16:09 Perzent | |
PERZENT
Goşgular
(Oglum Ýagmyra bagyşlaýaryn) Owadan-la bu jaý! Gözel-le bu jaý! Bu jaý hormat bilen Söýgüden doly. Munda ogul bolýar, Gyz dünýä inýär. Bu jaý geljek nesliň Simwoly ýaly, Akuşerka daýza, Meniň çagamy Getirsene bäri, Göremok häli. Getirdiňmi? Sag bol, Mähriban daýza. Hany, meniň gujagyma bersene! Tolgunýar ýüregim, Joşýar ýüregim, Oň gürsüldäp urşuny bir görsene! Salam! Dünýä inen ýaşajyk çaga! Enelik orjuny bagyş etdiň maňa. Ýagyşy küýseýşi dek Ene topragyň... Küýsäpdim, Şonuň üçinem Ýagmyr diýen ady dakýaryn saňa. Enelik borjuny ederin berjaý— Ýelden, ykdan gorap saklaryn seni, Göwsümde ulalyp kemala gelseň. Jahyl çykyp, begendirseň sen meni, Şonda-da ýatlaryn bu gözel jaýy. Seni söýüşim dek söýerin muny. Açyk bolsun baky, Ýaşasyn baky, Çagalaryň dünýä inýän mesgeni! Annasoltan KEKILOWA. | |
|
√ Watanym üçin şirin jan / Goşgular - 31.10.2024 |
√ Çarwa arabyñ söýgüsi / Goşgular - 10.02.2024 |
√ Hoş örütdüň / Goşgular - 29.05.2024 |
√ Eý, aşyklar, aşyklar, bu gün biz, siz barsyňyz... / Goşgular - 11.08.2024 |
√ Sadyk her guly / Goşgular - 02.07.2024 |
√ Nätdiñ? / Goşgular - 12.06.2024 |
√ Ilkinji ädimler / goşgular toplumy / Goşgular - 01.08.2024 |
√ Aşgabat / Goşgular - 29.05.2024 |
√ Sumbaryñ kenarynda / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Ykbal / Goşgular - 23.10.2024 |
Teswirleriň ählisi: 2 | |||
| |||