02:39 Şygryýet melekleri / makalajyklar toplumy - Annasoltan Kekilowa | |
ANNASOLTAN KEKILOWA
Şygryýet melekleri
Türkmen zenan-şahyrasy Annasoltan Kekilowa 1942-nji ýylda Aşgabat şäheriniñ Köşi obasynda dünýä inýär. Maksim Gorkiý adyndaky (häzirki Magtymguly) TDU-ny okap gutarandan soñ orta mekdepde mugallym bolup işleýär. Şol ýyllarda hem çagalar üçin goşgulary ýazyp başlaýar. Açyk sözlüligi, erkin pikirliligi sebäpli işinden kowlan we gizlin gulluklaryñ gözüne ilen Annasoltan Kekilowa 1971-nji ýylda sowet KGB-si tarapyndan tussag astyna alynýar zor bilen dälihana salynýar. Ömrüniñ soñky 12 ýylyny Köşiniñ, Aşgabadyñ, Gökdepäniñ, Daşoguzyñ, Moskwanyñ psihatriýa dispanserlerinde geçirmeli bolan Annasoltan Kekilowa 1983-nji ýylyñ 19-njy iýunynda pajygaly ýagdaýda ömrüni soñlaýar. Onuñ sowet totalitarizminiñ iñ güýçli döwründe adalat üçin, hakykat üçin, halk üçin şirin janyny orta goýup alyp baran göreşi we yzynda miras galdyran "Gara saçlarym" (1968), "Zenanlar" (1971) atly goşgular ýygyndysy öwrenilmäge, nusga alynmaga mynasypdyr. Annasoltan Kekilowanyñ adyny hiç bir sütemkär häkimiýet öldürip, ýok edip bilmedi. Ol halkyñ dilinde ýaşaýar. Ony bu babatda fransuz gahryman zenany Žanna d'Arka meñzetsek öte geçdigimiz bolmasa gerek. Türkmen edebiýatynyñ belli wekilleri Aman we Şaly Kekilowlaryñ doganynyñ gyzy, Çary Aşyrowyñ doganoglany bolan Annasoltan Kekilowa barada türkmen režissýory Şyhmyrat Annamyradow "Ömrüzaýa ýyldyzym" atly dokumental filmi surata düşürdi. Annasoltan Kekilowa barada internet sahypalarynda rus we beýleki daşary ýurt dillerinde ýeterlik maglumat tapyp bolsa-da, gynansak-da, türkmen dilinde berilen maglumatlar juda ýabygorly, ýok diýen ýaly. Şeýle-de bolsa, bu "boşlugy" www.kitapcy.com saýty mümkinçilik tapdygyndan doldurmaga jan edip geldi. Şol işleriñ çäginde belli türkmen şahyry Mämmetgurban Mämmetgurbanowyñ öñ gazet sahypalarynda çykan we soñ aýratyn kitapça görnüşinde çap edilen makalalaryny saýtyñ okyjylaryna doly ýetirdi. Ady agzalan awtoryñ "Edebiýat we sungat" gazetiniñ 1990-njy ýylyñ 13-nji iýulynda çykan "Dyza çöküp ýalbarmaryn" atly makalasynda Annasoltan Kekilowanyñ ömür ýoly hakynda doly maglumatlary okamak mümkin: "Annasoltan Kekilowa... M.Gorkiý adyndaky TDU-nyñ türkmen filologiýasy fakultetini tamamlaýar. Iki ýyllap mugallymçylyk edýär. Soñra "Mydam taýýar" gazetinde işleýär. 1972-nji ýylyñ awgustynda, 29 ýaşynyñ içinde psihonewrologiýa keselhanasyna düşýär. Şol ýerde-de aradan çykýar. Ol Kekilowalaryñ maşgalasyndan. Biz Seýit, Aman, Şaly Kekilowlary bilýäris. Annasoltan Seýidiñ üç gyzynyñ iñ kiçisi. Durmuşa çykan. Häzir adamsynyñ adyny agzap oturmagyñ zerurlygu ýok diýip hasap edýäris. 1962-nji ýylda doglan Ýagmyr (Robert) atly ogly bar. Ilki Seýidowa, Ylýasowa familiýalaryny göterýär. Soñra Kekilowa familiýasyna geçýär. Annasoltanyñ türkmen dilinde iki sany goşgular ýygyndysy bar. Zenanlaryñ rus dilinde taýýarlanylan kitabyna hem onuñ goşgular toplumy girizilipdir. Şeýle hem, onuñ roman ýazandygy hakda maglumatlara duş geldik. Ençeme hekaýanyñ awtory. Keselhanada döreden eserleriniñ hem birnäçesi saklanyp galypdyr. Şu setirleri okaýan her bir okyjyny "Annasoltan näme üçin şol ýerlere düşüpdir?" diýen sorag biynjalyk edýän bolsa gerek. Ýöne bu sowalyñ jogabyny agtarmazdan ozal, onuñ keselhana girmezden öñki durmuşy hakynda iki agyz aýtmak zerur. Tanyş-bilişleriniñ gürrüñlerinden, özüniñ galdyryp giden ýazgylaryndan çykýan netijä görä, ol erkana gyz bolupdyr. Her bir zat göwnüne gelşi ýaly bolmalydyr diýip düşünipdir. Ýagşylyk bilen ýamanlygyñ arasyna berk çäk goýupdyr. Ýaranjañlyk diýlen häsiýet onuñ üçin ýat. Tutanýerli. Käte ony ýalñyş pikirlerinden hem dändermek kyn bolupdyr. Ol asyllylyk diñe aýagyñ burnuna seredip ýörmekde diýip düşünmändir. Öz pikirini gözüñe bakyp aýtmagy başarypdyr. Aýal maşgaladaky şeýle gypynçsyz häsiýetiñ her kese ýaramajakdygy düşnükli zat. Käbir meselede onuñ öz şahsy bähbitlerini arandygyny hem aýtmalydyrys. Şol hir wagtyñ özünde jemgyýetimizde dowam eden kemçiliklere göz ýumup bilmändir. Parahorluk, wezipeparazlyk, kadrlar meselesindäki ildeşparazlyk, käbir ýolbaşçylaryñ sowatsyzlygy, başarnyksyzlygy barada dürli guramalara ýüz tutupdyr. Onuñ orta atan meseleleriniñ düýplüdigini, esaslydygyny bellemek gerek. 1969-70-nji ýyllarda respublikasa gol ýaýradyp ugran kemçilikler barada SSSKP MK-nyñ şol wagtky baş sekretary L.I.Brežnewiñ hut özüne birnäçe gezek arz edipdir. Onuñ orta atan meselelerine köplenç halatda ýüzleý seredilipdir ýa-da asla ugry idelmändir. Annasoltan gündelikdäki ýazgylarynda özüniñ yzarlanyp başlanandygy, ýanalýandygy hakynda häli-şindi ýatlaýar. Elbetde, onuñ diñe bir "Demokratiýa" diýen goşgusy üçin az igenç eşitmändiginden habarymyz bar. Onuñ ýatlamalaryna görä, "Mydam taýýar" gazetinden hem arzasyny berip işden çykmaklyga mejbur bolýar. Elbetde, käbir edebiýatçy ýoldaşlarynyñ onuñ döredijiligi barada alada edendigini bellemelidiris. TSSR Ýazyjylar soýuzynyñ poeziýa seksiýasynda Ata Atajanowyñ, Italmaz Nuryýewiñ, Gurbannazar Ezizowyñ we beýleki ýoldaşlaryñ gatnaşygynda onuñ "Gaýalaryñ gujagynda" atly goşgular ýygyndysy hakynda pikirler aýdylypdyr we çapa hödürlemek teklip edilipdir. Kerim Gurbannepesow onuñ "Näbelli soldatyñ gyzy" atly kinossenariýasyny okap, ýokary baha beripdir. Annasoltan ozal hem "Mätäjiniñ doganlarynyñ ykbaly", "O nähili beýle bolýar, Jemal?!" atly kinossenariýalary ýazypdyr. Onuñ "Näbelli soldatyñ gyzy" kinossenariýasyny "Türkmenfilm" kinostudiýasyna hödürlemek hakda mesele goýlupdyr. Ýöne bu kinossenariýa degişli adamlardan goldaw tapmandyr. Sanalan bu eserler 29 ýaşly şahyranyñ köptaraply zehininden habar berýär. Annasoltanda SSSR-den gitmek hakyndaky pikirleriñ nähili dörändigini açyk aýtmak kyn, ýöne şeýle ýagdaýyñ bolandygy hakykat. Annasoltan Angliýada ýaşamaga rugsat berilmegi barada şol ýurduñ Moskwadaky ilçihanasyna ýüz tutupdyr. Onuñ haýyşy kanagatlandyrylýar. Şol günden başlabam onuñ ykbalynyñ garañky günleri ýakynlaşyp ugraýar. Şondan soñ SSSR-iñ Döwlet howpsuzlygy baradaky komiteti ony göz astyna alýar. Uzak wagt geçmänkä-de, Annasoltan psihiatr wraçlaryñ konsultasiýasyna eltilýär. Ol ýerde Annasoltanda ruhy näsaglygyñ - şizofreniýanyñ "barlygy kesgitlenilýär". Biz Annasoltanyñ durmuşyna siññin ser saldyk, onuñ ömrüniñ her bir pursatyna, edim-gylymyna, häsiýetine, gepleýşine galdyran ýazgylaryna, garaz, onuñ bilen baglanyşykly iñ bir ýönekeýje zatlara-da içgin nazar aýladyk. Ýöne olarda şizofreniýany alamatlandyrýa zatlaryñ ýekejesine-de duşmadyk. Onuñ ýazan goşgularynyñ çeperçiligi her setirine öwüşgin çaýyp bilýändigi hakynda-ha gürrüñem edip oturmaly däl. Şahyrda biparhlyk bolupdyr diýip hem aýdyp bolmaz. Onuñ öýi, ejesi, çagasy hakda irginsiz alada edendigi hakda ýeterlik dokumentler bar. Onuñ diñe bir respublikanyñ kemçilikleri hakyndaky ýazgylarynyñ özi töwerekleýin gürrüñi talap edýär. Annasoltanyñ näderejede ukyply bolandygyny, prozada, poeziýada eden işlerini ýokarda umumyrak äheñde bolsa-da ýatlap geçipdik. Bu hemmesi däl. Annasoltanyñ "keseli" şizofreniýanyñ paranoid formasy hökmünde häsiýetlendirilýär. Bu formada näsag ýanalýan, yzarlanýa ýaly şübhe gatyşykly duýgyny başdan geçirýär. Onsoñam ol öz-özüni zäherlemäge ýykgyn edýär, organizmde fiziki güýçler peýda bolýar, ony saklamak kyn düşýär. Annasoltanda özüni ýanaýandyklary hakynda şikaýatlar bar. Ýöne onuñ ýanalma hakyndaky pikiri ruhy näsag adamynyñkydan tapawutly. Näsag adamda her hili şübhe döräp bilýär. Hatda ilkinji gezek görýän adamsyna-da gorky bilen seredýär. Hatda onuñ näme üçin şeýledigine-de düşünenok. Annasoltanda welin ýanalmalar bilen baglanyşykly anyk ýagdaýlar bar. Olaryñ añyrsynda anyk faktlar ýatyr. Näsag adamda yzarlanmalar içki duýgular bilen baglylykda geçip, ony daşyna çykaryp bolmaýar. Annasoltanda tersine, ol öz pikirini bassyr-ýussursyz aýdýar. Onuñ öz janyna kast etjek bolan halatyna-da gabat gelmedik. Ýöne şeýle ýagdaýyñ bolandygyna yşarat tapdyk, ýagny, ol bir gezek ýeke özi otyrka: "Şeýdip ýaşap ýörenimden, ölüp dynaýyn-la" diýip pikirlenipdir. Ýöne muny başarmandyr. Şol pursatda tutuşlyguna gussa ýugrulan ajaýyp bir goşgy döräpdir. Ine, onuñ başky bendi: Ne parhy bar meniñ ýatan ýerimiñ, Daş çykyp bilmesem, gezip bilmesem, Ne peýda bar, islämde-de ölümi, Ajaly gujaklap ölüm bilmesem... Bu goşgy onuñ keselhana gireninden ýedi ýyl geçensoñ ýazylan. Şol döwürde onuñ pikirleniş derejesiniñ nähili sagdyn bolandygyna haýran galýarsyñ. Ruhy ýetmeziñ Annasoltana nesil yzarlamak bilen baglanyşykly geçendigini delillendirmäge synanyşyklar edilipdir. Onuñ beýleki iki gyz doganynyñ yzygiderli medisina barlaglaryndan geçirilendigi bize äşgär. Ýöne Kekilowalaryñ tohumynda-tijinde şizofreniýanyñ bolandygyny hiç bir fakt tassyklanok. Annasoltanyñ uýasy Ogulgurbam birneme akyl tarapyndan kemter. Emma onuñ hem 1948-nji ýylda Aşgabatdaly ýer titremesinden galandygyny unutmaly däldiris. Gürrüñimiziñ arasynda Annasoltan Kekilowanyñ keseliniñ taryhyny okaman geçsek, köp derejede bärden gaýtdygymyz bolardy. Bir gowy tarapy ol dokumentde Annasoltanyñ "keseli" hasaplanylan zat gizlenilmän ýazylypdyr. Bolşy ýaly mysal alýarys: "... ol respublika ýolbaşçylyk edip bilmeýändikleri hakynda, Türkmenistanyñ aýal-gyzlaryna nädogry gatnaşyklary hakynda dürli ýerlere, şol sanda partiýanyñ XXIV gurultaýyna arzalar ýazdy. Angliýada ýaşamaga rugsat sorady. Şonuñ üçinem DHK-niñ gözegçiligine alyndy, psihiatr wraçlaryñ konsultasiýasyna eltildi we olar Kekilowanyñ şizofreniýeden azap çekýändigini anykladylar. Ol zor bilen keselhana ýerleşdirildi". Annnasoltanyñ Angliýa gitmek-gitmezlik meselesi onuñ özüne bagly zat. 1970-80-nji ýyllarda SSSR-den çykyp gitmäge mejbur bolan adam azmy näme? Respublikanyñ ýolbaşçylaryny tankytlap ýazan zatlarynyñ "kemakyllygyñ" alamaty diýip düşündiriljek bolunmagy hem kemçilikleri perdelemek diýip aýdyp bileris. Onsoñam bize durgunlyk ýyllaryny alyp gelen, jemgyýetimizi ykdysady taýdan çökeren şol 70-nji ýyllar dälmi eýsem?! Ol respublikadaky kemçilikleri tankytlanokmy, diýmek, bu onuñ gowylaşandygyny añladýar. Ol "ýumşaýar, gahary ýatyşýar, maşgalasy hakda pikir edýär". On aýdan soñ keselhanada ýatyp çykansoñ wraçlar Annasoltana şeýle häsiýetnama beripdirler: "... näsag dälilikden saplandy... dürli ýerlere arza ýazmasyny goýdy, biziñ partiýamyzyñ, Türkmenistanyñ Merkezi komitetiniñ nädogry ugry alyp barandygy hakdaky öñki pikirleriniñ, syýasata baş goşup, hakykaty gözlemeginiñ öz keseli sebäpli bolandygyny aýtdy". Annasoltan pikirinden dänipdir we ýokarky setirlerden görnüşi ýaly "gutulypdyr". Şeýlelikde Annasoltan Kekilowa 1971-nji ýylyñ iýulynda öýlerine goýberilýär. Bu ýerde bir tehniki säwlik bar. Ýagny, onuñ keselhanadan çykan wagty 1971-nji ýyl däl-de, 1972-nji ýyldyr. Ol döwürde Annasoltan heniz keselhana girmändi. Bu setirleri okap oturan okyjy "On aýlyk keselhana durmuşy Annasoltany gowja mugyra getiripdir-ow" diýip pikirlenmesin. Onuñ bir bolşudy. 1971-nji ýylyñ 26-njy awgustynda ony öz gapylarynda bal gaýnadyp otyrka ýedi adam bolup maşyna salyp gaýdanlarynda nähili Annasoltan bolan bolsa, heniz hem şonlugyny saklaýardy. Ol ýalñyzdy. Dört diwara gabsalan wagty dost-ýar, dogan-garyndaşlar çete çekildiler. Annasoltan birnäçe gezek keselhanadan gaçýar. Ýöne, gaçyp nirä gitjek. Onuñ bu synanyşyklary netijesiz tamamlanýar. Ony ilki Köşüdäki keselhanada saklaýarlar. Soñra Aşgabatdaky keselhanalarda ýatmaly bolýar. Moskwadaky keselhana ibermekligi onuñ özi talap edýär. Çünki ol ýerde öz diagnozynyñ aýrylmagyna kömek ederler diýip umyt edýär. Bu-da başa barmaýar. Soñ ony ýene-de Aşgabada iberýärler. Annasoltan öz ýazgylarynda ejesini häli-şindi ýatlaýar. Ol gelip penjiräniñ öñünde uzak wagtlap oturýar eken, käteler şol ýerde dañyny atyrypdyr. Annasoltan keselhana düşensoñ, uzak wagt geçmänkä aradan çykypdyr. Ol ogly hakda irginsiz alada edipdir. Birnäçe gezek ogluny görmek üçin keselhanadan gaçypdyr. Köplenç halatda-da onuñ paltasy daşa degipdir. Ogly Moskwa şäherindäki 6-njy internatda okaýarka, ol ýere birnäçe gezek hat iberipdir. Oña üns bermegi terbiýeçilerden haýyş edipdir, okuwdan başga zatlar bilen meşgullanyp ýörmezligi ogluna sargapdyr. Ogly 7-nji klasda okaýarka Aşgabada gelip, hut özi ejesini alyp gaçmagy gurapdyr. Annasoltan her bir ýetmezçilige jany-teni bilen gyýlypdyr. Ol keselhanadan bu keselhana geçirilip, özüniñ pasportsyz galanlygyna-da biparh garap bilmändir. Respublikan keselhananyñ şol wagtky baş wraçyna ýazan hatynda eýýäm bäş ýyl bäri pasportsyzlygyny aýdypdyr. Onuñ Daşhowuz keselhanasynda galandygyny we munuñ juda nädogrydygyny düşündiripdir. Näsaglara seredýän wraçlar Annasoltana sowuk-sala garapdyrlar, ony halamandyrlar. Ýöne her döwürde-de gowy adamlar bolýar. Wraçlaryñ içinde oña ýyly mähir bilen seredenlerem tapylypdyr. Annasoltan şeýle adamlardan dalda gözläpdir, olara ýakyn durmak isläpdir. Onuñ Aşgabadyñ 1-nji respublikan psiho-kliniki keselhanasynyñ 2-nji bölüminiñ müdirine ýazan arzasy saklanypdyr. Arzada özüniñ 2-nji bölümden 3-nji bölüme geçirilmegini haýyş edipdir. Çünki ol ýerde Zoýa Mämmedowna Nurmämmedowa işleýän eken we Annasoltan onuñ bölüminde bolmak isläpdir. "Z.M.Nurmämmedowa üçin hemme näsag deñ, ol goldawly näsag bilen meniñ ýaly ejiziñ arasynda parh goýmaýar" diýip, ýüregini dökýär. Ol ejirli durmuşyna garamazdan, diñe bir öz aladasyny etmän, özgeleriñ ykbaly hakda-da ynjalyksyzlanypdyr. Respublikanyñ kemçilikleri hakda ýazan materiallary üçin žurnalist O.Baýramowyñ galp sprawka esasynda şol ýerde saklanýandygy barada degişli guramalara ýüz tutupdyr. Oña elinden gelen kömegi etmäge çalşypdyr. Mundan başga-da Roza Alekseýewna diýen aýalyñ saglygy hakda biynjalyk bolupdyr. Roza Alekseýewnanyñ yzygiderli arak içendigi sebäpli bu ýerde düşendigini ýatlap, onuñ şol ýerde saklanmagyna garşy bolýar. Ony dälihanadan çykaryp, başga hili bejermelidigini, mümkin bolsa iş bilen üpjün etmegi, şeýle edilse onuñ çalt düzeljekdigini gaýta-gaýta nygtaýar. Her gezek şeýle teklipleri üçin ol wraçlar tarapyndan berk gaýtawul görýär. Köplenç halatda ony kemsidipdirler. Beýleki näsaglaryñ onuñ bilen gürleşmeklerine-de wraçlaryñ garşy bolandygy hakynda maglumatlar bar. Ol öz-özi bilen derdinişipdir. Ak kagyza derdini döküpdir. Öz gussasyny ýazgylaryna, goşgularyna siñdiripdir. Iñ ýönekeýje zatlardan özüne hemaýat gözläpdir. Şu ýerde onuñ durmuşy bilen baglanyşykly bir pursady ýatladasymyz gelýär. Ol penjiräniñ öñünde otyrka aýna bir kebelek gonýar. Ol kebelek bilen söhbet edýär. Kebelek aldygyna içerik girjek bolup urunýar, Annasoltan welin daşyna çykyp bilenok. Nähili ýürek gyýdyryjy kartina. Şol pursat ol özüniñ "Kebelek" atly goşgusyny döredýär. Ol kebelegiñ keşbinde nähilidir bir duýgudaşlyk görýär: Ol meniñ halyma dözmän urunýar, Men bolsa aglaýan onuñ halyna. diýip, goşgyny jemleýär. Bu ýönekeý goşgy däl. Onuñ añyrsynda durmuş ýatyr. Ol näçe kynçylyk, ejir görse-de, mertlik bilen çydapdyr. Keselhana düşensoñ ol yzygiderli diş agyrma, dem gysma ýolugýar. Annasoltan öz hatlarynyñ birinde "Meniñ gözlerim görmän başlady, ýüregim agyrýar" diýip ýazypdyr. Näsaglap gutulan Şeker A. şeýle gürrüñ berýär: "Men Annasoltan bilen bir aýyrak bile boldum... Ol görgülini garawullap saklaýardylar. Käte oña ukol edýärdiler. Bir gezek ukol edenlerinde iki ýana ylgady. Şu günki ýaly ýadymda. Keselhanada goşgy ýazardy. Onuñ ýazan goşgularyny käte doktorlar ýyrtyp goýberýärdiler. Men 1973-nji ýylyñ fewralynda keselhanadan çykdym. 1979-njy ýylda medinsitutda okaýan gyzymyñ öli adamy görüp akly üýtgedi. Biz ony şol ýere ýerleşdirmeli bolduk. Şonda men tötänden Annasoltany gördüm. Onuñ saçy çalarypdyr, garrapdyr". "...Özümiñ ýarawsyzdygymy bildirmejek bolsam-da, bolanok..." "...Aşgazanymdyr ýüregim agyrýar, iki hepdeläp yzygiderli gatnap, dişlerimi bejertmäge mümkinçilik tapdym...", "...Meni hemişe gözegçilik astynda saklaýarlar. Her gün irden halym teñ turýaryn. Maña ýaşamaga ýene näçe wagt galdyka? Iñ esasy zadam - näbellilik, nämälimlik meniñ ýüregimi mynçgalaýar" diýip, Annasoltan dürli döwürde ýazypdyr. Onuñ ömrüniñ ahyrky günlerinde ýazan hatlarynyñ hem birnäçesi saklanyp galypdyr. Olaryñ birinde 1982-nji ýylyñ 7-nji oktýabry, beýleki birinde 1983-nji ýylyñ 24-nji ýanwary görkezilipdir. Ol hatlary okap Annasoltanyñ özerkliligine, tutanýerliligine haýran galýarsyñ: "... Men nädogrulyklar hakda ýazman diýip, barybir hiç kimiñ öñünde dyza çöküp ýalbarmaryn". 1983-nji ýylyñ 19-njy iýunynda säher wagtlary garyndaşlary Annasoltanyñ jesedini keselhanadan alyp gidýärler..." http://kitapcy.com/news/dyza_cokup_yalbarmaryn/2020-05-01-9478 • Annasoltan Kekilowanyñ goşgularyndan: • MENI ÝAGŞYLYKDA ÝATLASA BIRI.. Men ýola düşýärin, gidemok ýalňyz, Meniň bilen asyr barýar ädimläp. Kükregiňde syrlar gizlän topragym, Gyzykly gür berýär pikrin jemläp. Meýmiredip bu gyzykly gürrüňler, Ýaş juwan kalbymy gurşap alsa-da, Ýok, hiç wagt dönmen uzak ýollardan, Saçlam agarýança hemra bolsa-da. Men ölsem-de, ölmez, ýaşar asyrlar, Men ölsem-de, ölmez, ýaşar nesiller, Meni ýagşylykda ýatlasa biri, Ömrümden razy, Diri, men diri! • NÄME ÜÇIN? Ol kimden nägile? Alyp bukjasyn, Ýazdy epinlerin toý köýneginiñ. Başyn aşak salyp gamlandy birden, Diýdi, "Sen nirede, ýaşlygym meniñ?!" Bu şeýle bolupdy: ýetişipdi ol, Ýatlady gyz juwanlygnyñ geljegin. Akyl goýalmandy, şonda-da päkdi. Kim bilýär geljegiñ näme boljagyn? Solupdy ýürekde güllän söýgüsi, Rehimsizlik bilen taşlanypdy ol. Kalbyndaky söýgi zäherlense-de, Duýgular diýdiler gyza: "Belent bol" Başarypdy giñ hem belent bolmagy; Gynasa-da solan söýgüsi ony. Ne gözel gijeler geçenin ýatlap, Az däldi ahmyrly geçiren güni. Öldi söýgi. Ýandy söýgi, kül boldy, Ýatlamalar ýaşaýar ol ýürekde. Hawa, şol gözel gyz garrady bu gün, Ahmyrly şol köýen söýgüsi hakda. Belki ol ömründe köp şatlyk görüp, Başarandyr ýene-de bir söýmäni. Bilemok onçasyn, bilýärin şuny, Ilkinji söýgi üçin köp çekdi gamy. Käte şeýle bolýar. Ilçilik ahyr, Ýöne diýmäñ muña: "Pelek gerdişi" Aýdyñ siz nämüçin ol gözel gyzyñ, Toý köýnegin ýazyp aglap oturşy. • ELWERANYÑ AÝDYMLARY Bir zatlar gynaýar meniň ýüregmi, Hiç gelip bilemok belli karara. Kalbymda lowlaýan düşnüksiz ýalyn Aýlaýar ýaş başym biderek ýere. Kesek bolsa çar tarapdan ýagyp dur, Ýa-da bular görünýärmi gözüme... Ah, gardaşym, hopugýaryn gijeler, Göz ýetirip bilmän özüm-özüme. Aklym diýýär maňa: - Samsyjak gözel, Gör ömrüňden hoşal ahyr Aý-Günem. Kaýyl bol-da bu durmuşyň emrine, Boluşyna görä ýaşaber senem. Ýürek diýýär: - Bolmasady hyjuwlar, Onda kyn düşmezdi beýdip gün görmek. Bolmaz ahyr hak aýdymlaň deregne Agzyňa geleniň şagladyp ýörmek. Ine, şeýdip aklym bilen ýüregim Aýra düşüp barýar biri-birinden. Ajal bolsa somlap elhenç penjesin, Jan gardaşym, elin üzenok menden! Kesek diýseň çar tarapdan ýagyp dur, Ýa-da bular görünýärmi gözüme. Kimkäm men? Nämekä isleýän zadym, Düşünip bilemok özüm-özüme. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |