12:56 Süleýman patyşa hem ikatýok hakynda hekaýat | |
SÜLEÝMAN PATYŞA HEM IKATÝOK
Goşgular
HAKYNDA HEKAÝAT Süleýman şa oýananda ir bilen, Dürli guşlar onuň ýanyna gelen. Guşlaň dili hökümdara aýanmyş, Oň başga-da artyk tarapy känmiş. Eger-de ýürekler bolanda ýakyn, Düşünişmek düşenogam beýle kyn. Kalplar bir-birine bolanda bendi, Arkaýyn düşünşer türk bilen hindi. Ýürekleň urgusy çapraz bolanda, Düşünişmez öz dogany bilen-de. Yns-jyns goýjak bolsa bir-bire gadyr, Esasy zat - ýürek ýakynlygydyr. Şoň üçinem, guşlar dost-dogan deýin, Patyşaň ýanyna barýar arkaýyn. Guşlaryň her biri şanyň öňünde Öz başarnygyny magtap öwündi. Ahyr Ikatýogyň gezegi geldi: «Meniň duýgurlygym bar kişä belli. Zeminiň teýinde nirde suw baryn, Bulaň arasynda bir men bilýärin. Uçaýyn ha pesden, ha-da belentden, Ýerasty suwlara diýseň belet men. Sen çöle çykaňda ýa-da ýörişde, Halasgäriň borun göýä perişde». Süleýman seslendi: «Bu örän gowy, Tapyp bilýän bolsaň tenekar suwy, Bizden asla hyzmatyňy gaýgyrma, Çöle çyksak, ýanymyzdan aýrylma. Gara Gargaň içi köýüp bu hala, Gagyldady: «Şahym, gurýar ol hile. Bolýan bolsa beýle duýgur, üşükli, Oň çirtmege düşmejegi düşnükli. Başarsa-da öwnüp, bogaz ýyrtmagy, Saýgaranok ýerde gurlan çirtmegi!» Bu sözleri eşdip, oýa batdy şa: «Olam beýlekiler ýaly bir guş-a. Ýalan bolup barýar çyndyr öýdenim...» Diýip, makullady Gargaň aýdanyn. Ikatýok duýup öz agyr ýagdaýyn, Diýdi: «Şahym, saňa bir zat aýdaýyn. Pähim et-de, düşün şeýle bir zada: Sözden gudratly zat ýokdur dünýäde. Çyn dostuň agzyndan çyksa ol eger, Ýalan däldir, gulak asanňa deger. Görüplikden Gargaň içi çürüşdi, Aramyzy bozmaň kül-külne düşdi. Onuň ýalan gagyldysyn diňläniň Bela duçar boljagyny bilýärin. Onsoňam, bir men däl, gezek-gezegne Düşýäris barymyz pelek duzagna. Berlenok hiç kime ebedi ömür, Saýgaranyň, saýgarmanyň bary bir...» | |
|
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||