22:33 Süýji ýatlamalar | |
SÜÝJI ÝATLAMALAR
Oýlanmalar
Bilýäňmi, käbäm, sen hakdaky süýji ýatlamalar aňymda ömrümiň iň bir bagtly pursatlary hökmünde ömür hasabyma altyn harplar bilen bellenilgidir. Olary ýatlan pursadym özümiň iň bagtly ynsanlardan biridigimi duýýaryn. Hatda iň aladaly günlerde hem şol ýatlamalar seniň alkyşdyr öwütli sözleriň ruhumy galkyndyrýar. Käte ýatlama deňzine gark bolanymy duýman galýaryn. Ine, bir süýji ýatlama: men entek mekdepde okaýarkam (çak bilen 10-12 ýaşlarymdakam) gündelik gün tertibine öwrenişipdim. Senem mugallym bolansoň irden mekdebe bileje giderdik, her arakesmede mährem keşbiňi görüp ýüregim ynjalýardy. Sapaklardan soň öýe gelip öýüň ownuk işlerini ederdim. Soňam çaý demläp seniň ýoluna bakardym. Köp garaşdyrman şol bir wagtda senem gelerdiň. Soň hezil edip çaý içerdik. Çaýdan soň meniň saçlarymy sypap,ýaňagymdan taýly gezek ogşardyň-da meniň bilen joram ýaly "syrlaşardyň". Soňam nahar bişirerdiň, menem saňa kömek ederdim. Aslynda şol günem adaty tertip dowam edýärdi. Bileje okuwa gitdik, arakesmede ýene güler ýüzüňi gördüm, öýe geldim, çaý demledim... Ýöne sen wagty bilen gelmediň. Ýoluňa intizar bakdym. Näderimi bilmän sagada bakýardym, ümsümlikden çekinýän ýaly onuňam dili göç edenokdy. Serimde biygtyýar döreýän pikirlerden halas boljak bolup telewizora bakýan gözlerim "janly suratlara" garasa-da hyýalym ýene-de sendedi mähriban. Birden basyrylgy çäýnege gözüm düşdi. Hyýallarymy aňýan misli ol hem sessiz garaşýardy. Sagadyň göç etmeýän dili bolsa eýýäm alta golaýlapdy. ...Ahyry ýeke özüm oturyp çaý içdim. Sowuk çaýyň owurdyma berýän ýakymsyz tagamy ýalydy durmuşam sensiz. Edil işdäsiz owurtlanýan çaý ýaly mazasyz gelýärdi bu wagt dem almak... Howsalamy ýeňip "işi çykandyr" diýen netijä geldim. "Işlerimi edişdireýin ejem ýadap geler"diýip ugruma gitdim. Ünsüm birazajyk bölünenem bolsa içimden barybir intizar ýola bakýardym. Agşam düşüp barýar. Nahar bişirmeli. "Ejem gelip nahar bişirýänçä gaty gijiger sagat. Kakam bilen doganlarymam öýe dolananda ajygyp gelerler... Men nahar bişireýin... "Soňky sözi daşymdan begençli gaýtaladym. Men nahar bişireýin. Ejem begener. Süýjüje unaşyňy öýmüzde hemmeler gowy görýär. Unaş keseniňde ellerin hereketini synlap gaýybana öwrenipdim. Çorbasy aňsat ugruksa-da hamyr etmek meni ýaýdandyrypdy, dogrusy. Seniň hereketleriňi göz öňüme getirip haltadan un alyp elek bilen eledim. Kiçiräk okarada birazajyk un, çümmüjek duz, duzuň üstünden ýyly suwy az-azdan guýup hamyr etdim. Bir salym üstüni basyryp goýşuňam ýadymda eken. Soň hamyry iki zowala bölüp uny bolurak sepip ýaýmaga başladym. Ep-esli ýaýamsoň arasyna un sepip dolanan hamyryň üstünde barmajyklarymy deňläp goýup unaş kesipdim. Elimi kesmekden gorkanym üçin pyçagy hamyryň has bärsinden urşumdan ýaňa meniň unaşlarym seniňki ýaly inçe bolmady. ...Ahyry sen geldiň. Dünýäm ýaza dönüp öňüňden bökjekläp çykyp, gujagyňa özümi oklap seni garşylapdym. Aladalanyp näme üçin egleneniňi soranymda gözüme damjajyklar üýşüpdi. Beýnimde dörän pikirler ýene ýadyma jemlenipdi. Mähir bilen bagryňa basyp maňlaýymdan ogşapdyň (ýaz ýagşy ýaly basym sowlan gözýaşlarymy sen görmändiň, ýogsam, meni dünýede tenha goýmaga asyl dözmezdiň mähriban). Öňümize çaý aldyk. Ine durmuş ýene bahar: ejemiň gujagynda gyzgyn çaý içýän. Sen gaty ýadawdyň. Şonda-da bir alada bilen basymjak çaý-çörek iýip turmanyň aladasyndagyň duýulýardy, arkaýyn oturaňokdyň. Menem bälçiräp: "Eje gijem boldy welin, indi näme nahar bişireli?!" diýenimde içki pikiriňi okaýan ýalydym. Sen meniň bir süýji nahar küýsändigimi çak edip, argynlygyňy unudyp "Näme iýesiň gelýän bolsa bişireris, gülüm" diýipdiň. Hernäçe ýüregim bökse-de saňa öz garaşylmadyk sowgadym hakda dil ýarmadym. Aşhana baryp gaýnap duran çorbadyr täze kesilen unaşlara gözüň düşende ör-gökden gelipdiň. Meniň unaşym çyndanam süýjüje bolandygyny aýdypdyňyz. Sen şonda "Gyzym sen-ä eli süýjüje boljak" diýip meni öwüpdiň. Kakamam: "Gyzym, seň unaşyň ejeň unaşyndanam süýji bolupdyr, berekella" diýip öwgüleriň üstüni ýetiripdi. Men hem monça bolup siziň diýýänleriňize-özümiň ökde aşpezdigime şübhesiz ynanypdym. Aslynda hem ol unaş siz üçin dünýäde iň süýji nahar bolany dogry bolsa gerek, bu nahar siziň eken nahalyňyzdan, eden yhlasyňyzdan dadylan ilkinji miwedi. Şol gün meniň üçinem üýtgeşik gündi. Sebäbi ilkinji gezek seni öz işim bilen begendiripdim. Näme üçindir şol pikiriň menden çykanyna ynanman özümden monça bolupdym. Seni her gün şeýdip begendiresim gelipdi. Annabeg AÝMAKOWA, Döwletmämmet Azady adyndaky TMDDI-niň talyby. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |