18:13 Söýýän bolsañ, diñle! | |
SÖÝÝÄN BOLSAÑ, DIÑLE!
Goşgular
Duýgularmy depeleme, haýyşym, Söýýän bolsañ, çyn ýürekden sözle sen! Gözden ýitenimde kölege deýin, Söýýän bolsañ, giden ýolum yzla sen! Göwnümi ynjytma, başarsañ meniñ, Söýseñ, ýaman gözden gora sen meni. Söýgiñ çyndan bolsun, ýürekden bolsun, Ýalan däl, päklikde aýap söý meni. Söýgi sözüñ seçip ýörme ýerliksiz, Söýen ýüregiñde ýeke söz bolsun! Eger meni söýýän bolsañ, ezizim, Ýüregiñ ömürlik meñ bilen galsyn! • "YLHAM" SEÝILGÄHI "Ylham" seýilgähi durşuna gudrat, Çyralar däl, munda söýgi ýanyp dur. Ylham bedewine atlanyp, ylla, Hut ylhamyñ özi ýere gonupdyr. Batly çüwdürimler atylýar göge, Merjen damjalary bir ajap lira. Şahyrlar, danalar parasat bolup, Buýsanç bolup bakyp otyr ertire. Ýaşyl barlyk ak mermere sepleşip, Ylham ganatynda söýgi getirsin. Beýik Arkadagyñ "Ylham" peşgeşi, Türkmen şygryýetin dünýä ýetirsin. • ÝAGYŞ ÝAGÝAR Suw-sil eýläp bütin älem-jahany, Öñküsinden görklenipdir bahary. Ýagyş ýagýar, däli-porhan boluplar, Şeýdip-şeýdip için dökýär bulutlar. Ýyldyrymlar at çapdyryp asmanda, Zähresini ýaryp ezlen gijäniñ, Otly gyljyn saga-sola aýlaýar, Zire-zire böwsüp bulutlañ donun. Ýagyş ýagýar barha-barha bat alyp, Damjalar dür monjuk bolup paýraýar. Ýagşyñ zülplerinden hiññildik uçup, Şemal şuwlap, öz dilinde saýraýar. Men seredip durun ýagşyñ ýagşyna, Tisgindirýär ýyldyrymlañ şowhuny. Aşyk bolup ak baharam roýuna, Arşyñ ak çapary atýar owsuny. Ýagyş ýagýar, ýagýar bereket bolup, Behişdi şäherler joşýar, gülleýär. Basymrak dañ atsa, ak ýagyş siñen Gülli baýyrlarda ylgasym gelýär. Bahar TOSYÝEWA. "Nesil" gazeti, 2008 ý. | |
|
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 2 | |
| |