13:49 Stiwen King | |
STIWEN KING
Ýazyjy şahyrlaryň we alymlaryň terjimehaly
Stiwen Edwin King 1947-nji ýylyň 21-nji sentýabrynda ABŞ-nyň Meýn ştatynyň Portlend şäherinde dünýä indi. Iki ýaşyndaka kakasy ony terk edipdi. Stiwen we dogany Dewidi ejesi ulaldyp terbiýe berýär. Stiwen ýazyp başlanda ýedi ýaşyndady. 1959-njy ýylda ol dogany bilen gazet çap edip başlady. "Dawes Rag" atly bu gazeti 5 sente satýarlar. 1963-nji ýylda dosty Kris Çesli bilen "Adamlar, ýerler we elhenç jandarlar" atly 18 hekaýadan ybarat kitabyny neşir edýär. Bir ýyldan soň kitabyň ikinji bölümi neşir edildi. 1971-nji ýylda Karri atly bir gyz hakda roman ýazyp başlady. Birnäçe sahypa ýazansoň, romanyň gowy çykmandygyny pikir edip, sahypalary zibile taşlaýar. Kingiň aýaly Tabita bu sahypalary okaýar we adamsyna romany dowam etdirmegi maslahat berýär. Ol razy bolýar we 1973-nji ýylda neşirýata "Karri" romanyny ugradýar. 1974-nji ýylda kitap neşir edildi we King 200,000 dollar gonorar alýar. Stiwen Kingiň käbir kitaplary filmlere we teleseriallara öwrüldi: "Karri", "Ölü zona", "Ýagtylyk", "Kristina", "Kujo", "Haýwan gonamçylygy", "Ukyda gezýänler", "Möjek adam döwri", "Gümmez astynda", "11/22/63". Triller žanrynda eserler döredýän Stiwen Kinge "Elhençlikleriň şasy" diýýärler. Kingiň baýlygy 40 million dollar we dünýäniň iň baý ýazyjylarynyň hataryndadyr. Internet maglumatlary esasynda. | |
|
√ Beýik alym Isaak Nýuton - 16.12.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||