18:27 Syr saklamak | |
SYR SAKLAMAK
Her ýylyň 3-nji noýabry Syr saklamagyň halkara güni hökmünde bellidir. Bu senäniň gelip çykyşy hakynda anyk bir belli maglumat ýok. Emma dünýäniň ýaşaýjylary tarapyndan ykrar edilen bu sene özboluşly hem-de gyzyklydyr. Belli bolşy, syrlar – gizlinligi halaýan düşünjedir. Syr dürli görnüşde bolup biler, mysal üçin, şahsy syr, hökümet ýa-da döwlet syry, täjirçilik syry we ş.m. “Syry bilmän syr saklap bolmaz” diýilýär. Geçirilen barlaglara görä, alymlar syr saklaýan adamlaryň beýleki adamlara seredende özüni erbet duýýandyklaryny öňe sürýärler. Syr saklamaklyk belli bir derejede aňy agyrlaşdyrýar. Köplenç halatda biziň syr saklamaga mejbur bolýan ýagdaýlarymyz-da bolýar, çünki ony aýan etmegiň netijelerinden gorkýarys. Aslynda syry aýan etmeklik akyl giňişligimizi erkinleşdirýär, azat edýär. Syr saklaýan adam ýygy-ýygydan syry hakda pikirlenýär, ähli pikirlerini şoňa gönükdirýär, syr saklamak durmuşyň ajaýyplyklaryndan lezzet almaga päsgel berýär. Maglumatlara görä, adamlaryň 97%-i azyndan bir hakykaty gizleýändigi anykladylar. 5000 töweregi adamlaryň gatnaşmagynda geçirilen gözlegler, adamlaryň adatça şahsy isleglerini, gatnaşyklarda ýüze çykýan meselelerini gizleýändigi ýüze çykaryldy. Syry aýan etmek şol adamda rahatlyk duýgusyny döredýär. Haçanda bir adam syryny paýlaşsa, emosional goldaw we degerli maslahatlara garaşýar. Şonuň üçin mümkin boldugyndan öz ýakynlaryňyz bilen syrlaryňyzy paýlaşmak möhümdir. Oguljeren HUDAÝNAZAROWA. Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniñ talyby | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |