ALYSDAKY ÝARYM HAKDA AÝDYMLAR
Ýarym maňa akja ýaglyk hödirläp:
- Al öýmäňi atynma - diýip ýalbarma.
Gyzyl, ýaşyl ketenimi söýmeseň,
Özüme-de "söýýän" diýip gül berme!
Bu öýmäniň güllerini höwesläp,
Göwnim isläp saýlap-saýlap aldym men.
Pyragynyň, Ferdöwsiniň, Haýýamyň,
Mekanyndan-Gündogardan geldim men.
Bu öýmäni pasyrdadyp başymda,
Köpetdagda garşyladym ýazy men.
Durna gözli çeşmelerden suwlanyp,
Obada boý alan ahal gyzy men.
Çagajykkam aýajyklam ýalaňaç,
Kän ylgardym baýyrlaryň üstünde.
Adam hakda, asman hakda, dag hakda,
Aýdym aýdyp, şu öýmäniň astynda.
Güýz gelende al öýmäme syn edip,
Gök asmandan ak durnalar ötender.
Bu öýmäniň aşagynda gizlenip,
Aýdylmadyk aýdym bary ýatandyr.
Şoň üçünem talap edip bar zady,
Birden göz gyzdyrma, ýarym, erkime.
Sessiz-üýnsüz bagra basar bagtyny,
Şeýle öýme nesip etse her kime.
Annasoltan KEKILOWA.
Goşgular