-daşa Geçdi çagalarmyz ädimme-ädim. «Görsene, ýazýaryn indi öz adym!» – Gutlapdy bir-birin olar bir zaman. Uzyn tirkeş bolup soňra duýulman, Yhlasly zähmetde geçdi kän pasyl. Bolarmyş yhlaslyň myrady hasyl. Çyrşalan syýanyň, dolan depderiň, Ýonulan galamyň, dökülen deriň. Çakyndan artykdy sany, hasaby, Könelipdi kän kitabyň sahaby. Ýedi ýyl dolmagna galdy bir hepde, Olar myhman duýdy özün mekdepde. Otyr öýlerinde eneli-ogul: « – Ara sowuk salman ýene-de şu ýyl Ugraýyn okuwa, saklama, eje. Gidýär ýoldaşlarym, galýan ýekeje...» « – Saklajak däl, balam, özüňem düşün, Sen gitseň kim etsin içeriň işin? Jigiň bir ýaşynda, aýagym bagly, Biwagt ölümden ýüregim dagly. Eger şu bolmasa, giderdiň göni Hiç gaýra goýmazdym deň-duşdan seni. Oňardym kör bolup bir jan, bir başym, Garaşyk ederdi töwerek-daşym...» Hak sözüň güýji kän, bolsa-da ajy, Garşylyk edere ýokdy alajy. Maşgala durmuşy şeýle haldady, Ýigit üçin çekip, boýnun sallady. Ýaňky aýak biten eýjejik çaga Ýönelip Begenje galdy aýaga. Edilýän gürrüňe düşünýän ýaly, Ýörjen-ýörjen bolup baran mahaly, Ýapyşdy burnuna, ýetdi gulagna, Suwluja ernini goýup ýaňagna, Garaja gözleri ýiti seretdi, «Gitmersiň!» diýen dek many döretdi. Begenç gidip bilmän, galdy obada. Bolupdy gepleşik iki arada: Eger özi gitse, gyz-da gitjekdi Ikisem okuwyn dowam etjekdi. Hyýal-hyýallygna galdy bu ýerde, Gaýta sataşdylar başga bir derde: Gutaran batlary ýedi klasy Döredi arada «hytaý galasy». Çaga duýgusynda açyk göwünler Mekdebe bileje gatnalýan günler Görerdi bir-birin her sapar irden, Bularyň barysy gutardy birden. Indi öňkülik däl, özgerdi bary, Goňşy bolsalar-da, köp wagt beri Açyk duşuşykdan mahrumdy ýaşlar. Mälim özüňize, gojalan başlar Ony halamaýar, geňleýär gaty, Yzarlap näletli köne adaty. «Göze görnen» saýsa her kimse gyzyn Sypdyrman gözünden, yzlardy yzyn. Çagalyk ýyllary daşlaşdy gitdi, Ýaşlyk ýolun tapyp hökmün ýöretdi. Gara gözler bir-birine hyrydar Garadylar, görmeseler bimydar. Başga many bardy beýle garaşda, Syr bermän hiç kime nçepde-daşda, Güýçlendi günsaýyn yşkyň şemaly, Her biriniň bar başynda hyýaly, Söýgüli okyjym, muny pugta bil Ýürek joşsa herekete gelýär dil. Ynha indi çendan iki arada (Elbetde, mälim zat, söýgi barada), Başlandy gyzykly pynhan gepleşik. Gündizine olar edip belleşik, Gijeleri tapardylar bir-birin, Hiç kime bildirmän tapyşyk ýerin. Garry gulaga-da tapyşyk sözi, Hoş ýakýar, ýaşlykda görendir özi. Tapyşyk ýaşlygyň bagtly sagady. Tapyşyk belläniň bolmaz tagady. Dogrudyr, okyjym, muny boýna al, Şeklenseň ýaşlygyň sen-de ýada sal. Bu mälimdir hemmä gadymdan bäri Oda ýakyn dursa tutaşar däri. Şuny ýada salýar tapyşyk ýeri, Çünki ýetişende yşgyň heseri Joşan ýaş ýürekleň tolkuny galar, Tapyşykda bir-birinden ot alar. Sagatlar tiz geçse döner minuta, Görkli gözel ylham berer ýigide. Duýgy daşar, ýaş kalyblar galdyrar, Göwre gagşar, aýaklar-da sandyrar. Şatlykly günlerde wagt geçýärdi, Umytlar geljege nurun saçýardy. Iki ýyl öwrüldi ine şu halda, Ýaşlarmyz häzir-de öňki hyýalda: Tapyşyk wagtynda iki obadaş Şert edip bolmaga ömürlik ýoldaş, Gne okamagy ykrar etdiler, Ikisem höwesjeň, hoş niýetdiler. Emma beýle plan barmady başa. Duşman gyýa bakyp azat durmuşa, Sürdi üstümize agyr leşgerin, Depgiläp halkymyň mukaddes ýerin. Ülkäniň ýagdaýy bütin özgerdi, Halkym ýeňiş üçin bar güýjün berdi. Taşlap ýigitlermiz kätmeni, pili, Geýdiler şol bada mele şineli. Çagyrdy ýaşlary kolhoz meýdany, Begenç, Ogulnabat aýaman jany Ekişmi, ýygymmy ýa başga bir iş Edildi barysy, dannalmady hiç. Ýetipdi her ýere urşuň täsiri, Daşyn garanjaklap mekdep müdiri Klaslar hakynda edip alada Bir gün habar etdi Ogulnabada. Magaryf wekili bardy baranda Üşerdi bir hili ony görende. Edilen teklibe gaty geň galyp, Özi-de bilmezden, ýerinden galyp: «Men mugallym! Ýok! Ýok! Başga bir kişi Tapyň oňar ýaly bu hili işi.» « – Eger tapýan bolsak, keýgim, özgäni Azara goýmazdyk asyl biz seni. Prikazyň şu günden, bir hepde möhlet, Oňatja taýýarlan, gorkma, gaýrat et. Ertirden başla-da otur sapakda, Sorag ýüze çyksa, eger her hakda Düşündirer saňa her bir mugallym, Hiç kim enesinden dogmandyr alym. Häzir okatmalyň dördünji klas Kyn bolmaz her işe edilse yhlas...» « – Ýalbarýan, zor edip gynamaň meni, Prikaz etseňiz-de başarman muny...» Gülüşdi bu söze ikisi birden. Şeýle düşündiriş boldy müdirden: « – Höküm ýa zorluk däl prikaz diýeni, Şu günden aýlyga belleýär seni. Zorluk ýok bu ýerde, diňe bir haýyş, Tabşyrylýar saňa hormatly bir iş.» Gözün balkyradyp, misli bir çaga Utanyp ýüzüni saldy aşaga. Gysgajyk bu gürrüň gutardy şeýle. Otyr öýlerinde garrysy bile. Heý-de guwanmazmy muňa ejesi, Eşdildi gürrüňde şadyýan sesi: « – Atyňy soý diýrler iliň oňlasa, Seni saýlamazdy ynanç bolmasa. Ataň ogul saýdy seni ezizim, Başarsyň bigüman çekinme gyzym.» Enäniň bu sözi meýil döretdi. Gijara bu habar Begenje ýetdi. Tutup taýly gezek örüm saçyndan Aýyrman gözlerin galam-gyşyndan Garansoň geplemän ep-esli salym: « – Işiň rowaç bolsun, ýoldaş mugallym! Ýöne unutmagyn sada daýhany...» Çykaryp bu sözden başga bir many, Gyz yza çekilip, ýüzün turşartdy, Öýkeli görnüşde ýigde seretdi: « – Maslahat soraýan ogrynça gelip, Sen bolsaň gaňňaňy garnyňa alyp, Ýaňsylan bolýarsyň, kesä çekýärsiň, Diliň şerebesin derrew dökýärsiň...» « – Bagyşlaň, mugallym, ynjytdym sizi! Eger gödek bolsa kolhozçyň sözi, Öwrediň özüňiz, men taýýar oňa...» « – Aýryl, çek eliňi, degme sen maňa! Eger garşy bolsaň, aýt aç-açan?» « – Garşy däl, begenýän, Ogulnabat jan! Oýna çydamasaň, menmi günäli. Näme gaça durýaň, tezi mal ýaly?» Goýmady erkine jahyllyk ýeli, Batyrgaý işledi ýigidiň eli. Başlandy arada kiçijik «söweş», Galgady iki ýan örüm gara saç. Dile nobat barmy şeýle bolanda, Duýgy ygtyýaryn ele alanda Öz kanuny bilen höküm ýöredýär,– Şekilsiz, owazsyz sözün döredýär. Gyz çydam etmedi ahyr berdi ýan. «Döwnäň-le gollarym, dursana, nadan!» Iki göwre bir-birini gysanda. Ak alkymda yssy demler ösende, Ýetdi al ýaňaga teşne dodaklar, Bedene her ýandan ýöneldi toklar. « – Näme armanyň bar, mugallym bolsaň! Diýjegim şu meniň maslahat salsaň.» « – Aýdaýsaň bolmýamy ozaldan şuny. Hoş indi gideli, saklama meni.» Ýigit jogap ýerne gülüp seretdi. Her haýsy bir ýoldan öýlerie gitdi. IV «Käri niku kerden, Ez pur kerden est»1 Täjik halk nakyly. Bir gün ýüzi salyk öýlerne baryp, Kitabyn, depderin stola urup, «Okuwam gerek däl, mekdebem indi», – Diýdi-de dessine düşekde süýndi. __________ 1 «Asylly iş dowamly zähmetiň netijesidir.» « – Waý, sana näm boldy, nä hudaý urdy?» – Gygyryp enesi ýerinden turdy. Horkullap başlady, bermän jogabyn, Garry biljek bolup munuň sebäbin Näçe dyzasa-da haýry ýetmedi. Gyz tüňňesin düşüp, diýen etmedi. Başlapdy işine aýdylşy ýaly, Her işde deslapky boluşy ýaly, Özün ýygra tutdy ol ilki bada. Seredip daşyndan Ogulnabada Mekdebiň içinde oglanlar-gyzlar Ýetirdi gulagna her hili sözler. «Wiý, muňa seret-le, bu-da mugallym! Ýedini gutaryp boluplyr alym!..» Käsi gülüp geçdi onuň duşundan, Käsi gybatyny etdi daşyndan. Ýatyşdy kem-kemden bularyň bary. Girýär sapagyna bir aýdan bäri. Taýýarlyk görerdi gije-gündizi. Seljerip klasda oglanym gyzy, Kim ökde, kim asgyn, kimi ýakymsyz, Az wagt içinde öwrendi kemsiz. Etmändi özünden beýle tamany, Geçýär nobatynda her bir temany. Ýygralyk aýrylar, açylar ýüzi, Işiň gidişinden hoşaldy özi. Döredi tötänden şeýle bir waka. Bir sapar ýazuwdan sapak barýarka, Mysal gerek bolup sözlem düzende, Düşündirmek üçin tagta ýazanda, Eşdildi çagalaň hyşyr-pyşyry, «Özem ýalňyş ýazýar!» seslendi biri. «Wiý-de wiý!» boluşdy barysy birden. Ýaş gyzyň maňlaýy çygjardy derden. Niçiksi saklarsyň çaganyň dilin, «Men-de men» – her ýerden galdyrýar elin. Duýup bir zat baryn, gaty aljyrap, Bir söz aýdyp bilmän klasa garap, Ýüzi tagta tarap ep-esli durdy, Görmedi hiç zady, bütin gyzardy. Gaýtalap-gaýtalap okady ýene, Galmagal sebäbi tapyldy ine: Bir sözüň bir harpy düşüp galypdyr, «Mallaryň» ornuna «malar» bolupdyr. Goýberen «ýalňyşyn» derrew düzetdi, Emma ol klasda şowhun döretdi. Tapyldy garagol uludyr-kiçi Jyňk-da jyňk, pyňk-da pyňk klasyň içi. Köpler diňlemedi aýdan zadyny, Gygyrdy käleriň tutup adyny, Kömegi degmedi, yzdaky hatar Dürtüşip bir-birin öňküden beter, Biri «molar» diýdi, birisi «malar», Hiç durar ýerinde durmady olar. Ýatmady galmagal kellesi çişdi, Ýerinde oturyp, žurnaly açdy. Saklanyp bilmedi syryn aňdyrman, Agdarýar žurnal başyn galdyrman. Sagada ogrynça garan mahaly, Wagtynyň ýary-da geçmändi häli. Ýeňseden birini tagta çagyrdy, Ol gele-gelmäşe gülmege durdy. Tagtada küýi ýok, yzynda gözi, Bu gün ýer tutmady mugallym sözi. Ahyrda klasdan gitdi ol çykyp, Gapyny bat bilen gaharly çekip. Daşarda direktor pete-pet geldi, Bir işiň bolanyn dessine bildi. «Ýeri, näme boldy?» – sorady tizden. Belli bir gaýtargy bolmady gyzdan. Diňe «hiç zat» diýdi, pyşyrdap çala, Öýlerin nazarlap düşdi ol ýola. Ine, şol gaýdyşy, häzir-de ýatyr, Ejesi ýanynda zeýrenip otyr. «Kim degdi göwnüňe, kim gyýa bakdy?» Berilýän soragyň jogaby ýokdy. Goýup ejesini ençe azara, Köşeşip öz-özi turdy gijara. Doly gürrüň berdi bolan wakany. « – Bolan iş şu bolsa, howlukma hany. Çagadyr, elbetde, geň däl bu zatlar, Galmagal, gykylyk eder bezzatlar. Bolar her hilisi içinde köpüň, Işiňi taşlama, düşündir gepiň. Diýseň, derektiriň tapar çäresin, Çykarmaz ondan soň hiç haýsy sesin.» « – Üç-dörtden artyk däl içinde beti, Olar-da oturjak, tutulsa gaty. Gamşy gowşak tutsaň, eliňi gyýýar, – Meniň gowşaklygym barysy duýýar. Başlandy galmagal bir sebäp bolup, Men saklap bilmedim öňüni alyp. Dilim gysga boldy, günäli özüm. Indi ol klasda diňlenmez sözüm. Gülüşip başlarlar girenje badym, Gutardy şu günden mugallym adym. Her kim buýsanmaly bolan güýjüne, Ugraryn ir bilen kolhoz işine». Enä hoş ýakmady gyzyň bu gepi. Bu wagt birdenkä açyldy gapy. Içerä göz aýlap, az salym durup, Mekdep direktory girdi ýylgyryp: « – Yzyndan gelmändik okuwçy wagty, Gatnardy gün yrman, erjeldi gaty. Mugallym bolansoň, saldy yzyna Hiç başyn galdyrman ulyň sözüne Bu nätdigiň boldy, iş bormy beýle? Oňuşman klasda çagalar bile Gaçdyň öýe tarap, yzyň garaman. Bardym klasyňa şol bada durman, Bolmandyr sapakda üýtgeşik bir zat. Özüň gowşak tutsaň, bil, Ogulnabat, Tertipli klas-da bitertip bolar. Tutmasaň berkiräk, çagadyr olar Düzgün-nyzamy bilmez öz-özi, Täsirli bolmaly mugallym sözi...» « – Wah, sen öwüt berýäň, gitmen diýip otyr. Kolhozyň işine barjakmyş ertir. Horkullap geçirdi uzynly güni Tüýs zähräm ýaryldy, gorkuzdy meni.» « – Ony mamla görmez asyl hiç kişi. Heý-de taşlap bormy başlanan işi? Gaharna diýendir, hiç ýana gitmez, Hiç kim klasynda galmagal etmez. Şu gün şolar boldy meniň-de işim, Özüň-de dogumlan, şu ýaňky diýşim. Ynha ýigrim üç ýyl, ýaşlykdan bäri Gidişip oturşym goýman şu käri. Gaty aňsat ýaly garasaň daşdan Emma agyr günler geçendir başdan. Mundan beterrägem bolupdy mende Käte sandyradym tagtaň öňünde. Her kişi ýaşlykda başlanda kärin Çekýär kynçylygyň tapynça tärin. Düzeler barysy ýuwaş-ýuwaşdan, Birdenkä eliňi sowatma işden. Kömek gerek bolsa taýýar hemmemiz. Senden, Ogulnabat, köpdür tamamyz. Ýanynda diýmegim gelşiksiz belki, Gürrüň gozgalanda şu hakda ilki Ady agzalypdy birnäçe gyzyň, Ahyrda saýlanmyz sen bolduň biziň. Gitmen, gelmen diýip, ýok zady tapma. Ertir bar sapaga, yzyňa çapma.» Ene baş yrady muny makullap, Gyz dymdy kän wagt ýüzüni sallap. Başda bolan waka şeýledi ine. Mugallym işine girişdi ýene Emma unutmady kän wagt muny, Barha oňatlaşyp sapak mazmuny, Erkana duýýardy özüni işde. « – Mälim etmeli bor irde ýa giçde Öýermek gürrüňin gozgaýar ejem, Aýt bolşy ýaly ejeňe senem.» Begenç teklip etdi gyza şu hili, Dolanda mekdepde onuň bir ýyly. « – Waý, munuň diýýänin!» – dişledi dilin. Ýigit emaý bilen egnine elin Goýdy-da: «Aýdaly bilsinler olar. Ýogsa oban içi gürrüňden dolar Ogryn duşuşygmyz göräýse biri, Meni howpa salýar işiň şu ýeri.» « – Özüm aýdym bilmen, ejeni iber, Seni gowy göýär, razylyk berer. Diýýär, zähmetsöýer, gaty edepli Mydam ýüzi aşak, mylaýym gepli...» Şeýle gutaryply soňky duşuşyk, Hoşlaşyp şu ýerde bu iki aşyk Aýralyk sozüni getirmän ýada Gol gysyp bir birne beripdi wada. Barlyşsa gürrüňde Nurtäç, Enebaý Boljakly olarça bary gönejaý. Emma ýaşlarmyzyň beýle hyýaly, Galdy, baş tutmady, şu bolşy ýaly, – Gözel gyzyň söwer ýigdi, guwanjy Esgerlige çagyrdylar Begenji. V «Друзья Людмилы и Руслана! С героем моего романа Без предисловий сей же час Позвольте познакомит вас...»1 Пушкин. Eý okyjym, ýatlaly biz yzymyz: Gabagyn galdyrman gamly gyzymyz. Hesret çekip, öýlerine barýarka, Gara gözler diňe ýere garýarka Ýadyndamy? Biri çykyp öňünden Gizlin garap geçipdi oň deňinden. Akmyrat Aşyrow ol ýigdiň ady Ata-enesiniň ýeke zürýady. Ol meniň ýaşlykdan ýakyn ýoldaşym, Köne dostum, jan ynanan syrdaşym. Görmändi ol ene-ata mährini Şum ajy aýralyk dökdi zährini – Näzik tenne ýaş çaganyň ýaşlykda. Galypdy ol agyr günde, açlykda. Bir lukma nan üçin ýaşaran gözler Çekjekdi horluklar, minnetli sözler, __________ 1 A.S.Puşkiniň Ýewgeniý Onegin romanyndan, terjimesi: «Lýudmilanyň we Ruslanyň dostlary! Meniň romanymyň gahrymany bilen, sözbaşysyz şu häziriň özünde sizi tanyş etmäge beriň...» Emma Sowet gujagyny açanda, Ýetimler üstüne nurun saçanda, Hossar tapyp göz ýaşyny kepeden, Daş düşdi ýaşlykda «dogduk depeden.» Internatda, tehnikumda ýetişdi, Okady, öwrendi, ile gatyşdy. Kän gezipdi boýny gyzyl ýaglykly, Edepli, ekramly, ýagşy gylykly. Ýetenden soň on dört – on bäş ýaşyna «Kim» nyşanyn dakynypdy döşüne. Gutardy ortany, ýene çalyşdy Ýokary mekdebiň gapysyn açdy. Yhlas bilen ýapyşanlar her zada Ýetişer hemişe maksat-myrada. Şöhratly Moskwa – gözel paýtagt. Okady ol onda birnäçe wagt. Dünýä ady belli ençe alymyň Diňledi taglymyn, dürli ylymyň Açaryny mäkäm tutdy elinde Kitaplar okaýar iňlis dilinde. Işde söýgi kuwwat berýär ynsana, Ganat baglap guş dek galkdy asmana Her günsaýyn gözýetimi giňeldi, Güneşiň küregin goluna aldy. Uzak geçmişi bar her bir ylymyň, Ony dörediji ençe alymyň Eserlerin kän okady ýadaman Gije-gündiz birjik wagtyn aýaman. «Kapitalyň» sahypasyn açanda, Onuň her sözünden many saçanda, Dürbi bolup geýdirildi gözüne Çyn hakykat çykdy aýnan ýüzüne. Ol beýik Leniniň akyl kitaby Okanynda ülker bolup her baby, Syryldy asmanyň gara dumany, Ýagtylandy giň jahanyň her ýany. Okady Gomeri hem Şekspiri, Dünýä belli eserleriň hiç biri, Onuň görejinden sypa bilmedi, Ýadawlyk gözüni gypa bilmedi. Kitap boldy iň gadyrdan ýoldaşy Ömür elindedir, galmazdy başy. Puşkiniň goşgusyn birjik sakynman Rus dilinde ýatdan okaýar çekinmän. Adamzat aklynyň çuň gözbaşyndan Gana içdi, garamady daşyndan. Her kim baryp gören bolsa paýtagty Onda şatlyk bilen geçendir wagty. Bir zaman ol ýerde bolupdym men-de (Belki-de, okyjym, bolansyň sen-de?) Ýaşlygmyň şadyýan geçen günleri, Umyt şöhlesini seçen günleri, Hemişelik çykmaz meniň ýadymdan, Bu adatdyr ynsanlarla gadymdan. Gözümiň öňünde şu günki ýaly. Uly teatryň şowhunly zaly: Doly tomaşaçy gat-gat ýaruslar, Dürli-dürli dilde eşdilýär sesler. Orkestr saz çalýar, sahna açylýar, Ondan uly zala ýagty saçylýar. Başlanýar hereket gözel sahnada Her hili oýunlar goýulýar onda: Ýa ýüzýär Ilmende Sadkoň gämisi, Ýa Knýaz Igoryň eşdilýär sesi, Ýa German oturýar kartyň başynda, Ýa Onegin görner Olgaň daşynda. Ýokardaky ýaruslarda bir ýerde (Studentler – ýer gözlemez parterde), Oturandyr ynha biziň gahryman, Nebsewür sereder gözün aýyrman. Kä gün bu ýerdedir, kä gün filialda, Kyn-da bolsa wagt tapar her halda. Wagtal-wagtal peýda bolup MHT-da, Kä oýny gaýtalap görerdi hatda, Ol garry Dançenko oýun goýanda Moskwin, Kaçalow oýnanda onda. Geň zatlar görüpdi Gorkiý bagynda, Moskwa – derýada, Lenin dagynda. Haýwanat parkynda, dürli muzeýde Planetar jaýynda hem galereýde Metroň gapysy açylan güni Türkmenden birinji görüpdi ony. Ýer astyndan Moskwany aýlanyp, Gurluşyna, ýörişine geň galyp, Başyn ýaýkap, uludan dem alypdy Şonda «Eşeklini» ýada salypdy. Urşuň öň ýanynda, iýun aýynda, Gözel Moskwada, sergi jaýynda Ýene gysdym köne dostuň elini, Uzak ýyllar görmändi ol ilini. Giň naharhanada, stol başynda, Monty, kebap, «Tokaý» bardy daşynda. Iki kişi uzak wagt oturdyk, Geçenmizi göz önüne getirdik. Gyzykdy gürrüňmiz iki arada Geçen hem-de geljek işler barada. « – Wagt tapsam sergi sary gelýärin, Mundan her gezekde lezzet alýaryn. Bu ýerde giň Watan gözüm öňünde Güneşli ülkäm-de iller deňinde Parladyp geripdir gyzyl baýdagy Ol sarsmaz daragtyň güýçli pudagy. Türkmenistan pawilonna baramda, Geň-enaýy täzelikler göremde, Göwün arzuw edýär gözel ülkäni Towşan küýsemezmi «dogduk depäni». Watan maňa ak göwsünden süýt berdi, Göýä döwlet guşy, ganatyn gerdi. MGU1-dden soňra aspiranturaň Gutardym kursuny, indi bir temaň Üstünde işleýän, gutarjak bahym, Hojalygmyz üçin ol örän möhüm. Öz wagtynda ülkäm meniň geregim Üpjün etdi, geldi meniň gezegim. Indi işe hyjuw bilen doly men, Tä ölinçäm Watanymyň guly men». Sözlän wagty sessiz-üýnsüz oturdym, Kän zatlary göz öňüne getirdim. Köne dostum, täze tanşym garşymda Dürli pikir jem etdi ol başymda. Täze dünýäň daňy bilen deň dörän Geçmişden arany açypdyr örän. Maňzyňa batyp dur her aýdan gepi Her zatdan habarly, görüpdir köpi. Atadan, eneden ýaşlykda galan Bu azat ülkede nähili bolan! Özünden özgäge göwni ýetmeýän, Gözi gökde, aýagy ýer tutmaýan, Günbatar Ýewropaň azgyn jenaby, Millet saýgaryjy mekir kezzaby Gahrymanym bilen ýüzbe-ýüz dursa, Her hakda her hili jedeller gursa, Akmak ynanjyna özi geňirgär, Ýüzün aşak salyp, gaty müýnürgär. Hormatly okyjym, ynan sen maňa Her wagt, her ýerde güwä men muňa. __________ 1 МГУ – Московский Государственный Университет (Moskwa, Döwlet Unwersiteti) Hoşlaşamda dostum bilen şol zaman, Turdy günbatardan bir gara duman, Howp üstümize gerdi ganatyn, Bütin sowet halky atlandy atyn. Ynha iki dünýä çaknyşdy birden, Top-tüpeňiň sesi geldi her ýerden Ol güni hiç-haçan unutmaz ynsan Ähdin bozdy ähdiýalan pis duşman. Gözýaşa gark eden müňläp enäni Taryh-da näletlär ganly senäni. Belkäm sorarsyňyz: hany Akmyrat? Iş gutaryp aldymy ol ylmy at? Ýok. Taýýarlyk kursy ony çagyrdy. Moskowlylar bilen fronta bardy. Ençe wagt söweşlere gatnaşdy, Gara ýere ganym ganyny saçdy. Paýtagtyň ýanynda ganym duşmana Zarba urlup, pytyranda her ýana Boldy gahrymanym onuň şaýady, Söweş taryhyna ýazyldy ady. Emma gahrymanym ahmyrda galdy, Tenine ok degdi, ýaraly boldy. Gospitalda kän çekdi ol azary Ýokuş degdi doktorlaryň karary: Agyr bolup aýagynyň ýarasy Front bilen açylmaly arasy. Uzak wagt arzuw etdi gitmegi Emma häzir talwas eden ýüregi Aşgabat özüne çekmeýär ony Çünki ot içinde eziz Watany. Nätsin? Alajy ýok, sowet kanuny Öz hökmün ýörütdi, boýun etdi ony. Aşgabada gelýär, emma pikiri Arzuw edýär söweş gidýän şol ýeri. Pişekli, ýa söýget edip taýagy Kän gezipdi, soň düzeldi aýagy. Magaryf işiniň ýakyndan bäri Taýýarlykly hem ukyply işgäri. Ynha meniň gahrymanmyň geçmişi, Ýaşlygy, okyşy hem eden işi. VI «Ужели» – думает Евгений Ужель она?..»1 Пушкин. Alys ýerden salgym atyp gözel jaý Diýdirýär hiç ýerde ýokdur muňa taý. Ýada salýar üsti garly daglary, Daşyny bezäpdir kolhoz baglary. Salynypdyr obaň dik ortasynda Aýralyk şaýady – ýap gyrasynda. Paýtagtymyň görki düşýär ýadyňa, Çem gelen tamyna giren badyňa. Içleri arassa – edil jam ýaly Diwarlar bezelgi – suratly haly. Gözel kabinetler – okuw esbaby Şkaf doly kitap – onuň her baby Akylyň gözbaşy, ylym ojagy. Ýok munda okýanyň sany-sajagy. Şol tanyş gyzymyz ýaşlar içinde, Janypkeş görünýär täze işinde. Hatdan nagyş edip tagtaň ýüzüne, Ünsün çekin her bir aýdan sözüne, Berýär çagalara başlangyç ylym, Ol hakda ýokarda aýlypdyk telim. __________ 1 «Ýewgeniý pikirlenýär: – Be dogrudanam şolmuka?» Bu gün bu mekdebe biziň gahryman Barlaga gelipdi, aýlandy her ýan. Görüm-görkün üýtgedipdir bu oba, – Şähere dönüpdir köne haraba. Hany köne çatma, hany gara öý? Hany gapy gezýän ol palçy heleý? Hany ol lüleçi, hany ol goja? Hany ol porhanlar, jadygöý goja? Hany ol dertsize dert berýän tebip? Hany ol baý, aýal alýan bihesip? Ýok olar obada, gidipdir güme. Ynsan otagydy, ýykyldy küme. Görünýär ýerinde beýik ak jaýlar – Ine – hammam, giň guralan saraýlar. Elektrik berýär tamlara ýagty, Doktoryň ýanynda gerekli wagty. Eger ýalňyşmasam biziň gahryman Obaň görnüşine galandyr haýran: Gaýta-gaýta garap töwerek-daşyn, Guwançly ýylgyryp, göterdi başyn. Girip gördi mugallymlaň dersine, Öz ýanyndan baha berdi hersine. Ahyr gezek ýetdi Ogulnabada, Ýygrarak göründi ol ilkibada. Şindi zat görmedik bir ýaş maşgala Aljyrar-da düşer diýip gal-gala Mekdep müdiriniň ünjüsi bardy. Ogryn-ogryn oň ýüzüne garýardy. Emma ol gyz ykjam tutdy özüni, Sussy pesäp gyzartmady ýüzüni. Ne galmagal, ne gepleşik klasda, Gözel gyz özüni berkitdi has-da. Dogry usul bilen dersiň gidişi, Her okuwçy edýär berilen işi. Öwredýär olara öz ene dilin. Tagtada hat ýazyp, uzadyp elin. Aşyrow klasa giren badyna Ýolda gören gyzyn saldy ýadyna Uzak nagt gyzdan gözün aýyrman Kän garady, pikre gitdi bigüman. Ahyr birden diýdi: «Hä!.. Şoň hut özi! Ol wagt näme üçin solukdy ýüzi?» Agzyn açyp galdy uly haýranda. Ýene ona ýiti-ýiti garanda, Şatlyk bilen tegeledi gözlerin Ýada saldy bile okan gyzlaryn. Soň pyşyrdap sorady ol müdirden: « – Bu zehinli gyzy tapdyňyz nirden?» « – Hiç ýerden tapamzok, obamyzdan ol, Özi şu mekdepde okapdy ozal. Aşgabada kursa gitdi öten ýyl, Okadýany edebiýat hem-de dil. Ýaş-da bolsa öz işine gaty ökde, Dürli-dürli kitap okaýar her hakda. Şu mugallym işläp başlaly bäri Okuwa gatnaşýar gyzlaryň bary.» Ýene wekil içgin-içgin seretdi, Gollar goltugynda hereket etdi. Çykaryp jübsünden bloknotyny, Ýazdy ona mugallymaň adyny. Soňky sapak gutarmaga jaň boldy Wekil ýuwaş-ýuwaş ýerinden galdy, Müdir bilen bardy gyzyň ýanyna, (Şahyr bolsa dessan düzjek şanyna). Bu halatda biri mugallym gyza Üç burç hat berip dolandy yza. Gyz hatyna ýiti-ýiti garady, Gül ýüzünde onuň şatlyk döredi. Gürrüň arasynda ol gelen hata Ogulnabat göz aýlady kän gaýta. Ýigit ýola atlananda ol haty Ýazyp gitdi, gözel şatlandy gaty. Okamaga uslyp bilmän bu ýeri, Saldy jübe, emma welin pikiri, Dargaly, az salym iki arada Gürrüň edilmedi hiç zat barada. Pikir uşlybyny öski gözüne Sapdy ýene, erki ýetip özüne. Emma keýerjekläp onuň gözleri Baglanşyksyz çykdy aýdýan sözleri. Hat alansoň gaçdy sabry-karary Göz önüne geldi söýgüli ýary. VII «Keşt edip älem jahany Görmedim sendeý gözel». Mollanepes. Tutaşanda yşkyň ody hemişe Gündizi oturtmaz, ýatyrmaz gije. Belki ygtyýaryň alar eliňden, Düşmez magşuk ady seniň diliňden. Göýä ýyldyrym dek çawlar ýalawyn, Duýgy ele alar aklyň jylawyn. Kelle alaç etmez öňki erkine Ýigit ýesir bolsa gyzyň görküne. Ýürek simap bolup endirär tende, Adam ogly belli ýaşa ýetende. Azat ülkesinde erkana ösen, Durmuş bosagasyn ýaňyja basan Gözel gyzyň gyýma gara gaşlary Okgunly gözleri, örüm saçlary, Tor bolupdyr Akmyradyň daşyna, Yşkyň söwdasyny salyp başyna. Bu bir geçelgedir, geçer her kişi, Käsiniňki aňsat, käsiniň işi – Agyr bolar, çeker mydam derteser Bilmedim men gahrymanym näm eder? Okan wagty yşka başyn goşmandy, Alsam diýip gyz yzyna düşmändi. Ýokdy şindi göwün beren bir gyzy Örän sada ýigit, aşakdy ýüzi. Indi duş geläýse bir wepaly ýar Gyz gatmak, sözleşmek arzuwynda bar. Ony-muny göz astyna alýardy, Gyz görende nazaryny salýardy. Şowhunlandy bu gün yşkyň bazary, Düşdi onuň bir gözele nazary. Ýatyr ynha ýassygyny gujaklap, Gije ýarym boldy bir minut uklap – Rahat ýatyp, demin-dynjyn almady, Kirpikler bir-birine sala salmady. Batypdyr deňize pikir taýmyly, Ony çykarmanyň iýip gamyny, Iki ýana aýlaýardy küregin, Tolkun gopdurýardy onuň ýüregin. Nähak ýerden goýdy özün azara: Gitdikçe açylýar kenardan ara. Agdaryldy, dönderildi her ýana, Sygmady göwresi bu giň jahana. Ajaýyp syraty mugallym gyzyň Alma dek ýaňagyň hem aý dek ýüzüň Gitmeýärdi göz öňünden suraty. Budur aşyklaryň asly adaty Arzuw edip, öz içini gepleder, Joşan ýürek çaşan kellä hökm eder. Söýgi bolan başlanmasa kem-kemden, Ejiz aşyk haraý islesin kimden? « – Ençeme gyz gördüm, gezdim köp ýeri, Beýle tasir etmändi-le hiç biri! Gözleri içimden ot bolup ötdi, Gözel görki ýüregimde ýer tutdy, Meniň üçin dogdumyka eneden? Ýok, oňa aşykdyr her bir sereden. Gyzyl ýerde ýatmaz, mis tutular har, Tapylar her ýerde ýagşa hyrydar. Bolandyr ençeler onuň ýesiri Eýýäm ýer tapandyr kalbynda biri. Görke görä hünär bolmasa gyzda, Görküne guwanyp galsa ol yzda, Miwesiz agaçdyr, ýokdur gymmaty, Sözleri duzsuzdyr, bolmaz hümmeti. Bar bu gyzyň görke görä hünäri, Baş egipdir oňa söýgüli käri. Her gezekde başlanmyzda gürrüňe Ylym, kitap boldy sözläni diňe. Neneň söýmez ýaş ýigitler bu gyzy Hyrydar gözlerden doludyr yzy...» Uludan dem alyp iňkise gitdi, Ýene ol pikiriň deňzine batdy, Ýada saldy gyza gelen ol haty: « – Ony alyp gözel şatlandy gaty. Kim ýazdyka ony, kimden geldikä? Kim onuň kalbyny ele saldyka? Ýazdymyka oňa gadyrdan gardaş? Ýa-da köne jora – söýgüli syrdaş? Kim bilýär nireden, kimden gelen hat, Kimi gaýga goýdy, kimi etdi şat.» Dargaýardy çar tarapa pikiri, Göýäki diýersiň çopansyz süri. Uklamaga meýil edip kän gezek – Ýumdy gözün, boldy bary biderek. Ýürek takyrdysyn artdyryp barha Çyrmaşan ýumagyn sarady çarha: « – Asylly, menikli bolan maşgala Düşürmez özüni çem gelen gola Her iş etse ýedi biçer, bir keser, Ýersiz söz sözlemez, ýeserden-eser. Bolar-bolmaz baryl bilmez ýanyna, Asyl söz aýtmaz onuň şanyna. Öwrenşdirmez halamadyk ýigidin, Bir bakyşda gökden üzer umydyn. Ýar agtarar ol özüne mynasyp, Kim bilýär... belkä-de... bardyr bir nesip?...» Ahyrynda köşeşdirdi özüni, Belki indi uklar, ýumdy gözüni. Horazlar saz edip gutlaýar daňy, Biziň gahrymanmyz irkildi ýaňy. VIII «Bu niçik syr boldy? – bile bilmedim». Seýdi. Talaňçy goşuny ganym duşmanyň Eňilip üstüne şäher, obanyň Barha zomaýardy yzyn garaman, Ölenin ýitenin nazara alman, Maslygyn basgylap, al ganyn döküp, Ýurdumyň baýlygna gözüni dikip, Göýä bir guduz it, her ýan urunyp, Şol günler dynuwsyz öňe sürünip, Ülkäniň üstüne howp salýardy, Dünýä galmagaly göge galýardy. Näçe urunsa-da, näçe çozsa-da, Näçe gyrylsa-da, neçe tozsa-da Gaýa dek önünde döşüni gerip, Alnyndan, yzyndan, gapdaldan urup, Gözüň göreji dek her daban ýeri Gorady ganymdan sowet esgeri. Front, ýeňiş üçin güýçleriň bary! – Şeýledi şol wagt ýurduň şygary. Tyl, front ikisi – bir jan bir tendi Aýrylmaz birlikden duşman örtendi. Ýeke mekdebi däl, obaň her işin Edýär Ogulnabat, aýaman güýjün. Ynha uly ýygnak geçýär kolhozda (Däbe öwrülipdi şol günler bizde), Oňa mugallyma ilden öň baryp, Gymmatly şaýlaryn orta çykaryp: « – Watana bagş edýän, ýeňşimiz üçin, Hak hem adalatly işimiz üçin! Goý, meniň şaýlarym oda öwrülip, Duşmanyň üstüne düşsün sowrulyp!» Göreldä eýerip onuň yzyndan Obanyň köp sanly gelin-gyzyndan Geldi gözel zatlar, boldy bir depe. Köp ýyllar saklanan ajap şaý-sepe Guwanýan bolsa-da gyzlar, gelinler Diňe bir ýeňişdi küýde o günler. Kim ellik örerdi, kimisi jorap, Söweşýän ýigitleň Watany gorap Duýmazlygy üçin enjam kemini Ýetirdi Watamym yssy demini. Öýdäki ýagdaýy her bir okýanyň Hiç wagt ünsünden düşmezdi onuň. Käsiniň fronta gidip atasy Ýaş çagalar bilen galan enesi Mätäçlik çekende suwdan, odundan Üýşüp okuwçylar mekdep adyndan Barardy dessine, kömek ederdi, Olara baş bolup, özem giderdi. Öýe köwlenmezdi agşamdan beri, Hoşaldy gyzyndan obanyň bary. Diňlände gijeler soňky habary, Duşman wagşylygna gelip gahary, Mähriban Begenjiň ýada salardy, Oturyp öz-özi gaýga galardy. Ol gidip, bir özi galdy obada, Gaty ejizledi ol ilkibada, Gaty ejizledi ol ilkibada. Gamyň alamaty güler ýüzünde, Çendan ýaş göründi gara gözünde. Gündiz gümra bolsa mekdep işinde, Gijeler gün yrman gördi düýşünde. Ýaşlar arasynda bolan bu syry Enäniň, ýeňňäniň bilmedi biri. Bir özi ölçedi, bir özi biçdi, Aradan kän günler, kän aýlar geçdi. Saklady özünde, çykarman daşa, Diýmedi dost-ýara, kowum-gardaşa. Her kesegi, her agajy görende, Tapyşyk ýerleriniň ýanna baranda, Ony penjesine gysýardy ünji, Çünki olar ýada salýar Begenji. Emma garanynda töwerek-daşyn, Atlanyp gaýrata, göterdi başyn: Bu hili ýagdaýda däldi bir özi Köpleriň ýar diýip ýoldady gözi. Wagt geçdigiçe köşeşdi gözel, Ýekelik bilen-de öwrenşdi gözel, Begençden hat gelýär ýygy-ýygydan, Ol onda ar alýar nejis ýagydan. Göwrümi giňedi, gaýgy-gam geçdi, Her hatyn alanda, guş bolup uçdy. Bir gün okuwdan soň öýne gelende, Ýaňyja naharyn iýip bolanda, Biri salam berip girdi içerik, Tanyş däl ol, daşdan gelen bu ýerik. Ejesi ýerinden turup dessine, Diýdi: «Hanym, geç düşegiň üstüne.» Gelen gözün aýlap Ogulnabada «Ine sargydyňyz!» diýdi birbada. Bir topar kitaby gören badyna Eden sargytlary düşdi ýadyna. «Hawa!» diýdi, derrew ýerinden turup, Ol ýigit kitaby eline berip: «Akmyrat Aşyrow iberdi size, Elinje gowşur diýp, tabşyrdy bize.» Ol gidensoň kitaplaryň baryny Aldy öňüne, açanynda birini Gök bukjaly bir hat ildi gözüne, Aşgabatly eýe eken sözüne. Göwün nagşy çekilipmi bu hata? Açyp ony okady ol kän gaýta. «...Çykan kitaplaryň bary şu, ine, Tomusda özüňiz gelmeli ýene... ...Bar weli ýene-de diýjek bir sözüm, Ara daş-da bolsa çekinýän özüm. Aýtsam ony birden... oýlandym ilki Ýaş ýürek näzikdir, ynjydar belki, Soň bir wagt.., Aşgabatda.., ýadany... Siz entek bu sözden çykarmaň many...» Bu sözleri okap, çytyldy gaşy, Neçe oýlansa-da çykmady başy. Gümürtik söz bolar sözüň ýamany, Ne ýagşy, ne ýaman, çykmasa many. Salar ol ynsany tükenmez derde, Her hili pikirler jem bolar serde. «O nähili sözkä, aýytmaz ýaly? Ýa başynda barmyka bir hyýaly? Ýok... beýle däl... ýatsa-tursa ýadyna Getirmez beýle zat, asyl adyna Laýyk görmez söz gatmagy her kişä Bolar-bolmaz üçin düşmez endişä... ...Biliminde, görmeginde, görkünde Hiç kemi ýok, belkä onuň erkinde Bardyr eýýäm birnäçäniň ýüregi Oba gyzy däldir onuň geregi...» Nämekä bu ýigdiň aýtjak zady? Iňkisde galdyrdy Ogulnabady. Ýa-da güýçli ýanan ol otdan bu gün Göterlip asmana bir ýiti uçgun, Düşdümi gözeliň göwün mülküne? Tutaşdyrmy ony goýman erkine? IX «Gara gözli, galam gaşly perizat. Aýda bilmen birje sözüm bar saňa...» Saýyly. Şöhratlydyr Watanmyzyň paýtagty! Gözeldir görmäge ýylyň her wagty. Mahmala bürener tomusda, ýazda Barabary bolmaz aýdymda, sazda. Ýaňlanar her zaman bagşynyň sesi, Ol azat zähmete artdyr höwesi. Oklaw ýaly uzyn-uzyn köçeler Şowhunlydyr, gezer halky gijeler, Çyralar ýaldyrap nuruny seçer, Gökde ýyldyzlaryň şöhlesi öçer. Görküne görk goşýar tomus çaglary Öňünde ak garly Köpetdaglary. Göýe giň sähranyň arka daýanjy. Tükenmez baýlygyň hazyna-genji. Ýaz oýlary girer gök, elwan dona. Bagynda bilbiller, kölünde sona Dolup akar bulaklary, jarlary Ýetişer engury, alma-narlary. Gözüň doýmaz garanynda daşyndan, Dört pasylda duman gitmez başyndan. Göýäki diýersiň bir mähnet haly Eýwanyň öňünde düşelen ýaly, Dagyň eteginden Garagum çöli Başlanýar, ne gözel tebigy göli. Giň göwsüni bezemändir bag bilen, Onda-da ol bäs edişýär dag bilen. Mallarmyza ýaýla gözel sährasy. Doly magdan gat-gat ýeriň arasy. Jomartlaşdy, tapdyk indi törini, Gysganmazdan berer bize baryny. Arasynda ala dagyň, giň düzüň Gadymdan ýerleşen şähermiz biziň. Uzyndyr taryhy, ençe zamanlar Merdanlar üstünde dökendir ganlar. Hüjüm edip çar tarapdan kän ýagy Lenç edildi, depelendi topragy. Emma ony tabyn edip bir duşman Uzak ömür süren däldir hiç zaman. Oktýabrda zulmuň öýi ýykyldy, Üstünde al baýdak baky dikildi. Bu gün obasyndan biziň gahryman Gelipdir paýtagta, gadyrly myhman. Hasaby elinde her minut wagtyň, Aýlandy köp ýerin gözel paýtagtyn. Ynha teatryň tomaşa zaly, Nediriň ýanynda hatap galaly Talap edýär azatlygyň iliniň Dagynyň, düzüniň, bagy-gülüniň, Ýa-da ynha akýar Tahyr derýada Goýup Zöhre gyzy dady-perýada. Elinde kitaby agşam çagynda Şäher merkezinde, Lenin bagynda Ýadygärlik garşysynda oturyp, Durmuş taryhyny ýada getirip, Kän seretdi, göz aýyrman hiç ýana Daglaryň bürgüdi beýik ynsana. Her hili täzelik barsa her ýere Täsirin ýetirip olar ýaş sere, Ýüreginde galdyrardy ýitmez yz. Pen dagyna dyrmaşýardy biziň gyz. Akmyrat hakynda açalyň sözi. Köp wagtdan bäri ýoldady gözi. Obada ol gyzy göreli bäri, Gaçypdy ol ýigdiň sabry-karary. Mylaýym gözeliň nurana ýüzi, Mähirli bakyşy hem süýji sözi. Akmyradyň ýüregini eretdi, Kalbyn ummanynda mäkäm ýer etdi. Kursdan habar tutýardy ol her günde, Taýýar boldy gelen güni önünde. «Açygyn aýdaýyn, bagyşla meni, Gözel gyz ýürekden söýýärin seni. Gören günüm ýesir boldum görküne Indi ykbalymy berýän erkiňe. Gargasaň gyşyň bar, ýalkasaň ýazyň, Bilbiller lal bolar eşdip owazyň. Okadym, kän gezdim, gördüm her ýeri Bu gün gowga saldym asuda seri. Hiç wagtda yşk oduna köýmändim, Söýdüm seni, öň hiç kimi söýmändim...» Kinaýalap ondan-mundan birbada Yşk hakynda gürrüň açyp arada Birkemsizje öwrenşensoň özleri, Aýtmakçydy ýokardaky sözleri. Her gün diýen ýaly ýanyna baryp, Teatra hem-de kino çagyryp, Onuň bilen sazlaşdyryp arany, Açmakçydy ýürekdäki ýarany. Maksat-myradynyň umydyn besläp, Hem ony gyssagly synamak isläp, Ýeke wagty öz içini gepledip, Aýtjak zadyn ýeken-eken pikr edip, Dönse-de ýigdimiz saýrak bilbile, Tapyşykda badak atylýar dile. Dine bakyp bilmän, galdyrman başyn Haraý isleýän dek garanýar daşyn. Uzak gürrüň edilse-de her hakda Ýüregiň arzuwy dilden uzakda. Diňe many bardy gizlin garaşda, Hyrydar gözlerde, kakylýan gaşda. | |
|
√ Duman daganda: Pikir gytçylygy ýumuk gözleri açýar - 06.06.2024 |
√ Bäşgyzyl -35: romanyň soňy - 14.12.2024 |
√ Bäşgyzyl -16: romanyň dowamy - 22.10.2024 |
√ Ojak - 1-nji kitap -5: romanyň dowamy - 26.05.2024 |
√ Hakyň didary -3/ romanyň dowamy - 29.02.2024 |
√ Bäşgyzyl -15: romanyň dowamy - 19.10.2024 |
√ Jynlar bezmi ýa-da uly oýun -2: romanyň dowamy - 04.07.2024 |
√ Duman daganda: Döwüljek araba kyrk gün öňünden jygyldar - 19.06.2024 |
√ Köne mülk -3: romanyň dowamy - 10.06.2024 |
√ Janserek -4: romanyñ dowamy - 15.03.2024 |
Teswirleriň ählisi: 2 | |||
| |||