▶ 2: GARGANYÑ GÖZI INERDE
Meniñ öñümde ençeme bigünä bendeleriñ täleýini tersine öwren tomlaryñ 13 sanysy dur. Ýöne nomerleri boýunça olaryñ sany 15 bolmalydy. Olaryñ galyñlaram, orta galyñlykdakysam, ýukaraklaram bar. Emma galyñlary ýukalaryndan köp. Göwnüme bolmasa, olaryñ sahypalaryny agdaryp ugranymdan soñ birki sagat wagt geçip-geçmänkä biri gelip: "Bagyşlañ" diýip, olary alyp ötägitjek ýalydy.
Gelip alyp giden bolmady. Wagt geçendigi sebäpli giden sahypalary, göýä diýersiñ, iriñ kültän köne ýara elimi degren ýaly örän seresaplylyk bilen agdarýaryn. Göwnüme bolmasa, syýa bilen, galam bilen, maşynka bilen ýazylan her bir setiriñ añyrsyndan iññildi, gaýgy-hesret, söz bilen beýan edip bolmajak ahy-nala eşidilýän ýalydy.
Olary okadygyñça köp zatlar äşgär bolýardy. Dünýä parhsyz garaýan sarymtyk sahypalary yzly-yzyna agdaryp başlanyñda içi garañkyrap duran tutuksy kabinetlerdw günäsiz adamlara kast etmek üçim oýlanyp tapylan "Türkmen Azatlygy" baradaky ideýanyñ şu ýerde döräp, soñra bolsa ol elhenç ideýanyñ ertekilerdäki her deminde adam ýuwudýan aždarha öwrülendigine şaýat bolýarsyñ. 37-nji ýylyñ elhenç wakalaryny ýatladýan aždarhaly şol ertekide herehet edýänler hakyky janly adamlar bolman, hyýaly adamlar bolan bolsady, onda "Dildüwüşýänleriñ gizlin guramasy" baradaky toslama gyzykly detektiw ýaly bolup görnerdi.
Bu tutumlaryñ başlangyjy 1930-njy ýylyñ başlarynda "Magaryfçylar" guramasynyñ oýlanyp tapylan wagtyndan başlandy. Ol oýlanylyp tapylan guramanyñ neşteriniñ ýiti ujy "türkmen intelligentleriniñ milletçilik meýilli wekillerine" tarap gönükdirilýärdi. Wagt geçdigiçe ýurdy "hyýanatly pikirli" adamlardan arassalamak baradaky ideýanyñ çarhy aýlanmasyny çaltlandyrýardy, çaltlandygyça onuñ elhenç tolkuny gara ýylan ýaly owsun atyp, ýurtdaky düzgüne tankydy nazar salýanlara jeza bermekde ýetjek derejesine ýetipdi... Agzyñ degeninden soñ işdäñ açylýandyr diýlip ýöne ýere aýdylmandyr ahyryn.
"Respublikada ilki Magaryf Halk Komissary, soñra Türkmen döwlet neşirýatynda bölüm müdiri bolup, Türkmenkult-a ýolbaşçylyk eden Kümüşaly Böriýewiñ M.Çokaýew tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän "Türküstan milli birleşigi" guramasynyñ Maşatdaky filialyna başlyklyk edýän Sadretdin han Şarypow bilen gatnaşygy barmyş diýen habaryñ daşary ýurtdan gelip gowuşmagy, onuñ assyrynlyk bilen yzarlaagyna sebäp bolupdy.
Dogrudanam, patyşa Russiýasy tarapyndan ezilen türki halklar XX asyryñ başlarynda gurply döwletleriñ biri bolan Türkiýe (Osmanly döwleti) bilen ýakynlaşmaga meýil edýärdiler. Kysmaty birmeñzeş bolan halklaryñ milli däp-dessurlarynyñ, dilleriniñ ýitip gitmeginden howatyr edýän tatarlaryñ, gazaklaryñ, türkmenleriñ, özbekleriñ we beýleki halklaryñ akylly-başly wekilleri türki halklaryñ birikmek, jebisleşmek ideýasyna uýýardylar. Buhara sowet halk respublikasynyñ hem-de Türküstan respublikasynyñ täze ýolbaşçylarynyń türki halklaryñ birleşme ideýasyny durmuşa geçirmek babatda eden synanyşyklary güýçli garşylyga duçar bolup, olaryñ hemmesi jezalandyrylypdyr.
Ýöne onuñ bilen hem türki halklarynyñ birleşme ideýasy ýitip gitmändi. Mejbury ýagdaýda daşary ýurda gitmeli bolan akylly-başly adamlar ol ideýanyñ ugrunda erjellik bilen göreşýärdiler. M.Çokaýew Parižde "Ýaş Türküstan" žurnalyny çykaryp, onuñ sahypalarynda türki dilli milletleriñ birikmek ideýasyny öñe sürýärdi. Türki milletleriñ birikmegi baradaky ideýa onuñ garşysyna göreşýänleriñ gonjuna gor guýýardy.
Şol döwürde gep K.Böriýewiñ daşary ýurda gidenler bilen arabaglanyşygynyñ bardygy baradaky toslamada-da däldi. Bu ýerde gep K.Böriýewiñ 1918-nji ýylda Kokant awtonomiýasyny jar eden M.Çokaýew bilen birwagtlar aragatnaşygynyñ bolanlygyndady. Indi Çokaýew çekistleriñ elýeterinden uzakdady, K.Böriýewiñ bolsa halan wagtyñ bokurdagyndan penje urmak boljakdy. Hakyna seretseñ, ol graždanlyk urşundan öñem, soñam daşary ýurda gidenler bilen aragatnaşyk etmändir. Ýöne Döwlet Syýasy Uprawleniýesiniñ organlarynyñ bu hakykata ynanaslary gelenokdy. Sebäbi üstünden düşen adamlarynyñ daşary ýurtlar bilen gatnaşygy bolsa, olar üçin amatly boljakdy.
K.Böriýew ýaly uly şahalardan ýapyşylandan soñ, ol köp zatlaryñ "üstüniñ açylmagyna", geçirilýän derñew işleriniñ örüsiniñ giñemegine ýardam beripdi. Sebäbi onuñ tanyş-bilişleri, gatnaşyk edýänleri köpdi. Olara magaryfçylar, edebiýatçylar, žurnalistler, dil bilimi ugrunda işleýänler O.Wafaýew, S.Tureýew, S.Musaýew, A.Gulmuhammedow, M.Geldiýew, B.Kerbabaýew, G.Burunow, A.Bekjanow [1] we ýene-ýeneler girýärdiler.
Öz işine wepaly kontrrazwedkanyñ işgärleri olaryñ häkimiýete garşy hiç hili iş alyp barmaýandyklary barada aýdýanlaryna ynam etmeýärdiler. Sebäbi olar Staliniñ ýöredýän syýasatyna, esasanam milli mesele baradaky syýasatyna salgy berlişi ýaly düşünmän, olar barada özbaşdak pikir ýöredip, ol pikirleri hem resmi ýerlerde aýdýardylar. O.Wafaýew köp wagtdan bäri şübhe astyna düşen adamdy, rewolýusiýadan öń ol Buharanyñ medresesinde okapdy. Soñra Stambul uniwersitetiniñ (Darulfünun) ýuridiki fakultetini tamamlapdy, graždanlyk urşy ýyllarynda bolsa, general Nury Paşanyñ goşunynda ofiser bolup ýören wagty Bakuwy basyp alypdy.
Gadyr bilmez Wafaýew diýsäni! Sowet häkimiýeti oña ýokary wezipeleri ynandy. Oña ilki Aşgabat oktug sudunyñ, soñra Daşhowuz okrug sudunyñ başlygy boldy, oña şolar ýaly wezipeler berilse-de, göwni hoş bolman TK (b) P MK-nyñ alyp barýan syýasatyny tankytlap, belent mertebeli adamlaryñ ýüzüne ýakymsyz sözler aýtmaga het edipdi. Özi bolsa ýerli metbugatda "pantürkistlikde" hem-de "milletçilikde" aýyplanyp tankyt edilende ýokuş görýärdi. Özüni tankyt edenlere jogap ýazanda bolsa, ony hiç ýerde çap etmändiler. [2]
Bu ýagdaý Wafaýewde nägilelik döredipdi. Onuñ tebigaty gönümel hem-de gyzmarak bolandygy üçin, nägileligini gizlejek hem bolmandy. Onsoñ onuñ aýdýan sözleri gep çöpleýän gulaklaryñ duşundan geçip gitmeýärdi.
Bu bolsa resmi organlarda Wafaýew barada ýaramaz pikirleriñ döremegine sebäp bolupdy, ýaramaz pikir diñe bir ol hakda döremän, eýsem onuñ dosty hem-de obadaşy Muhammet Geldiýewiñ hem garşysyna döräpdi. Muhammet Geldiýew dil ugrundan görnükli alymdy, öz döwrüniñ ýokary düşünjeli adamlarynyñ biridi. Ol elipbiýiñ latynlaşdyrylmagyna garşy çykyş edýärdi. Şol wagtlar dilçileriñ, edebiýatçylaryñ hem-de taryhçylaryñ arasynda haýsy elipbiýe geçilmelidigi barada güýçli çekeleşik dowam edýärdi. Birnäçeleri latyn elipbiýine geçmelidigini tekrarlap aýaklaryny diräp durýardylar. Başga birnäçeleri bolsa, latyn elipbiýine geçmek türkmen halkynyñ gadymdan gelýän medeniýetinden, asyrlar boýy dowam edip gelýän taryhyndan, taryhy baýlyklary bolan ýadygärliklerden daşlaşdyrjakdygyny, sebäbi olaryñ hemmesiniñ arap elipbiýinde dörändigini, indi oña dönüklik etmeli däldigini aýdýardylar.
M.Geldiýew täze giriziljek bolunýan elipbiýi ýerliksiz hasap edip: "Bolşewikler arap elipbiýini ýatyryp, yslam dinini Türküstan halkynyñ añyndan gysyp çykarmaga synanyşyk edýär" [3] diýipdi.
Şol wagt elipbiýi üýtgetmek derwaýys zatmyka? Halkyñ taryhyny, ruhy gelip-çykyşyny onuñ ýadyndan çykartmak üçinmikä? Halkyñ geçmişe geleñsiz garamagy üçinmikä? Türkmenleriñ akylly-başly adamlary arap elipbiýini ýatyrmagyñ türkmenleri we türki halklary musulmanlaryñ asyrlar boýy gazanan baýlyklaryndan daşlaşdyrmak üçin edilýändigini oñat bilýärdiler. "Könesi bolmadygyñ täzesi bolmaz" diýipdirler. Geçmişi bolmadyk halkyñ geljegi hem bolmaly däldi.
Ol döwürde türki dilli halklaryñ medeniýetine örän güýçli zarba urlupdy. Gruzinleriñ hem-de ermenileriñ elipbiýini üýtgetmek hiç kimiñ kellesine-de gelenokdy. Gruzinler bilen ermeniler häzirem ata-babalarynyñ ulanyp gelen elipbiýini ulanyp gelýärler (janlary sag bolsun, milli medeniýetleriniñ pajarlap ösmegi üçin ulansalar oñat edýärler). Stalin Gruziýanyñ patyşasy bolup oturanyndan rus patyşasy, ähli Russiýanyñ imperatory bolanyny gowy gördi. Ýöne her niçigem bolsa, Gruziýanyñ döwlet dili gruzin dili bolupdy. Bize bolsa mekdebe gatnap başlan döwrümizden uly abraýa we synpy teoriýa salgylanyp, diñe buržuaz döwletlerde ýerli milletiñ döwlet dili bolandyr, sosialistik döwletlerde beýle zat bolmaz diýlip beýnimize guýulýardy. Biz hem sosialistik döwlet gurýanlygynyz sebäpli, öz dilimiziñ döwlet dili bolmagy barada umyt hem etmeýärdik.
Göz-görtele adalatsyzlyk edilýärdi: haýsy hem bolsa bir halk barada gürrüñ edilende onuñ aýratynlygy, milli özboluşlylygy göz öñünde tutulýardy, başga birnäçe halklar barada gürrüñ edilende bolsa, ol hakda kelam agyz söz hem aýdylmaýardy. Ol halklarda aýratynlygam, milli özboluşlylygam düýbünden ýok ýalydy. Bu zatlaryñ üstesine-de ol halklaryñ üstünden hökmürowanlyk ýöredilip, olaryñ milli mertebesi kemsidilýärdi. Bu syýasat esasanam Orta Aziýadaky türki dilde gepleýän halklaryñ garşysyna ulanylýardy, sebäbi ol syýasat bu ýerdäki musulmanlary dünýä ýüzüniñ musulmanlaryndan çetleşdirmek üçin edilýärdi. Bu işi DSU-nyñ organlary alyp barýardy. Olar ýurduñ ähli ýerine ygtyýarly ellerini uzadyp bilýärdiler, hatda partiýanyñ ýolbaşçylary hem olaryñ diýenine däl diýip bilenokdylar. Bütin ýurtda bolşy ýaly, Türkmenistan SSR-inde-de DSU bilen IIHK partiýanyñ üstünden gözegçilik edýärdi. Jeza beriji organlar hiç hili günäleri bolmadyk adamlara, ilki nobatda kommunistlere hiç hili päsgelçilik görmän jeza berýärdiler.
Akylly-başly, hatly-sowatly adamlar kanuna sygmaýan bu eden-etdiligiñ garşysyna göreşmäge synanyşýardylar. Ýöne ol synanyşyk örän gowşakdy, ýöwseldi, olar sanlyja adam bolup, bu syýasatyñ nädogrudygy, kanuny däldigi barada gürrüñ edýärdiler. Ýöne ol pikiri batyrgaýlyk bilen jar etmäge bogunlary ysanokdy. Diñe ýygnaklarda çykyş edenlerinde ýa-da metbugat üsti bilen bu syýasatyñ ýaramazdygy duýular ýaly çalaja ýañzydýardylar. Arapçany ýatyryp latynça geçmäge garşy çykyş etmek hem hökmürowan syýasatyñ ýerli medeniýetiñ bilini bükmeginiñ öñüni almaga edilýän synanyşykdy.
Hökmürowan syýasatyñ hiç bir kada sygmaýan örän gödek ýerleri barada ençeme gezek taraşlanylan, sypaýyçylyk bilen edilýän bellikler hem tankydy diýseñ ýigrenýän jeza beriji organlaryñ hüşgär nazaryndan sypmaýardy. Özbaşdak pikir etmäge ukyby bolan adamlaryñ irginsiz yzarlanmagy moral we psihiki taýdan çydap bolmajak ýagdaý döredýärdi. Paltasy daşa degen intelligensiýanyñ wekilleriniñ birnäçesi başyny alyp daşary ýurtlara gitmäge mejbur bolupdy. Olar kem-kemden üstlerine abanyp gelýän gara bulutdan heder edip gidýärdiler. Sowatly adamlaryñ hemmesi şübhe astyndady. Eger bir adam daşary ýurda gitmek barada çalaja ýañzydaýsa, şol adam şol günüñ özünde tussag edilip sürgüne iberilýärdi. Daşary ýurda gaçyp gidenleriñ hemmesi ideologiýa taýdan jenaýatkär, watana dönük ýa-da içaly hasaplanýardy. Watanyñ dönükleri bilen bolsa uzak gürrüñ edilip durlanokdy. Duşman boýun egmelidi ýa-da ýok edilmelidi.
Magaryfçylar bilen iş salyşýanlar Wafaýewiñ gaçyp gitjekdigi barada hiç zat bilmeýärdiler, hatda DSU-nyñ gyl gymyldasa bilýän operatiw işgärleri hem bu gezek ahmal galypdylar. Wafaýew 1930-njy ýylyñ dekabr gijeleriniñ birinde Eýrana geçipdi. M.Geldiýew hem onuñ bilen bile gitmelidi. Emma ýürek agyrysy tutup, ol duşuşyk üçin bellenilen ýere baryp bilmändi. Şondan soñ köp wagt geçmänkä-de ol ýürek agyrysyndan aradan çykypdy.
Garaşylmadyk wagt bolan bu waka operatiw işgärleriñ rewolýusiýa garşy iş alyp barýan milli guramanyñ bardygy baradaky durmuşdan üzñe toslamasynda aýdylýan zatlaryñ nädogrudygyny ýüze çykarypdy. Ol toslamada Wafaýewe daşary ýurtlara gidenler bilen aragatnaşyk saklaýan adamyñ roly berlipdi. Ol bolsa ýurdy taşlap gaçyp gitdi. Eger ol gizlin guramanyb wekili bolýan bolsa, onda aç-açan gaçyp gitmezdi ahyryn.Her bir zäheriñ garşysyna has güýçli zäher tapmak şol ýyllar üçin ýoñ bolupdy. TSSR-iñ DSU-nyñ operatiw işgärleri öz familiýasynyñ deregine "B" lakamyny ulanan Polýakowyñ ýolbaşçylygy astynda Eýrana gaçyp giden Wafaýewi ele salmak maksady bilen ol ýere ibermek üçin agentleri taýýarlamak işine girişipdi.
Gaçyp gideni ele salmak barada geçirilen işler aýratyn detektiw waka bolany üçin ol baradaky gürrüñi soña goýalyñ.
Ýakyn wagtda geçiriljek uly işlere taýýarlyk görlüp ýörlen wagty ýene bir adatdan daşary bir waka bolupdy. 1931-nji ýylyñ iýul aýynda A.Gulmuhammedow biken bakuwly aspirant Kahraman Karakaşly serhetden geçjek bolanlarynda ele düşüpdirler. "A.Gulmuhammedow ele düşen badyna öz janyna kast etdi" diýlip aýdylýardy. Dogrusyny aýtsañ: "ele düşen badyna öz janyna kast etdi" diýen söz birnäçe ýyldan soñ şol wakany derñän derñewçilerde-de şübhe döredipdi. Her niçigem bolsa, şol wagt bolan zatlar bussur-ýassyr edilipdi. Ýöne welin onuñ neneñsi ölendigi baradaky şübhe henize çenli dowam edip gelýärdi. Belki, ol "gaçjak bolup synanyşanda öldürilendir?" "Gaçjak bolup synanyşdy" diýen söz dogrumyka ýa toslamamyka? Onsoñam Karakaşly diýilýän adam onuñ ýanynda nähili peýda bolduka? A.Gulmuhammedow ýaly esli ýaşan tejribeli adam onuñ ýalylar bilen şeýle howply işe baş goşarmyka? Bu ýerde bize bir topar çaklamadan başga zat galmaýar. Ýöne welin biziñ üçin bir zat belli: eger Gulmuhammedow gaçyp gitmegi ýüregine düwen bolsa, onda oña özünden başga hiç kim kömek edip bilmezdi. Ol hem edil Wafaýewiñ gidişi ýaly assyrynlyk bilen giderdi. Eger ol beýle bolsa, onda ol hem edil Wafaýew ýaly Türkmenistanyñ kontrrazwedkasynyñ alyp barýan işine ikinji urgy bolardy. Bu bolsa respublikadaky "şübheli adamlary" bakyp ýören ýiti gözli "çopanlara" abraý getirmezdi. Bu edilen işde ýöntemlik, ýalana ýakynlyk bolsa-da, operatiw işgärleri jogapkärçilikden halas edipdi, eger ol gaçyp giden bolsa, organ işgärleriniñ birnäçesiniñ başy gowga galardy, ozal iñ wepaly işgärleriñem bir topary şeýle ýagdaýa düşüpdirler.Belki, Wafaýew gaçyp gideninden soñ A.Gulmuhammedowyñ bu ýerde etmeli işleriniñ göwrümi ulalandyr, belki, ol "rewolýusiýa garşy göreşýän milli gurama" diñe bir magaryfçylary çekmän, eýsem türkmen intelligensiýasynyñ beýleki gatlaklaryny hem çekip, onuñ güýjüniñ we täsiriniñ has artmagy ugrunda göreşip başlandyr. Operatiw organlar her edip, hesip edip öz mertebelerine çirk gelmez ýaly etmelidi...Şondan soñ şeýle bir tutha-tutlyk başlandy welin, heý, diýip-aýdar ýaly däldi. Şeýle edilmese, kim bilýär, türkmen intelligensiýasynyñ ählisiniñ daşary ýurda gaçyp gidäýmegem ahmal ahyryn.
___________________________
[1] Şol ýerde, t 12, sah 221;
[2] Şol ýerde, t 12, sah 222;
[3] Şol ýerde, t 4, sah 173.
Taryhy makalalar