00:08 Owadan gyz | |
OWADAN GYZ
Goşgular
Galdyr başyň, Owadan gyz, Iller ap-ak, Ýüzüň görsün, Göreçlerden, Lezzet alyp, Gökde guşlar, Ganat gersin. Aý-Gün saňa, Nazar salyp, Gözelligiňe, Başyn egsin. Galdyr başyň, Galdyr başyň, Goý, görünsin, Ak ýaňaklar, Seň görküňden, Goý uýalsyn, Ýaz açylan, Gülälekler. Gözelligiňe, Bäsdeş bolup, Goý, seretsin, Joralaryň. Utanma-da, Owadan gyz, Bak jahana, Göter seriň. Müň näz bilen, Oýna, jora, Näz ýaraşýar, Sen dek gyza. Gözelligiňi, Paýla, jora, Gysganma-da, Dünýämize. Annasoltan KEKILOWA. | |
|
√ Şahyryň göwnüne degmäň! / Goşgular - 23.08.2024 |
√ Ýaşlyk döwrüň ýatlamasy / Goşgular - 03.06.2024 |
√ Syzla / Goşgular - 31.08.2024 |
√ Buýy-zülpüň kibi anbar bar-u misgin olmyýa / Goşgular - 28.09.2024 |
√ Gam goşulan goşgy / Goşgular - 01.06.2024 |
√ Şemally gün / Goşgular - 27.01.2024 |
√ Köwşümi / Goşgular - 11.06.2024 |
√ Garrylyk bazary / Goşgular - 24.05.2024 |
√ Perizat / Goşgular - 27.08.2024 |
√ Soltan / Goşgular - 27.03.2024 |
Teswirleriň ählisi: 4 | |||||
| |||||