21:37 Syrly toslamalaryñ pidalary: Perwaýsyzlygyñ döreden ýalançylygy | |
▶ 24: PERWAÝSYZLYGYÑ DÖREDEN ÝALANÇYLYGY
Taryhy makalalar
“Duşmanlaryñdan gorkma ~ ýaman etseler seni öldürerler. Dostlaryñdan gorkma ~ ýaman etseler saña dönüklik ederler. Perwaýsyz adamlardan gork ~ olar seni öldürmezlerem, saña dönüklik hem etmezler, ýöne olaryñ seslerini çykarman ähli zatlar bilen ylalaşyp ýörendikleri sebäpli ýer ýüzünde dönüklik etmegem, adam öldürmegem dowam edýär.” Robert EBERHARDT. Nurýagdyýewiñ hem onuñ ýoldaşlarynyñ üstüne abanýan gara bulut gitdigiçe tutaşyp barýan wagtynda olar bilen uzak ýyllar bile işleşip duz-emek bolan raýkomyñ plenumynyñ agzalarynyñ, raýonyñ aktiwistleriniñ ýekejesi hem hakykatyñ hatyrasy üçin kelam agyz söz aýtmadylar. Bu nähili beýle bolýar? Beýle etmek bigaýratlykmy ýa-da perwaýsyzlyk? Olarda şolaryñ ikisi hem bolmaly. Halkyñ arasynda bir obanyñ arçyny barada gysgajyk rowaýat bar. Şol rowaýatda şeýle wakanyñ gürrüñi edilýär. Obanyñ arçyny şol obada ýaşaýan adamlaryñ hemmesini bir ýere toplap, akyp ýatan suwly ýabyñ ýakasyna getiripdir-de: "Eger bir adam şu ýabyñ suwundan bir owurt içäýse, men ony diriligine soýaryn" diýipdir. Adam bary añka-tañka bolupdyr. Näme diýip, näme aýtjaklaryny bilmändirler. Guşluga galan gün ussanyñ körüginden çykan demir ýaly töwerek-daşy ýakyp-ýandyryp başlaýar. Adamlar gara dere batyp, derleri gaýdandan soñ bolsa, bokurdaklary gurap, suw içesleri gelip, akyp ýatan suwly ýaba seredýärdiler. Emma diñe gara başlarynyñ aladasyny edip, galan ähli zada biperwaýlyk bilen seredýän adamlar seslerini-üýnlerini çykarman, kysmata kaýyllyk bilen başlaryny aşak salyp durupdyrlar. Bu dymyşlygy bir ýaş ýigit bozupdyr. Ol: "Arçyn, sen meni diriligime soýýan hem bolsañ, men şu suwdan içjek. Akyp ýatan ýapdan suw içmegiñ gadagan edilmegi, heý, görlüp-eşidilen zatmy?!" diýip suwa eñegini basypdyr. Arçyn kakabaş ýigide nazaryny aýlapdyr-da, nägile äheñde: "Indi boldy. Indi men kim bilen iş salyşmalydygyny bilýärin" diýip oglany alyp galypdyr-da, märekäniñ dargamalydygy barada buýruk beripdir. Arçyn oglan bilen ikiçäk galandan soñ gynanç bilen: "Bu adamlar nähili adamlar? Olar hatda akyp ýatan suwy içmeli däl diýip akla sygmajak samsyk buýruk berseñem ýerine ýetirýärler. Olar öz gara başyndan galan zada perwaýsyz garaýan gorkak adamlar. Sen olar ýaly däl ekeniñ, sen gorkmadyñ. Şonuñ üçin hem men saña guwanýaryn" - diýipdir. Şondan soñ arçyn ol oglany ynamdar nöker edinip öz ýanyna alypdyr. Nurýagdyýew hem-de onuñ ýoldaşlary bilen bile işlänler, "dostlukly" aragatnaşyk saklanlar, obadaşlar Nurýagdyýew dagynyñ arkasyny tutmakdan-a ellibizar geçip, gaýta öz orunlaryny berkitmek üçin myjabatly görkezmeler berip, aýylganç adalatsyzlygyñ berkarar bolmagyna hemaýat berdiler. Operatiw işgärler hakykaty ýoýujylary, küşgüren tarapyna örän ilgeziklik bilen üýrjek şaýatlary agtarýardylar. Olar raýkomyñ sekretaryndan göwni galanlary, oña içigaralyk edýänleri, dury suwy bulandyrmagyñ tarapdarlaryny toplaýardylar. Ýolbaşçylardan nägile adamlary tapmak kyn däldi. Esasanam ol döwürde, jemgyýetde kadaly durmuş bolman, çaýkanyp duran döwürde kyn däldi. Elbetde, her gün bir täze hokga çykarylan yranyp duran durmuşda Nurýagdyýewiñ hem ownuk-uşak ýalñyşlyklary goýberen bolmagy ahmaldyr. Ýöne ol ýalñyşlyklar haýsy-da bolsa bir zada ~ ýaman niýete gönükdirilen ýalñyşlyklar däldi. Olaryñ halk bähbitli ýola atylan daşlara büdremekden başga zat bolmaga haky ýokdy. Hakykatyñ ýalana öwrülän pursatlaram bolýar. Bir gezek raýkomyñ býurosy öz etmeli işini kanagatlanarly ýerine ýetirip bilmeýänligi sebäpli raýonyb halk magaryf bölüminiñ müdirini ýokarky guramalaryñ razyçylygyny alman işden boşadypdy. Ýöne magaryf Halk komissarlygynyñ başlygy Döwlet Mämmedow raýkomyñ çykaran karary bilen ylalaşman, raýon halk magaryf bölüminiñ müdirini ýene-de öñki wezipesine işlär ýaly edipdi. Şondan soñ raýon magaryf bölüminiñ müdiriniñ kalbyna raýkomyñ işgärlerine ýigrenç hem-d kine galypdy. Bolýan işleri biri Alladan görer, biri bendesinden diýlişi ýaly, raýonyb magaryf bölüminiñ müdiri hem raýkomyń sekretary tussag edilenden soñ kine haltasyna toplanan ähli zäherli jerhetleri pürküp ar almakçydy. Ol "Nurýagdyýew bilen Bendişew raýona ýolbaşçylyk edýän döwürleri gödek ýalñyşlyklar goýberdiler, olar raýonyñ aktiwlerini äsgermezlik etdiler. Nurýagdyýew Eýranda garyndaşlary bolan adamlara howandarlyk etdi, dindarlara, dini däp-dessurlary ýerine ýetirýänlere, dini ugurlar boýunça kitaplary okaýanlara penakär boldy[1]..." diýip görkezme berdi. Bu aýyplamalarda hem deliller, daýançlar, faktlar ýokdy. "Eýranda garyndaşlary bolan adamlar kimler?" Nurýagdyýew olara nähili "penakärlik etdi? Derñew materiallarynda ol sowallaryñ hiç birine hem jogap tapylanokdy. Onsoñam dini däp-dessurlary ýerine ýetirmegi, dini kitaplary okamagy jenaýat diýip hasap edýän bolsalar, galan aýdylýan zatlary geñ görüp oturasy iş ýokdy. Nurýagdyýewi "paş etmek" üçin toplanan materiallarda onuñ G.S.Atabaýew hem-de N.Aýtakow bilen "jenaýatçylykly aragatnaşygynyñ" bardygy hakda hem aýdylýardy. Bu ýerde welin derñewçi aýdara söz tapman heläk bolandyr. Ozal ulanylan poh-yrryhdan eñterip bilenini eñteripdir... Hakykatda bolsa Nurýagdyýewe Gaýgysyz Atabaýew bilen ýekeje gezegem duşuşmak miýesser bolmandyr. Ýöne Merkezi Ispolnitel Komitetiñ başlygy Nedirbaý Aýtakow bilen welin, birnäçe gezek duşuşyp, Türkmenistanyñ Günbatar raýonynyñ ykdysadyýetini hem-de medeniýetini ösdürmek, subtropiki ýerleriñ perspektiwalary barada gürrüñler edipdi. Şol duşuşyklar bolsa Işanguly Nurýagdyýewiñ "Türkmen Azatlygy" guramasynyñ "ýolbaşçylarynyñ" biri Nedirbaý Aýtakow bilen baglanyşygynyñ bolandygy barada ony aýyplamaga delil bolupdyr. Tussag edilen sekretarlara derñew protokolyndaky "şaýatlaryñ" atýan töhmetleriniñ ýazgylaryny okanyñda depe saçyñ syh-syh bolup, süññüñ lerzana gelýär. Partiýa wepalydygyny magtap, özüni mazamlamakçy bolýanlaryñ biri Işangulynyñ kakasynyñ söwda edýän uly täjirdigi barada hakykatdan uzakda bolan bir toslama aýdypdyr. Raýkomyñ propoganda ugry boýunça işleýän, indi hem sekretarlyk ornuna hantamaçylyk edýäniñ biri bolsa Işangulyny "düýpli we göwrümli" ýalñyşlyklarda aýyplap töhmet ýagdyrýardy. Ikinji töhmetçini Nurýagdyýewiñ hut özi raýkomyñ apparatyna işe alypdy, oña iş öwredipdi, ondan oñat işgär çykar diýip tama edýärdi. Ol bolsa goltuga salnyp ýyladylan zäherli ýylan bolup döräpdi. "Ýagşylyk etmedik adamyñdan ýamanlyga garaşma" diýlip, ýöne ýere aýdylmaýar ahyryn. Men töhmetçi şaýatlaryñ atlaryny, familiýalaryny aýtmakdan saklandym. Sebäbi olaryñ häzirki döwürde dirilerem bar, bu dünýäden ötenlerem bar. Eger ol adamlaryñ atlaryny tutsak, olaryñ esli ýaşan ogullary, gyzlary, agtyklary ata-babalarynyñ şeýle adam bolandyklaryny bilseler, nähilem bolsa, olarda bir ýaramaz täsiriñ galmagy ahmal. Ýöne meniñ welin, şol adamlaryñ atlaryny tutasym gelýändigi, heý, aýdyp diýer ýaly däl. Eger men şol adamlaryñ atlaryny birin-birin tutup, olaryñ päk adamlara atan töhmetleri barada hem gürrüñ beräýsem, göwnüme bolmasa, duz-emek bolup ýören adamlaryma dönüklik etmek mundan beýläk gaýtalanmajak ýaly bolup dur. Aý, bolýar-da. Hudaý bardyr, her kim öz pälinden tapsyn. Raýkomyñ propoganda ugry boýunça gulluk edýän adam duz-emek bolan dostlaryny ajalyñ agzyna tutup berenden soñ raýkomyñ sekretarynyñ ornuny eýeledimi ýa eýelemedi, ony aýdyp biljek däl, ýöne onuñ IIHK-niñ raýon bölüminiñ başlygy Pankowyñ režissýorlyk eden tragediýasynda haýynyñ roluny örän ökdelik bilen ýerine ýetirendiginj welin oñat bilýärin. Ol şol atan töhmetlerinem az görüp, Nurýagdyýewiñ Eýranda ýaşaýan "garyndaşlarynyñ" hem atlaryny birin-birin aýdyşdyrdy. Olardan başga-da raýon ýer bölüminiñ müdiri G.Nuryýew Daşkentde kursda okap ýören wagtlary şol ýerde çykarylýan diwar gazetine Troskini taryplaýan makala ýazyp çykyş etdi diýip tükenmez töhmet pohuny daş-töwerege-de sowrupdy. Şol pajygaly wakalardan tas otuz ýyl geçenden soñ, ýagny 1956-njy ýylda Türkmenistan SSR-niñ Döwlet Howpsuzlyk Komitetiniñ derñewçisi Arkadiý Awagymowiç Sarkisow Gyzyletrek "IŞI" kanuna laýyk alnyp barylypmy ýa-d kanuna laýyk alnyp barylmanmy, şony barlan döwründe ýalançylyk, töhmet hem-de dönüklik bilen öz gara başyny alyp gaçan şol wagtlar propoganda ugry boýunça işlän şol işgär indi öz gözýaşyna gark bolup: "Pankow haýbat atyp duransoñ şeýle etmeli boldum. Ol meniñ aýtmaly zatlarymy özi ýazyp gelip: "Goluñy çek, şu ýerde ýazylan zatlaryñ hemmesi dogry bolmaly. Okap oturarar wagt ýok" diýensoñ, men gol çekipdim" diýipdir. Raýkomyñ öñki propoganda işgäri indi başgaça saýraýar. Materiallarda beýan edilişine görä, sorag wagty Nurýagdyýew bilen ýüzbe-ýüz bolupdyr. Ol bolsa hiç wagt ýüzbe-ýüz bolup onuñ ýüzüne duran däldigini aýdýar. Töhmetçi şaýadyñ bu sözlerinde hakykat ýokundysynyñ bar bolmagam ahmal. Ýöne ony bu döwürde subut etmek asla mümkin däl. Nurýagdyýewiñ ýüzüne duran adamlaryñ birnäçesi atylypdyr, birnäçesi tussaglykdan dolanyp gelmändir. Ýüze duranlardan diri galany diñe raýkomyñ öñki propoganda işgäridi. Eger şol diri galanyñ aýdýan sözlerine ynansañ, ol şaýat hökmünde hiç kimiñ ýüzüne durmandyr-da, diñe sorag edilýän wagty terjimeçi bolupdyr. Dogrudanam, derñew işini alyp barýan türkmen dilini bilenokdy, tussag edilenleriñem köpüsi rus dilini düýbünden bilenokdy ýa-da çala bytdyk-sytdyk bilýärdi. R.Gulberdiýewe sorag edilende bolsa propoganda işgäri IIHK-niñ raýon bölüminiñ ynamdar wekili, ýagny terjimeçi bolanam bolsa, öz terjime eden soragynyñ protokolyna şaýat hökmünde hem gol çekipdir. Soñundan bolsa propoganda işgäri: "Men protokoly okaman gol çekipdim. Meniñ adymy ol ýere şaýat hökmünde ýazandygyny Pankow maña soñ aýtdy"[2] diýýär. Şol ýylyñ dowamynda, ýagny 1956-njy ýylda galp düzülen "IŞE" täzeden seretmek üçin dokumentler taýýarlanýan döwründe tussag edilenleriñ ýüzüne durman, ýöne "şaýat" bolanlaryñ diri galanlarynyñ hemmesi şol bir heñi gaýtalaýardylar: "Pankow protokoly öñünden taýýarlaýardy. Soñra bolsa ony bize okatman, tussag ederin diýip haýbat atyp, zorlap gol çekdirýärdi".[3] "Ýagy gidenden soñ batyr köpeler" diýip bize teýeneli sözleriñ aýdyljagyny men öñünden añýaryn. Dogrudanam, totalitarizmiñ adam gany bilen aýlanýan ajal çarhynyñ öñünde döşüñi gerip durmak ýeñil-ýelpaý iş däldi. Ajal çarhy dowam edýän sistemanyñ alyp barýan ugurlarynyñ haýsam bolsa birine sähel nägile bolsa, dolap alyp öz holtumyna dykýardy. Ol döwürde şäherlerden "halk duşmanlary", obalardan "kulaklar", kolhozlardan, sowhozlardan, zawodlardan, fabriklerden "zyýankeşler we içalylar" tutulardy. Umuman, ähli ýerde tutha-tutluk dowam edýärdi. Gazetler, žurnallar, kinolar hem-de radiolar aýagaldygyna şübhe tohumyny sepip adamlaryñ kalbynda gorky, howsala döredýärdiler, olarda ertirki güne bolan ynamy öldürýärdiler. Ýygnaklarda, mitinglerde "halk duşmanlary" näletlenilip, jemgyýetiñ çöwre taraplary görkezilip, göýä diýersiñ, niredendir bir ýerden gizlin duşmanlaryñ dökülmek howpunyñ bardygyny gije-gündiz tekrarlaýardylar. Biziñ ýurdumyzyñ ýeke-täk sosialistik ýurtdugy, sosializm näçe berkedigiçe, onuñ synpy duşmanlarynyñ sosializmiñ garşysyna alyp barýan göreşiniñ hem güýçlenjegi baradaky Staliniñ teoriýasy ynanjañ adamlaryñ beýnilerine guýlupdy. Şonuñ üçin hem Sowet Soýuzynda rewolýusiýa garşy göreşýänler bilen içalylar şeýle bir köpelenmişin welin, heý, diýip-aýdar ýaly dälmiş. Eger her bir adamda rewolýusion hüşgärlik bolsa olaryñ hemmesini paş edip boljakmyş. Adamlara ynam etmezlik syýasatyny diñe "beýik serdar" hem-de ony gurşap alan adamlar ýöretmän, eýsem döwlet maşynynyñ ähli ideologiýa sistemasy ýöredýärdi. Onsoñ heý-de "akyl-paýhasyñ" çür depesine çykan "beýik serdara" ynanmazlyk edip bolarmy? Bu ýagdaýa köre-körlük bilen ynanýan millionlarça adam Staline edil Hudaýa sežde eden ýaly sežde edýärdiler. Käbir göz-görtele edilýän işleri görüp göwünlerinde iñkis dörän adam bolsa: "Stalin bu zatlary bilýän däldir. Eger ol biläýse, beýle zatlara ýol bermez" diýýärdiler. Sowet halkynyñ hemmesiniñ diýen ýaly gözüniñ öñüne aldaw tüssesi perde bolupdy. Elbetde, halky köpçülikleýin tussag etmekde hakykatyń bardygyna ýürekleriniñ töründe müñkürlik edýänlerem ýok däldi, hatda Staliniñ zulmuna gös-göni garşy çykýanlaram bolýardy. Ýöne olar ýalylar "parasatly" serdaryñ göçgünli dabarasynyñ tolkunynda gark bolup gidýärdi. Sebäbi ol döwürde Staliniñ, onuñ sistemasynyñ hem-de ol sistemany eli ýalañaç gylyçly goraýan wepadar dikmeleriniñ eden-etdiligine garşy çykyp biljek güýç bardyr diýen pikir hiç kimiñ kellesine-de gelenokdy. Güýçli el çarpyşmalaryñ, dabaraly sözleriñ, göçgünli taryplaryñ, meçewli şowhunlaryñ astynda uly nesliñ ýüzlerçe, müñlerçe päk atalaryna we ogullaryna galyñ diwarlt tukat jaýlaryñ içinde: "guduzlan iti atan ýaly atmaly" diýen hökümler okalýardy. Olardan başga ýüzlerçesi, müñlerçesi bolsa gyzyl wagonlara dykylyp Kolyma we Solowka, Sibire we Uzak Gündogara ugradylýardy. XX asyryñ zulumkeşleri: "Ot bolmadyk ýerde tüsse bolmaz" diýen sözi häli-şindi gaýtalaýardylar. Şol gaýtalanýan sözlerden emele gelen tüsse hem perwaýsyz adamlarda ozalam az mukdarda bolan namys göreçlerini gapýardy, onsañ olar agyzlaryna suw alan ýalt seslerini çykarman näme diýilse baş atyp durdular. Bu bolsa ýurtda elhenç jenaýatçylygyñ rowaçlanmagyna ýardam berýärdi. Bu ýagdaý akar suwly ýabyñ başyna baryp, suwdan ýekeje owurt hem içip bilmän duran oba adamlary barada aýdylýan rowaýata çalym edenokmy näme? Totalitar düzgüniñ tüsseden ýasan tutusy hatda akylly-başly sap ýürekli ynanjañ adamlary hem aldawa salyp bilipdi. Sebäbi jemgyýetiñ terbiýeçilik sistemasy şeýledi. Maşgalada-da, mekdepde-de, komsomolda-da, partiýada-da, köçeleriñ ugrunda-da, umuman, şol sistema ähli ýerde höküm sürýärdi. Meniñ bir zat ýadyma düşýär: nähak aýyplanýan adamlar köpçülikleýin aklanyp başlanan ýyllarynda Döwlet Babaýewiç I.Nurýardyýewiñ hem aklananyny eşidip, uýasy bilen ýegeni Saparmyradyñ töhmet belasynyñ egri şyltaklaryndan saplanandygyna diýseñ begenipdir. Soñra ol meniñ bilen gürrüñdeş bolanda şeýle diýdi: - "Men irki döwürde dogrudanam, ol halk duşmany boldumyka? Eger ol halk duşmany bolan bolsa, näme üçin men ony añmadymkam? Ýa-da ol örän ussatlyk bilen onuñ üstüni örtüp bildimikä? diýip pikir edýärdim. Ýöne soñky döwürlerde mende, bütin ýurt, bütin respublika halk duşmanlary bilen zyýankeşlerden doly bolan däldir ahyryn?" diýen pikir döredi. Döwlet Babaýewiç "men näme üçin añmadymkam" diýýär. Eger ol halk duşmany bolmadyk bolsa onuñ nämesini añjak? Nurýagdyýew halk duşmany bolmandy, ol halk duşmanlarynyñ pidasy bolupdy. ______________________________ [1] Şol ýerde, sah. 605. "Şaýatlaryñ" adyny agzamakdan saklanyldy; [2] Şol ýerde, sah. 605; [3] Şol ýerde, sah. 604. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |