09:24 Näme üçin? | |
NÄME ÜÇIN?
Goşgular
Ol kimden nägile? Alyp bukjasyn, Ýazdy epinlerin toý köýneginiñ. Başyn aşak salyp gamlandy birden, Diýdi, "Sen nirede, ýaşlygym meniñ?!" Bu şeýle bolupdy: ýetişipdi ol, Ýatlady gyz juwanlygnyñ geljegin. Akyl goýalmandy, şonda-da päkdi. Kim bilýär geljegiñ näme boljagyn? Solupdy ýürekde güllän söýgüsi, Rehimsizlik bilen taşlanypdy ol. Kalbyndaky söýgi zäherlense-de, Duýgular diýdiler gyza: "Belent bol" Başarypdy giñ hem belent bolmagy; Gynasa-da solan söýgüsi ony. Ne gözel gijeler geçenin ýatlap, Az däldi ahmyrly geçiren güni. Öldi söýgi. Ýandy söýgi, kül boldy, Ýatlamalar ýaşaýar ol ýürekde. Hawa, şol gözel gyz garrady bu gün, Ahmyrly şol köýen söýgüsi hakda. Belki ol ömründe köp şatlyk görüp, Başarandyr ýene-de bir söýmäni. Bilemok onçasyn, bilýärin şuny, Ilkinji söýgi üçin köp çekdi gamy. Käte şeýle bolýar. Ilçilik ahyr, Ýöne diýmäñ muña: "Pelek gerdişi" Aýdyñ siz nämüçin ol gözel gyzyñ, Toý köýnegin ýazyp aglap oturşy. Annasoltan KEKILOWA. | |
|
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |