08:34 Ak ýagyş | |
AK ÝAGYŞ
Goşgular
Garaşyplar gözüm ýolda galdy-la, Ak ýagyşym gel-dä, eglenme munça. Agşam seniñ gulagyñy şañlatdyk, Sähra bilen oturdyk dañ atynça. Gel sen, Hakyñ nury, ýeriñ zynaty, Ýaşyl ýazlañ yşky seniñ bilendir. Gül gülälek kibti gysyk kemsinip, "Sen, sen" diýip, ýüregini dilendir. Damjalaryñ dürdür, jana dermandyr, Şaglap-şaglap, gülüp-gülüp seçil sen. Keýikleriñ okarasyn doldur-da, Görülmedik bir gül bolup açyl sen. Ak ýagyşym, uzat meýli käsäni, Giñ ýaýlalar serhoş bolsun bagtdan. Gürrüñ kändir ikimize edere, Ýüregiñi gowzat ýagyp-ýagyplar. Ak ýagyşym, zemin gelýär heýjana, Şirin owaz bolup, şöhle salañda. Asman şalygynyñ gamsyz çapary, Söýenme duşaryn, gülüp geleñde... Bahar TOSYÝEWA. | |
|
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |