15:27 "Mesnewiden" hekaýatlar | |
"MESNEWIDEN" HEKAÝATLAR
Hekaýalar
DÜKANÇY HEM ONUŇ HOŞ YSLY ÝAGY DÖKEN TOTYGUŞY HAKYNDA HEKAÝAT Ir döwürde bir dükançy barmyşyn, Mydam totuguşun magtaýarmyşyn. lýenini haklaýanam şolmuşyn, Dükanyny saklaýanam şolmuşyn. Geläýse bir kişi almaga bir zat, Halys bizar edýärmişin sakyrdap. Bir gün işi çykyp, gitdi bir ýana, Totusyny sakçy goýup dükana. Dürli-dümen barja harydy saklap, Otyrka töwerek-daşa ýaltaklap, Bir pişigi görüp, haýýaty göçdi, Haryd-a hiç, hatda janyndan geçdi. Harytlaryň arasynda bukuldy, Şonda çetde duran çüýşe ýykyldy. Hoşboý ysly ýag bardy oň içinde, Dükançy öwrülip gelse haçan-da, Bolan işi görüp, gahary geldi, Penjeläp, totynyň hüpügni ýoldy. Toty ýarylara gelip gahardan, Kes-kelläm ýüz sowdy suwdan, nahardan. Kellesiniň keldigine kejikdi, Uzakly gününi dymyp geçirdi. Hojaýyn gynanyp beýle ahwala, Edil düşen ýaly çykgynsyz hala, Guşuna ýalbardy: «Eý, mähribanym, Dil aç ahyr, beýdip, örteme janym. Sen — rysgal-döwletim, gözüm nurusyň, Seň hüpügňi üten ellem gurasyn!» «Sizem doga okaň, guşum dil açsyn, Ýene döwran dönsün, bagtym gül açsyn!» Diýip, çaga ýaly boýnuny burup, Derwüşlere ýüzlendi ol ýalbaryp. Ýöne geplemedi onuň kel guşy, Dowam etdi durdy gamly durmuşy. Bir günem bir derwüş barýarka geçip, Birden başyndaky telpegi gaçyp, Onuň kel kellesi ýalaňaçlandy, Muny görüp, guşuň göwni hoşlandy. Soňam gygyrypdyr: «Eý, derwüş, eşit, Seň sypatyň näme, beýle üýtgeşik? Senem hojaýynyň ýagyny döküp, Ýörmüsiň men ýaly jezaňy çekip?» Adamlar geň galyp onuň sözlerne, Gülüşdiler ýaş aýlaşyp gözlerne... Kä zatlar bir-birne etse-de çalym, Hut şoldur öýtmekden ägäräk boluň. Kä kişiň kä zada düşünşi ýalan, «Weli — diýipdirler — özüni bilen». Zat — zada çalymdaş, adam — adama, Ynanaýmak bolmaz gören badyňa. Bar, namazhon, takwamyşyň diýeli, Şonda-da däl-ä sen pir ýa-da weli. Bir ýagdaýy akly bolan bilýändir: Görseňiz, sährada meňzeş gül kändir. Ýöne şolardanam ýylanlar — zäher, Arylaram bal alýandyr her mahal. lýseler-de şol bir meňzeş otlary, Deň däldir haýwanlaň hereketleri. Ýatlaýyň, oýlanyp oturman uzak — Biri — süýt berýändir, beýleki — tezek... Oýlan-da, hemmesin salyber ýada, Şu kysmy mysallar kändir dünýäde. ÝAKYMSYZ SESLI AZANÇY HAKYNDA HEKAÝAT Azan aýtmaga ol çyn höweslidi, Ýöne ýakymsyz hem zorruk seslidi. Sesi hoş ýakýandyr öýdüp hamana, Her gün säher gygyrardy azana. II bizar bolandyr öýtmän ol sähel, Adamlary örüzerdi bimahal. Günleriň birinde şäheriň halky (Sabyr käseleri dolandyr, belki). Diýip — mundan beýläk bermesin azar — Ondan dynmaklygy etdiler karar. Ilden-günden ýygnap ep-esli puly, Azançyň gaşynda gowşuryp goly, Diýdiler: «Eý, Allaň söýen bendesi, Seňki dek ýakymly, mylaýym sesi Bilýäris biz eşideniň ýokdugny, Bilýäris biz seniň ýeke-täkdigňi. Sen şu puly al-da, basym ýola düş, Özge illeriňem dadyna ýetiş. Goý, olaram diňläp seniň azanyň, Säher turup, okasynlar namazyn!» Azançy ol puly jübsüne salyp, Käbä barýan bir kerwene dakylyp Barýan wagty, ine, günleň bir güni Olaryň ýol söküp barýan kerweni Duş geleni üçin barýan ýolunda, Ýük ýazdyrýar kapyrlaryň ilinde. Azançy gaýtalap öňki endigin, Tanatmakçy bolýar ile kimdigin. Bat berip ýakymsyz, zorruk sesine, Daň bilen azana gygyrýar ýene. Ýoldaşlary oňa diýýärler şeýle: «Gadyrdan, rehim et, gygyrma beýle. Kapyry özüňe duşman saýmaly, Bulardan her zada garaşaýmaly. Seň sesiň gaharny getirer bulaň, Gaçalyň bu ýerden ýuwaşlyk bilen». Şol pursat bir adam peýda bolupdyr, Özem azançyny gözläp gelipdir. «Hany, nirede ol azançy adam? Gutardy ol meni agyr beladan». «Seniň bu sözlerňe ynanaýmak kyn, Munda başga syryň bolmagy mümkin» — Diýip, geň galanda kerwendäkiler, Ol aýdypdyr: «Çynym sözlesem eger, Meniň bir gyzym bar, biler bolsaňyz, Ýagdaýymdan habar alar bolsaňyz, Ana, şol perzendim — jigermiň bendi Köpden bäri geň bir hyýala mündi. Pitçjiň atyp biziň öz dinimize, Öwürdi ýüzüni yslama — size. Özelenip kän ýalbardym, etmedi, Beren öwüt-pentlerimi tutmady. Hasrat hemram boldy, reňkim saraldy, Gysyldym, gowruldym, dünýäm daraldy. Bir günem bar zada gaçyp höwesim, Otyrkam, eşitdim azançyň sesin. Gyzym meň ýanyma geldi-de şo hal, Sorady: «Bu niçik ýigrenji owaz?» «Her gün säher örüp şeýle azana, Musulmanlar durýar — diýdim — namaza». Ol diýdi: «Azançyň ýakymsyz sesin Eşidip, ol dine gaçdy höwesim». Şeýdibem, ol asyl dinin saklady, Muny görüp, göwnüm ganat bekledi. Rahatlyk tapdy gussaly kalbym, Şoň üçin begenip, şu ýere geldim. Eý, ýakymsyz sesli, eziz gardaşym, Seň ýoluňda gurban bolsun bu başym! Gutaranyň üçin gussadan-gamdan, Ölinçäm minnetdar bolaryn senden. Soltan bolan bolsam, halasgärim dek, Agzyňy tylladan doldurjagym hak». Jelaletdin Rumy Terjime eden: Kakabaý Gurbanmyradow | |
|
√ Merkiňi berseler, erkiňem gidýän ekeni / hekaýa - 29.11.2024 |
√ Nälerkerde / ajy hekaýat - 14.09.2024 |
√ Paşmadyk keýp / hekaýa - 21.08.2024 |
√ Şahyr / hekaýa - 17.11.2024 |
√ Haýsy gowy? / Gündogar hekaýaty - 05.03.2024 |
√ Diriligiň derdi / hekaýa - 12.01.2024 |
√ Mawy itiñ gözleri / hekaýa - 08.09.2024 |
√ Çöldäki jaň sesleri / hekaýa - 06.03.2024 |
√ Aýakýalaňaç oglanjygyň janyndan syzdyryp aýdan sözleri / hekaýa - 15.10.2024 |
√ Gürp / hekaýa - 08.09.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |